Injil
INJIL (iňlisçesi gospel) diýmegiň Türkmençe terjimesi Hoş Habar diýmekdir, grek dilindäki Ewangelion sözünden gelip çykandyr.[1] Injil diýip eramyzyň ilkinji asyrlarynda Nasyraly Isanyň durmuşy we taglymaty barada ýazylan kitaplara at berilen. Bu injillerden 10-larçasy bar bolup[1] olaryň iň meşhurlary Täze äht kitabyna girizilen, beýleki ady bilen kanonik injiller, 4 injil bolsa gerek.
Görnüşleri[düzet | çeşmäni düzet]
Kanonik injiller[düzet | çeşmäni düzet]
Täze äht kitabyna girizilen (kanonik injiller) 4 sanydyr. Bu injiller kim tarapyndan ýazylandygy näbellidir[2] we kimdir biri tarapyndan ýazylandygy barada hiç bir esas ýokdur injiller özünde hem taryhy maglumatlarda hem. Täze äht kitabyndaky injiller şulardyr[3]:
Mata injili: 70-100-nji ýyllar arasynda ýazylan, iň ir 70, iň giç 100-nji ýyl.
Markos injili: iki çaklama, 68-73-nji ýyllar aralygynda we 65-70-nji ýyllar aralygynda.
Luka injili: 80-100nji ýyllar aralygynda. Köpler munuň 80-85, 85-nji ýyllar töweregi ýazylandygyny öňe sürýär.
Ýahýa injili: 90-100-nji ýyllar aralygynda. Agdyklyk edýän çaklama görä bu injil dürli eralarda ýazylan, diýmek belli bir wagt ýok.
Kanonik däl injiller[düzet | çeşmäni düzet]
Bulardan hem birnäçesi bardyr, olardan kanonik injiller bilen döwürdeş bolanlary şulardyr(diňe bular bilen çäkli däldir):
1. Passion Narratiwe: 30-60-njy ýyllar arasynda ýazylan. Nazaretli Isa haja çüýlenen wagtlaryna ýakyn wakalary barada gürrüň berýär. Üns çekýän zat, hristýanlaryň ynanýan 4 injilinden hem ir ýazylan. belkäm Nazaretli Isa dirikä ýazga geçirilen ýeke-täk injil
2. "Ýitirilen sözler injili": 40-80-nji ýyllar aralygynda ýazylan. Bu hem Isanyň aýdan zatlary barada. Bu hem iň az 3 ynanylýan injilden has ir ýazylan we beýleki birinden ir ýazylan bolmagam mümkin, deň ýazylan bolmagam mümkin, giç ýazylan bolmagam mümkin.
3. "Aýatlar injili"- ýa-da yşaratlar injili. Nazaretli Isanyň ömür beýany barada. 50-90-njy ýyllar arasynda ýazylan
4. Didaçi: Nazaretli Isanyň 12 şägirdiniň öwredenleri barada, ol 12 şägirt Isanyň taglymatyny öwredendigini pikir etsek bu hem injil diýilse bolar. 50-120 ýyllar arasy.
5. Tomas injili: Tomas Nazaretli Isanyň şägirdi hökmünde görkezilen Isa hakdaky ähli ýazgylarda hem. Isanyň aýdanlary, taglymaty barada. 50-140 ý.
6-7. Oksyrynkýus 840 we 1224: bu 2 injil, soňundaky her belgi bir injil üçin. 50-120 ý. Isanyň ömür beýany, başdan geçirenleri barada.
8. Markosyň gizlin injili: 70-160 ý. Isanyň durmuşy barada, taglymaty barada.
9. Piter injili: Piter hem Täze äht kitabynda Isanyň şägirtlerinden 1-i hökmünde görkezilen. 70-160 ý. Isanyň durmuşy we taglymaty barada.
10. Egerton injili: 70-120 ý. Isanyň durmuşy barada, taglymaty barada,
11. Mara Bar Serapion: Injildir öýdülýär, anyk belli däl ýöne injil bolmagy gaty mümkin. 73-200 ý. Nazaretli Isany ýewreýleriň şasy, gowulyk üçin jan beren şekilde propoganda edýär.
12. Müsürlileriň injili: Ýaradylyş, Hudaýyň ýeri nädip ýaradandygy barada we Nazaretli Isa adamlary günaden, ýerýüzi diýlip bilinýän erbetlikler zyndanyndan halas etjek biri hökmünde wagyz edýär. 80-150 ý.
13. Ybranylaryň injili: Isa dogulmazyndan öňki durmuşy, älem ýaradylmazdan ozal bar bolandygy, baptiz edilmegi, Isanyň Inkarnasiýasy (Ylahy barlykdan, Hudaýlykdan adamlyga geçişi) we dirikä aýdan sözleri, taglymaty barada. 80-150 ý.
14-15. Ebionitler Injili we Nazarenler injili: 100-160 ý. Bular hem injil hökmünde görülýär.
16. How injili: How adam ady hökmünde, How ene ýaly. 100-200 ý.
17. Jeýms'iň gizlin kitaby: Isanyň taglymaty barada, dilden geçen maglumatlary barada. 100-150 ý. Injil hökmünde görlüp biliner. Bu ugurdaky alym Donald Rappe muny öz işleriniň birinde injil hökmünde görkezen.
18. Filip injili: Bu Nazaretli Isanyň taglymaty barada üýtgeşik garaýyş bilen üpjün edýär we bu Magdalenli Merýemiň nukdaýnazaryndan ýazylan. Ýagny, Magdalenli Merýemiň Nazaretli Isa'a garaýşy, oňa nähili düşünişi, pikirlenişi barada. 180-250 ý.
19. Merýem injili: Isanyň ýetginjeklik we ýaşlyk durmuşy barada.
20. Halasgäriň injili: Bu kitap ady Halasgäriň injili,Halasgär kimdigi anyk görkezilmedik, bellenilmedik kitapda. Hristýanlar Nazaretli Isa'a halasgär hökmünde ynanýandygyny gözöňünde tutup bu hem Isa baradadyr öýdülýär. Injil diýip anyk aýdyp bolmaz.
Daşarky çykgytlar[düzet | çeşmäni düzet]
salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]
- ↑ Gadymy hristýan golýazmalaryny jemleýän saýt, gospel atly golýazmalar injillerdir: http://earlychristianwritings.com/
- ↑ Harris, Stephen L., Understanding the Bible. Palo Alto: Mayfield. 1985
- ↑ http://www.turkmenhh.org/kitaplar/taze-aht/