Italiýa XX asyryň ikinji ýarymynda
Öçür! | |
Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini aýdyň. | |
Sebäp | ensiklopedik makala däl |
Italiýanyň taryhy |
Sahypalar |
Italiýa XI-XV asyrlarda |
Mowzuk : Italiýa XX asyryň ikinji ýarymynda.
M E Ý I L N A M A :
1. Ijinji jahan urşundan soň Italiýanyň syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýy.
2. Italiýa halkara dartgynlygynyň gowşan döwründe (70-nji ýyllar).
3. XX asyryň 80-90-njy ýyllarynda italýan hökümetiniň içeri we daşary syýasaty.
4. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň eýýamynda italiýa-türkmen gatnaşyklary.
Ikinji jahan uruşy Italiýa döwletine uly betbagtlyk we horluk getirdi. Italýan frontlarynda 500 müňe golaý adam heläk boldy, ýarym adanyň ähli ýerlerinde harby hereketler bolanlygy üçin, ýurduň ähli ýerleri diýen ýaly ýumrulypdy. Uruşa Italiýanyň milli baýlygynyň 1/3 bölegi harç edilipdi. Uruş zerarly senagat kärhanalaryň 20%-e golaýy, 90% deňiz ýaka gurluşyklary, 60% gara ýol, 40% polat ýollar weýran edilipdi. 1945-nji ýýlda oba hojalyk önümleri 1938-nji ýyl bilen deňeşdirilende 60% öndrürildi. 1945-1946-njy ýyllarda jan başyna 200 gram çörek berilýärdi. Milli puluň hümmetiniň (lir) aşak gaçmagy ýokary derejä ýetipdi.
Uruş netijesinde 3 mln.-dan gowrak adam ýaşaýyş jaýyndan mahrum boldy. Italiýanyň uly şäherleriniň daş töwereginde hütdüjek jaýlardan düzülen obalar emele gelipdi.
Italiýany iňlis-amerikan goşunlarynyň eýelemegi ýurduň ykdysadyýetini has gowşatdy. Senagat kärhanalarynyň enjamlary, çig-maly, önümleri amerikanlar we iňlisler tarapyndan ýurtdan çykarylýardy.
Italýan ykdysadyýetinde önümçiligiň we kapitalyň bir ýere üýşmegi we merkezleşmegi netijesinde ýurduň 15,8% paýdarlar jemgyýetleriniň elinde paýdarlar kapitalynyň 91,6% jemlenipdi. Olara awtoulag, himiýa energetika, rezin, sement senagat pudaklary degişli boldy. Ýurduň maliýe pudagynda 3 sany iri baklar : Italiýa kommersiýa banky, Italiýa kredit banky we ş.m banky agalyk edýärdi.
Italiýanyň maliýe we senagatynda işewür adamlaryň bolmagy bilen bir hatarda iri mülkdarlar we telekeçiler hem emele gelipdi. Italiýanyň Günortasynda, Sisiliýada we beýleki ýerlerde mülkdarlaryň sany 20-25 müňe töweregi bolup, olaryň elinde ekerançylyk ýerleriniň 10 mln gektardan gowragy jemlenipdi.
Umuman, 2-nji jahan urşundan soň Italiýanyň ykdysady ýagdaýy gaty haýal gowulaşýardy.
Az ýerli, ýersiz daýhanlaryň iri mülk eýelerinden ekilýän ýerleri kärendesine almana mümkinçiligi bardy.
Uruşdan soňlky ýyllarda Italiýanyň syýasy durmuşynda hem özgerişler boldy. Esasan hem bu döwürde Hristian – demokratiýa Watikan bilen gatnaşygy ýola goýup, özüne dine ynanýanlaryň – katolikleriň aglaba bölegini birleşdirýärdi.
