Mazmuna geçiň

Italiýa XVIII-XIX asyrlarda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Italiýanyň taryhy
Sahypalar

Italiýa XI-XV asyrlarda
Italiýa XVI-XVII asyryň birinji ýarymynda
Italiýa XVIII-XIX asyrlarda
Italiýa XX asyryň ikinji ýarymynda

Mowzuk: Italiýa XVIII-XIX asyrlarda

MEỲILNAMA

1. Italiýa XVIII asyrda. XIX asyryň I ýarymynda Italiýanyň ykdysady ösüşi.

2. Apennin ýarym adasy 1848-1849 ýyllarda.

3. Italýan şalygynyň döredilmegi.

Italiýa täze döwre orta asyrlaryň agyr mirasy bilen gadam basdy. Ilki bilen ýurduň dagynyklygy, onuň daşary ýurtlara garaşlylygy hem-de Ỳewropada şol sanda Italiýada agalyk etmek ugrundaky uruşlar (mysal üçin:) 1708-1714 ýylda ispan miraslygy, (1733-1735-nji ýýllarda polýak miraslygy), (1740-1748-nji ýyllarda Amshiýa miraslygy) Apennin ýarym adasynyň ilatyny has agyr ýagdaýa salypdy. Ilki başdaky maýa toplamak, täze gatnasyklaryň ösüşi gaty haýal barýardy. Diňe XVIII asyryň 2-nji ýarymyndan ýagdaý birneme gowulaşyp başlady, ol esasan hem italýan döwletlerinde geçirilen feformalaryň netijesinde-de. Geçirilen çäreler netijesinde maliýe we salgyt ulgamy, ölçegler kadalaşdyryldy, olar bolsa öz gezeginde söwdanyň ösmegi üçin amatly şert döretdi. Emma reformalar italýan döwletleriň orta asyr absolýut dolandyryşyna täsir etmedi. Şeýle bolsada bu döwürde esasan hem Demirgazyk Italiýada söwdanyň senagatyň ösüşi üçin amatly şertler döredilýärdi. Bu döwürde esasan hem öňde-baryjy italýan magaryfçylary täzelenmegiň möhüm şerti hökmünde ýurduň milli garaşsyzlygyny we birligini gazanmakda görýärdiler. Birleşmek hereketi Italiýada 18-nji asyryň ahyrynda başlandy. Şol wagt hem tutuş taryhy döwür, yagny Risorjimento döwri başlandy, ol esasan hem 18 asyryň ahyryndan 1870 ýýla çenli 18 asyryň 90-njy ýylyň 2-nji ýarymyndan Italiýa Fransuzlaryň täsiri ýetip başlaýar. 1796 ýylda N.Banopartyň goşunlary Italiýa çozup gidýär. Ol şol ýerde 1899 ýýla çenli bolýar, 1796 ýýlda kowulýar. Emma 1800 ýylda Italiýa garşy fransuzlaryň täze hüjümi başlanýar, netijede 15 ýýlyň dowamynda ol Napaleonyň gol astynda bolýar. napaleon häkimliginiň derbi-dagyn edilmegi netijesinde Italiýada 19 asyryň başlarynda Awstriýa tabyn edilýär. Awstriýa imperiýasy doly derejede indi italýan döwletlerini dolandyryp başlady. 1831-nji ýýlyň Baýdak aýynyň ahyrynda awstriýa goşunlarynyň Merkezi Italiýa garşy basyp alyjyly hüjümi başlanýar. Nowruz aýynyň 26-y 1831-nji ýýlda Bolonýede Birleşen italýan ýerleriniň wagtlaýyn hökümeti bilen, şol boýunça italiýa doly boýun egdirilýär. Indi Italiýanyň dürli ýerlerinde azat edijilik hereketleri başlanýar. Emma olar üzňe bolýar. olar 1812-1813-nji ýylda Neopolitan şalygynda gozgalaň turuzýardylar, esasan hem Fransiýa, bona-partizme garşy. Ol hereket esasan hem Günorta we Merkezi Italiýada has giň ösýärdi. Emma ol berk däldi. 19 asyryň 30 ýyllarynda ýeke-täk Italiýany döretmek pikirini Genuýaly ýaş ýurist we dilçi Žuzeppe Madzini öňe sürýär, onuň ýolbaşcylarynda “Ỳaş Italiýa” ady bilen demokratik gurama döredilýär. Madziniň pikiriçe ýeke-täk Italiýany döretmek üçin ilki bilen italýan milletiniň jebisligini gazanmaly hem-de IthyAwstriýanyň süteminden azat etmelidi. 