Jeýms Joýs
Jeýms Joýs (1882-1941)— Irlandiýanyň beýik ýazyjysy, XX asyryň iň täsirli ýazyjylarynyň biri Jeýms Joýs 1882-nji ýylda, Dublin şäherinde dünýä indi. Maşgalasynyň agyr ýagdaýyna garamazdan, Jeýms örän gowy bilim alypdyr. 1902-nji ýylda ol Dublin uniwersitetini tamamlapdyr. 1900-nji ýylda, Dubliniň «Iki hepdelik maglumatlar» gazetinde Joýsyň ilkinji eseri, Ibseniň «Biz, ölenler, oýananymyzda» atly pýesasyna bagyşlanan esse çap edildi. Şol wagtlar hem Joýs liriki goşgylar ýazyp başlapdyr. 1916-nji ýyldan başlap ýazyjy «Little review» atly amerikan žurnalynda çykyş edýär. 20 ýaşynda Joýs Pariža göçýär. Ol ýerde žurnalist, mugallym we başga-da birnäçe kärlerde işläp görýär.
1914-nji ýylda Joýsyň 15 hekaýadan ybarat «Dublinliler» kitaby neşir edildi. Birinji Jahan urşunyň öňýany ýazyjy Sürihe göçýär, şol ýerde hem «Suratkeşiň ýaşlyk portreti» romanyny tamamlaýar. Bu eser 1916-nji ýylda aýratyn kitap bolup çykýar. Joýsyň ikinji we iň belli «Uliss» romany ilkinji gezek Parižde, 1922-nji ýylda çap edildi. Täze, eksperimental usulda ýazylan bu agyr eser XX asyryň iň naýbaşy eserleriniň biri hasaplanylýar. Bu eserinden soň ýazyjy bütindünýä meşhurlygyny gazanýar. Emma 1939-njy ýylda çap edilen iň soňky romany – «Finneganyň ýasy» okyjylaryň tamasyny ödemeýär.
Ýazyjynyň bu eseri biziň döwrümizde-de edebiýatçy alymlaryň arasynda gyzgyn jedeller döredýär.
Ömrüniň soňunda batyl bolan ýazyjy keseli sebäpli gaty bir öndümli işläp bilmändir. Ikinji Jahan urşy başlananyndan soň Joýs Fransiýadan Sürihe göçüp, şol ýerde hem 1941-nji ýylda dünýäden ötýär.