Hristian Demokratik partiýanyň maksatnamasyna : ýurduň syýasy gurluşyny demokratiýalaşdyrmak, oblast awtonomiýany girizmek, agrar reformany amala aşyrmak we ş.m. girizildi. 1945-nji ýylyň ahyrynda bu partiýanyň hataryna 1 million golaý adam bardy. Şeýlelikde HDP-sy, kapitalistik partiýa, sosialistik partiýa seredende has güýçli, täsirli partiýa öwrüldi. Liberal partiýa hem bu döwürde, monorhistik respublikany dikeltmek (Kapitalistik häsiýetde däl-de, dünýewi häsiýetde) onuň uly goldawy ýokdy.
Uruşdan soň Italiýada respublikan partiýa hem hereket edip başlandy, ol esasan ownuk bähbitlerine garaýardy. Ol hem demokratik respublikany döretmek boýunça sosial reformalary geçirmegi wezipe edip goýdy. Emma ýurduň syýasy durmuşynda bu döwürde kommunistik we sosialistik partiýalar uly rol oýnaýardy. Kommunistik partiýanyň hatarynda 1,7 mln (1945 ý. ahyry) adam bardy. Onuň ýolbaşçysy P. Tolýatti, Italiýanyň sosialistik partiýanyň hatarynda 1945-nji ýylyň ahyrynda 700000-den gowrak agzasy bardy.
Ýene-de bir partiýa ol hem Hereket partiýasy. Esasan intelgensiýanyň bähbidini goldaýardy. Onuň ýolbaşçysy F. Parri, bu partiýa öňdebaryjy demokratiýa ideýasyny goldap çykyş edýär. Şol maksatnamada demokratiýanyň üsti bilen sosializme tarap hereket etmek göz öňünde tutýardy. Şeýlelik bilen uruşdan soň Italiýada syýasy güýçleriň ýerleşişi şeýledi.
1945-nji ýylda Italiýanyň demirgazygynda häkimiýet Milli azatlyk komitetleriň elindedi., onda kommunistler, sosialistler we hereket partiýasynyň agzalary agdyklyk edýärdi.
Italiýanyň günortasynda Mafiýa hereket edýärdi. 1945-nji ýylyň Oguz aýynyň 21-inde F. Parriniň ýolbaşçylygynda hökümet döredilýär. Onuň düzümine hristian demokratlar, sosialistler we kommunistler girdi. P. Tolýatti partiýanyň hökümeti boýunça demokratik çäreleri, şol agrar gatnaşyklarda dolandyryşda we ş.m. amala aşyrdy. Emma 1945-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda hökümet çökgünligi emele gelip, täzi koalision hereket döredildi.
1946-njy ýylyň Oguz aýynyň 2-sinde italýanlar Dörediji ýygnagyň saýlawlaryny geçirdi hem-de ýurduň döwlet gurluşy meselesindäki referendumyna gatnaşdy.
Netijede respublika üçin 12,7 mln adam ses berdi, Monarhiýa üçin 10,7 mln. Beýle netije ýurduň sosialist-syýasy ýagdaýyň çylşyrymlaşmagyny görkezýärdi. 1946-njy ýylyň Oguz aýynyň 13-inde hristiançylyk – demokratiýanyň lideri Gasperi ilkinji respublikan hökümeti düzdi.
1947-nji ýylyň ahyrynda döredildi. Ýygnak Italýan respublikasynyň konstitisiýasyny makullady. 1948-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-inde Konstitusiýa güýje girdi. Ýurduň wagtlaýyn prezidenti edilip, liberal partiýanyň wekili E de Nikola bellendi.
Konstitusiýa laýýklykda Italiýa zähmete esaslanan respublika diýip yglan edildi. Konstitusiýada hususy eýeçiligi eldegirmezligi, hususy telekeçiligiň erkinligi, halkyň demokratik azatlyklary : guramalaryň, ýygnaklaryň, metbugat şahsyýet erkinligi, madda girizildi. Şonuň ýaly hem konstitusiýada ýer eýeçiliginiň möçberleri, kooperasiýanyň ösüşi we ş.m. madda girdi.