19 asyryň 20-nji esasan hem 30-njy ýyllarynda Apennin ýarym adasynyň aýry-aýry ýerlerinde sosial-ykdysady ösüş janlanyp başlady. Esasan hem Demirgazyk Italiýada iri täjirler hojalyklary emele gelip baslady. Ol bolsa öz gezeginde senagatyň kärhanalarynyň Mysal üçin ýüpek, ýüň, nah mata kärhanalaryň döredilmegine getirdi. Şol bir wagtyň özünde bu döwürde ýurtda merkezleşen kärhanalaryň döredilmegi, olaryň tehniki taýdan kämilleşdirilmegi we senagatda ilkinji bolup ulag gulluşygynyň döredilmegi Italiýada XIX asyryň 30-40 ýyllarynda senagat öwrülişiginiň başlanmagyny aňladýardy. Emma ykdysadyýetiň ösüş derejesi Italýanyň dürli ýerlerinde birmeňzeş däldi Mysal üçin täze gatnaşyklar Merkezi we Günorta Italiýa seredeňde Demirgazyk Italiýada has ösüpdi. Sebäbi Italiýa seredeňde Demkratik Italiýada has ösüpdi. Sebäbi orta asyr gatnaşyklary agdyklyk edýär. XIX asyryň 30-njy ýylyň ahyry 40-njy ýylyň başda aram liberallaryň Italiýany dagynyklygy onuň ykdysady ösüşine päsgel berýändigine düşünýärdiler. Şol sebäpden hem aram-liberallar metbugatda, alymlar kongreslerinde, ykdysadyýetiň düýpgöter üýtgedilmegini talap edýärdiler, hakykatda bolsa olar baş syýasy maksady ýagny milli birikdirilmegi isleýärdiler. Esasan hem 1846-njy ýýlyň tomsunda papa tagtyna Piý-9ň çykarylmagy, liberal güýçlerde reformalary geçirmäge ynam döretdi. 1848-1849-njy ýylda Apennin ýarym adasyna güýçli syýasy hereketler başlandy. Oňa jemgyýetiň ähli gatlaklary gatnaşdy, ýagny dworýan, täjirler, talyplar, senetçiler, daýhanlar we ş.m köpçüligiň tolgunyň 1848-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 12-sinde Sişiliýan Merkezi Paler Moda başlanyp, tiz wagtda ol adamyň ähli ýerlerine ýaýraýar. Güýçli söweşlerden soň Napaleon goşunlary adadan çykypgitmäge mejbur bolýarlar. Sisiliýada wagtlaýyn liberal hökümet gelýär. Sisiliýadaky ýagdaýlar tiz wagtyň içinde ýurduň beýleki ýerlerine ýaýraýar. 1848-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 29-da Sa Ferdinana 2 täze ionstitusiýa kab. Etmäge mejbur bolýar, şoňa laýyklykda Sisiliýanyň awtonomiýasy ykrar edilýär we 2 palatongy parlament döredilýär. Şeýle üýtgeşmeler Italiýanyň beýleki ýerlerine ýaýraýar, şonuň üçin hem 1848-nji ýylyň Nowruz aýynda Wenesiýa oblastynda hem güýçli gozgalaň netijesinde Wenesiýa respublikasy döredilýär. Demirgazyk Italiýada hem awstriýanyň zulumyna garşy güýçli hereketler bolup, ol ýerlerden hem awstriýa goşunlary doly kowulyp çykarylýar. Emele gelen ýagdaýda Pylwonylyň şasy Karl Albert, Awstriýa garşy uruş yglan edýär. Ol öz çykyşynda Lambardiýanyň we Wenesiýanyň ilatynyň “3 reňkli italýan baýdagy” astynda uruşa başlaýandygyny nygtaýar. Şeýlelikde 1848-nji ýýlyň Nowruz aýynyň 24-de Alp Arslan aýynyň 8-ne çenli italýanlaryň garaşsyzlyk ugrundaky ilkinji uruşy bolup geçyär. Ahyrynda ol Awstriýa goşunlarynyň ýeňmegi bilen tamamlanýar.

