Iphone 4S 'Apple'

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

iPhone 4S ‘Apple’ kompaniýasy tarapyndan işlenilip düzülen sensor ekranly (has dogrusy ‘maltitaç’ – birbada iki ýa-da ondan köp barmagyň degirilmegine jogap berýän) akylly telefondyr. Bu enjam iPhone-yň bäşinji neslidir. Özünden öňki çykan iPhone 4- den daş görnüşi üýtgeşik bolmasa-da, apparatüpjünçiligi we programma üpjünçiligi ugrundan birnäçe üýtgeşmeler bardyr.Enjamyň köp funksiýalaryny indi ses üsti bilen işledip bolýar. Bu bolsa ulanyjyny käbir ýumuşlar üçin telefona seredip, basmagyndan azat edýär. iPhone 4S ilkinji gezek oktýabraýynyň 4-ine Kaliforniýa ştatynyň Kupertino şäherinde görkezildi.Satuwyň birinji hepdesinde4 milliondan gowrak iPhone 4S satyldy.Ekrany aýnadan edilen we 3.5dýumdyr. Prosessory we ýady: iPhone 4S-de iki ýadroly A5 prosessory goýuldy (iPhone 4- de ýeke ýadroly A4 prosessor). Wagtlaýyn ýat (RAM) edil öňki ýaly 512 mb. Enjamyň içki ýadynyň sygymy 3 görnüşde çykýar: 16 GB, 32 GB we 64 GB. (iPhone 4-de 16 GB we 32 GB). iPhone 4S-iň grafikasyiPhone 4-iňkiden 7 esse güýçlüdir