1948-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 18-inde Italýan parlamentine saýlawlar geçirildi, onda köplük sesi (12,7 mln) hristian-demokratik partiýasynyň wekilleri aglaba bölegini eýelediler. Hökümeti ýene-de de Gosleri düzdi. Ol özi liberal partiýadan bolsada HDP-ň respublikasynyň goldawyny tapdy.
1947-1948-50-nji ýyllarda ýurtda dürli reaksion toparlaryň çykyşlary köelip başlady. XX asyryň 50-nji ýyllarynda Italiýada amatly ykdysady ýagdaý emele geldi. Bu döwürde önümçilik her ýylda 10%-n gowrak ösýärdi, oňa esasan kapitalyň täzelenmegi, döwletiň hususy kärhanalarynda kömegi, daşary ýurt kapitalynyň aralaşmagy, ylmy-tehniki täzelikleriň önümçilige ornaşmagy täsir etdi. Şeýle hem 50-nji ýyllarda Italiýanyň ÝeYB-e goşulmagy, onuň daşary söwda dolanyşygyny giňeltdi.
Italiýanyň 50-60-njy ýyllarda ykdysady ösüşiniň häsiýetli aýratynlygy ol hem önümçiligiň we kapitalyň bir-ýere toplanmagy we merkezleşmegi bolup durýardy. Meselem : FIAT awtoulaglar toparynda ýurtdaky öndürilýän awtomobilleriň 80% jemlenipdi. “Montekatini” himiýa senagatynda uly birleşmä, “Edigan” – elektro energetikada, “Oliwetti” elektronikada monopol ýagdaýa geçipdiler. “Pirelli” rezin önümleri konserni halk arasynda ähmiýetli konsern bolup ýetişdi.
Şol bir wagtda Italiýada döwletiň garamagyndaky pudaklar hem ösýärdi. 1957-nji ýylda çoýunyň eredilmeginiň 82%, polat öndürilmeginiň 51%, döwletiň garamagynda nebit we gaz önümleri suwuk ýangyjyň milli jemgyýetiniň kontrollygyndady. Şeýle sebäplere görä 1958-nji ýylda ýurtda ykdysadyýetiň döwlet sektoryna ýolbaşçylyk edýän ministrlik döredildi. Bu çäreleriň hemmesi 50 ýylynyň ahyryna Italiýanyň ykdysadyýetinde otnositel özbaşdaklygy emele getirdi.
Italiýanyň ykdysadyýetiniň uly gerim bilen ösmegi sosial öňe gidişliklere alyp geldi. Esasy hem ýurduň günortasyndaky oba adamlary şäherlere göçüp başlady.
1961-nji ýylda ilçileriň sany 7,6 mln. ýetdi, bu özbaşdak ilatyň 38%-ni tutýardy. Jemgyýetiň sosial strukturasynda intelgensiýanyň, gullukçylaryň, hyzmat ediş (sferasynda) işinde işleýänleriň sany artdy. Şol bir wagtda Italiýada işsizleriň sany hem 2 mln ýetdi, emegrasiýa ösdi. 1945-195-nji ýyllarda daşary ýurtlara 5 mln. gowrak adam göçdi.
XX asyryň 50-60-nji ýyllarynda HDP – ýolbaşçylygyndaky hökümet blogy bilen çepçi güýçleriň arasynda ýiti göreş bolup geçdi. HDP-sy esasan dürli katolik guramalaryna daýanýardy, ondan başgada ony liberal we respublikan partiýalar goldaýardy. Ozüniň häkimiýetini pugtalandyrmak hem-de häkimiýetde toparlary gowşatmak maksady bilen H-D hökümeti 1952-nji ýylyň aýagynda täze saýlaw kanunynyň taslamasyny işläp çykarýar. Şoňa laýyklykda saýlawlarda 50% ses alan deputatlyk ýerleriň 2/3 bölegini eýelemäge halkydy. (Bu HDP özüniň bähbidi üçin gerkdi). Emma ol birnäçe garşylyklara duçar bolup, ol kanun parlamentden geçmedi. Bu ýagdaý HDP abraýyny gaçyrdy hem-de De Gasperiniň 1953-nji ýylyň Alp Arslan aýynda işden gitmegini getirdi.