Emma 1849-nji ýýlyň Nowruz aýynyň 20-de italýanlar ýene-de Gabsturglar monarhiýasyna garşy uruş hereketlerine başlaýarlar. Bu gezek hem italýanlar ýeňilýär. Umuman, 1849-njy ýylyň dowamynda Awstriýa, Ispaniýa, Fransiýa goşunlaryň bilelikdäki hereketleri Italiýanyň ähli ýerlerinde ýene-de Awstriýan häkimligini dikelýär. Şeýlelikde ýurdy azat etmek we birleşdirmek işi başa barmaýar. 1848-1849-njy ýylyň rewolýusiýasy ýeňlişe duçar bolýar. Žuzeppe Madzini rewolýusiýanerleriniň watançy demokrat liderleriň biridi.

Žuzeppe Garibaldi-Nissa şäherleriniň käri deňizçi, ilki bilen 1834-nji ýýlda Geruýada gozgalaňa gatnaşýar, ondan soň 10 ýýlyň dowamynda Günorta Amerikada garaşsyzlyk we azatlyk ugrunda herekete gatnaşýar. Ol hem watan ugrunda hörre gatnaşýar. Ol hem watan ugrunda göreşýär. Ol Italiýada monarhiýa dolanjylar bilen şekilip işlemäge-de taýýardy.

XIX asyryň 50 ýylda-da Italiýany birleşdirmek ugrunda göreş dowam etdi. Esasan hem 1850-nji ýemort şalygynyň premýer ministri graf Benzo Kamillo Kawur Lsi Bonobart bilen gizlin duşuşyp Awtrsiýa garşy Fransiýanyň we Italiýanyň bilelikde uruşa başlandygy barada ylalaşýarlar. Awstrýa bilen Pýemontyň başlygynyň sebäbi hem Awstriýanyň hökümetiniň Pýemontyň doly ýaragsyzlanmagyny talap etmegi boldy. Başlanan uruşa Pyemontyň tarapynda Italiýanyň ähli ýerlerinden kömege gelen meýletinçiler bardy. Şol sanda Garibaldiniň ýolbaşçylygyndaky goşun. Awstriýa garşy birleşen italýan güýçleriniň aýgytlaýjy hereketri gidip durka, Fransiýa LB Italiýa dönüklik edip 1859-njy ýylyň Gorkut aýynyň Awtriýa bilen ýaryşyk başlaýar. Şeýlelikde garaşsyzlyk ugrundaky nobatdaky uruş ýene-de ýeňilýär. Emma 1860-njy ýyllarda ýene-de Italiýada garaşsyzlyk we birleşiklik ugrundaky hereket güýçlenip başlýar. Munda Ž.Garold täsiri güýçlenip başlaýar. Sebäbi G-diniň täsiri bilen meýletletiň fondy döredilýär “million ýarag” Gariboltyň ýolbaşçylygynda 1 müň adamdan ybarat goşun bölüme döredilýär. Ol uruş etmegini partizanlyk uruşlaryny edýär. Ilkinji jemi Sisiliýany azat edýär. Onda Garboltyň rewolýusion düzgüni dikeldýär. Şeýlelikde 1861-nji ýýlyň Baýdak aýynda Turinde italýan partiýasynyň mejlisi açylýar we Nowruz aýynyň 14-de Wiktor Emmansil italiýanyň şasy diýip yglan edilýär. Italiýanyň ähli ýerleri diýen ýaly birleşdirilýär. 1866-njy ýýlda Wenesiýa we Rim papa welaýatlaryna goşulýar. Şeýlelikde Rim Italiýanyň paýtagty diýip yglan edilýär. Italiýa tiz wagtyň içinde demokratik möhüm döwletleriň birine öwrülýär.