Italiýada merkeziň syýasy çökgünligi ýüze çykdy. HDP-da çepçi toparyň tarapdarlary artyp, olar hökümet koalisiýasyna sosialistleri we beýleki çepçileri çekmegi çagyrdylar.
1955-nji ýylyň Magtymguly aýynda çepçi akymyň wekili Jowanni Gronki Italiýanyň prezidenti boldy. 50-nji ýyllaryň ahyrynda Italiýada hökümetiň ýygy-ýygydan çalyşmagy zerarly syýasy çökgünlik güýçlenip başlady. Bir-birine garşy duran esasy syýasy güýçleriň durmuksyzlygy emele geldi. Saýlaw netijesinde HD-r 42,4% ses boldy.
Umuman 50-60-njy ýyllary sepgidinde Italiýadaky syýasy göreş esasan hem dürli syýasy partiýalaryň, toparlaryň arasynda bolup, olaryň hem hökümetde beýleki partiýalaryň agdyklyk etmegini gazanmak we hökümetini düzetmekden ybaratdy. 1950-60-njy ýyllarda Italiýanyň zähmetkeşleri, esasan hem işçileri özleriniň durmuşyny gowulandyrmak, parahatçylyk we demokratiýa ugrunda göreşi güýçlendirdiler. Olaryň bu hereketinde profsoýuzlaryň roly uludyr. Esasan hem 1950-nji ýyllarda Italýan zähmetkeş soýuzynyň döredilmegi we oňa sosial demokratiýanyň ýolbaşçylyk etmegi işçileriň ykdysady-sosial talaplaryny kanagatlandyrmak ugrundaky göreşinde uly rol oýnady. 1959 ýylda Italiýadaky iş taşlaýyşlara 5 mln. gowrak adam gatnaşdy.
XX asyryň 50-60-njy ýyllarynda Italiýanyň ykdysady ösüşiniň ýokary depginleri ony ösen ýurtlaryň ilkinjileriniň hataryna ýetirdi. Italiýa senagat önümçiligi boýunça günbatar Ýewropada 4-nji ýere, dünýäde 6-njy ýere çykdy. Ýurduň içerki önümleriniň umumy mukdarynda senagat önümlerini 50%, oba hojalykda 10% düzýärdi.
Emma 70-nji ýyllarda ony çökgünlige getirdi. Ýurduň içindäki ykdysady kynçylyklar italýan hökümetini ýurtlardan karz almaga mejbur etdi. 1973-nji ýylda onuň daşary ýurtlara bergisi 7 mln dollar, 1975-nji ýylda 17 miliard dollara ýetdi. 70 ýyllaryň 2-nji ýarymynda hem italýan ykdysadyýeti durmuksyz häsiýetdedi. Emele gelen ýagdaý, ýagny ykdysadyýetiň çylşyrymlaşmagy sagçy merkez çepçi partiýalaryň arasynda gapma garşylygy güýçlendirdi.
70-nji ýyllarda HDP-ýa ýurduň syýasy durmuşynda öz täsirini ýitirmegi emma ol telekeçileriň, maliýeçileriň we zähmetiň bir böleginde nägilelik döredýärdi.
XX asyryň 70-nji ýyllarynda Italýan zähmetkeşleriniň çepçi partiýanyň uly basyşy netijesinde 1970-nji ýyllarda ähli ýerlerinde welaýat öz-özüňi dolandyryşyň demokratik kanuny kabul edildi. 1974-nji ýylda parlament partiýalary döwlet tarapyndan maliýeleşdirmek hakda kanun kabul etdi.
Şol kanuna laýyklykda partiýalar döwlet serişdelerinde her ýylda 60 mlrd lire çenli pul bölünip berildi.
1976-njy ýylda I-ýarymynda Italiýada hökümet çökgünligi emele geldi. Oguz aýynyň 20-21-inde möhletden öň saýlawlar geçirlip, emma onda HDP-i 38,8 ses alyp, 263 deputatlyk ýer aldy, sosialistler 9,7 ses toplap 57 deputat geçdi.
Saýlawlardan soň Italiýada ýeke partiýalyk hökümet döredildi, ýagny hristian demokratik partiýadan Dž. Andreottn hökümetiň başlyklygyna saýlandy.
Özüniň maksatnamasynda ol çepçi partiýalar egilişik etjekdigini belledi.
1977-nji ýylda italýan hökümeti birnäçe kanunlary ýagny ýaşlara hünärmen bilim bermek we olary işe ýerleşdirmek barada, döwletiň ygtyýarlyklarynyň bir bölegini ýerli häkimiýet organlaryna bermek hakynda; ýaragly güýçleri täzeden guramak hakda, ýagny harby gullukçylara syýasy işi bilen meşgullanmakda mümkinçilik berilýärdi we ş.m.
ISP-ň teklibi bilen 1977-nji ýylyň Oguz aýynda parlament partiýalaryň köpüsi ýakyn 6-12 aý üçin bilelikdäki çäreleriň maksatnamasyny teklip etdi. Onuň esasan, hem demokratik jemgyýetçilik tertibini goramak, milli puluň hümmetiniň aşak gaçmagyny ýeňip geçmek, adamlary iş bilen üpjün etmek döwlet býudžetiniň gytçylygyny kemeltmek ýaşaýyş jaý gurluşygyny giňeltmek we ş.m.
Emma hökümet 6 partiýanyň bilelikdäki maksatnamany ýerine ýetirmäge howlukmaýardy.
Şonuň üçin hem 1978-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynda sosialistler, (hökümet) koministler, respublikançylar partiýalary “adatdan daşary hökümdary” döretmek teklibini öňe sürýär.
Emma ol başa barmaýar. Sebäbi bu döwürde bir tarapdan IKP-ň hatarlarynda agzalalyklar döräp, onuň täsiri gowşap başlaýar, ikinji tarapdan Italiýada ekstromistr, terrorçylyk hereketler güýçlenip başlaýar.
1978-nji ýylyň Magtymguly aýynda terrorçylyk toparlaryň biri hrist.-demokratik partiýanyň başlygy A. Moronyň janyna kast edýärler.
Bu waka ilki bilen parlamentde hem-de ýurtda antikomunistik antisowet kompaniýanyň güýçlenmegine sebäbi bolup geçýän koministler olaryň guramalary günäkärlenýärdi.
Ýurtda ýagdaýyň ýitileşmegi zerarly köpçüligiň çykyşlary syýasy häsiýete geçip başlapdy. 1979-njy ýylyň Oguz aýynda Italýan profsoýuz federasiýasynyň karary bilen umumy Milli iş taşlaýyş geçirildi, oňa 13 mln gowrak adam gatnaşyp işsizligiň soňuna çykmak, nyrhlaryň ýokary galmagyny saklamak, territoriýa garşy netijeli çäreleri geçirmek we ş.m. talaplary öňe sürdüler.
Şol bir wagtyň özünde giň italýan köpçülik halkara wakalaryndan hem habarlydy, olaryň täsir etmegi bilen hökümet parlamentde Çilide Pinoçetiň faşistik düzgüniň ýazgarýan karary kabul edilmegini gazandy. Şeýle hem italýan köpçuligi Ysraýylyň ýakyn gündogarynda basyp alyjylykly syýasatyny ýazgaryp çykyş etdi.
70-nji ýyllarda Italiýa NATO we ÝeYB-de işeňňir agzalarynyň harby çykdajylary köpeltmek maksatnamasyny goldady. Şol ýylyň Ruhnama aýynda harby hyzmatdaşlyk barada 20 ýyl möhleti bilen Italýan-Amerikan şertnamasy baglaşyldy. 1979-njy ýylyň Bitaraplyk aýynda Brýuselde NATO-nyň mejlisinde Italiýa Amerikan ýadro raketalaryny Ýewropada ýerleşdirmek kararyny goldap çykyş etdi.
Şunuň bilen birlikde Italiýa halkara dartgynlygyny gowşatmaklygyna hem kesgitli goşant goşdy. Ol Helsinki maslahatyna gatnaşyp, ondaky kabul edilen möhüm dokumentlere gol çekdi.
1972, 1975, 1979 ýyllarda Italiýa bilen SSSR-iň arasynda birnäçe şertnamalar baglaşylyp, olar esasan hem bu iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady, medeni söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly rol oýnady. Mysal üçin diňe 1979-njy ýylda iki döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygy 2,2 mlrd rubl boldy.
Emma 70-nji ýyllaryň ahyrynda Italiýa hem ABŞ-ň syýasatyna eýerip, halkara dartgynlygyny ýetişdirmek babatynda hereket edip başlady.
Italýan hökümeti 80-nji ýyllaryň başlarynda ýurtda ykdysady kynçylyklara hem duçar boldy. Esasan hem 1980-nji ýylyň ýazynda ýurduň günorta raýonlarynda bolup geçen ýer titremeler, 1000-çe adamlaryň heläk bolmagy, kärhanalaryň uly weýrançylyklara duçar bolmagy. Italiýanyň ykdysady we sosial ýagdaýyny agyrlaşdyrdy.
1983-nji ýylda senagat önümçiligi 9% aşak gaçdy, ilatyň 10% (2,5 mln.) işsizdi.
Hökümet emele gelip ýagdaýdan çykalga gözleýärdi. 1982-nji ýylda zähmet iş hakynyň doňdurylmagy, sosial zerurlyklar üçin çykdajylaryň çäklendirilmeginiň we ş.m. çäreleriň hasabyna iri kompaniýalara döwlet býudžetinden 6 müň mlrd lir ýeňillik krediti berildi.
Emma bu çäreler hem kömek etmedi. Soň hökümet pensiýalary köp çagaly maşgalalara goşmaga pul bermek möçberini azaltdy. Saglygy goraýşa, bilime, döwlet tarapyndan goýberilýän pul serişdesini kemeltdi. Ondan başgada täze salgytlar girizildi, elektrik energiýasyna, ýaşaýyş jaýyna, transport hyzmatyna, telefon, benzine, gaza nyrhlar ýokarlandyryldy. Geçirlen çäreler Italiýada sosial ýagdaýyň ýitileşmegine getirdi. 80-nji ýyllarda ýurduň syýasy ýagdaýy durnuksyz basgançaga geçdi. Ýurtda-da parlamentde-de durnukly topar emele gelmegi Italiýada syýasy durnuksyzlygyň ýüze çykmagynyň esasy sebäplerinden biri hem hökümetiň ýygy-ýygydan çylşyrymlaşmagydy. F. Kossiganyň, A. Faplaniniň hökümetlerinde ýurduň ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmagy başarmady. Ondan başga-da 80-nji ýyllarda terrorçylyk hereketleriniň tolkuny möwç alýardy. Olary esasan awantýuristik toparlar faşistik elemntler ýerine ýetirilýärdi.
1980-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 2-sinde Bolonýe şäherindäki demir ýol wokzalynda bomba partladylyp 84 adam heläk boldy. 200-e golaýy agyr ýaralandy. Hökümetiň terrorçylara garşy çäreleri netijesizdi. 1982-nji ýylyň Gurbansoltan, 1983-nji ýylyň Türkmenbaşy aýlary aralygynda Rimde A. Moronyň öldürilmegi işi boýunça sud prosesi geçdi, onda bu jenaýata reaksiýanyň güýçleriniň hem-de dolandyryjy partiýalaryň käbir ýolbaşçylarynyň eliniň bolandygy subut edildi. 1983-nji ýylyň Oguz aýynda hökümet güýçleri ýurduň 62 prowinsiýasynda gabaw geçirdi we 400 gowrak jenaýatçy tutuldy. Geçirlen barlaglar HDP-ň käbir ýolbaşçylarynyň Sisiliýa Mafiýasy bilen gatnaşygynyň bolanlygyny subut etdi.
1986-njy ýylyň başlarynda Palermoda mafiýa bilen baglanyşykly 500-e golaý jenaýatçylaryň üstünden sud seljermesi bolup geçdi.
Umuman, 80-nji ýyllardaItaliýada bolup geçýän ähli negatiw hadysalaryň düýp sebäbi, ýurduň ykdysady, syýasy durnuksyzlygy hem-de şolaryň döredýän jedelleri netijesindedi.
80-nji ýyllarynda halkara dartgynlygynyň güýçlenmegi Italiýada anti harby hereketiň täze basgançaga göterilmegine getirdi. Genuýade, Modenads we beýleki şäherlerde parahatnçylygyň tarapdarlarynyň ýörişi geçirildi. Olar ýurtda orta aralyga uçýan amerikan raketalarynyň bazasnyň gurluşygyna garşy gönükdrilipdi. Esasan hem 1983-nji ýylyň Sanjar aýynda deputatlar palatasynyň Italiýanyň territoriýasynda Amerikan raketalaryny ýeleşdirmegi razylyk bermegi ýurtda anti harby hereketi has üýçlendirdi. 1986-njy ýylyň Garaşszylyk aýynda Rimde 500 müňden gowrak adam demonstrasiýasy çykdy, olaryň esasy talaplary ýaraglanyşygyň haýdatmagyň bes etmeklige kosmos harbylaşdyrmaga garşy gönükdirilipdi. Energetik, himiýa, maşyn gurluşygy we ş.m. pudaklaryň 350 birleşdirilen ENI kompaniýasy ýa-da IRI (senagat rekonstruk, inst-da) ýaly işden uly senagat konsernlerinde bazara uügunlaşdyrmaga we öz hasabyndaky firmalara doly özbaşädaklyk, bazaryna islegine görä iş prosesini üýtgetmegi meýilnamalaşdyrmak erkinlik berdiler.
Netijede ýurduň ykdysadyýetiniň derejesi gterilip başlandy. 90 ýyllaryň başlarynda Italiýa senagat önüminiň möçberi boýunça dünýäde bäşinji orny eýelemegi, onuň baý ýurtlaryň birine öwrülendigini görkezýär.
Emma syýasy babatda ýagdaý durnukly däldi we çözülmedik düýpli möhüm meseleler saklanyp galýardy. 1987-nji ýylyň Oguz aýyndaky saýlawlaryndan soň Hristian-demokratik partiýa ozalkysy ýaly uly rol oýnaýardy, emma ol hökümeti diňe beýleki partiýalar bilen bilelikde dolandyrylyp bilýärdi. Emma emele gelen köp partiýaly koalision hökümetler hem gysga wagtyň içinde krizise düşýärdi. Şonuň üçin hem tiz-tizden hökümetiň çalşyrylmagy Italiýa üçin däbe öwrülipdi. 90-njy ýyllaryň I-ýarmynda ykdysadyýetiň umumy amatly ösüşine garamazdan, işsizligiň, öýsüz-öwzarlygyň bolmagy, şonuň bilen ýakyndan baglanyşykly immigrantlar problemasy içki meseleleriň iň wajybydy. Italiýada başga ýurtdan gelenleriň sany 100000-den gowrak. (80-nji ýyllaryň ahyry, 90-njy ýyllaryň başlary).