Iller

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Iller derýasy sahypasyndan gönükdirildi)
Iller derýasy

Iller derýasy (gadymky ady Ilargus) Germaniýanyň Bawariýa federal ştatynda ýerleşýär. Ol Dunaý derýasynyň 147 km uzynlykdaky sagkenar goşandydyr.

Ol öz gözbaşyny Awstriýa serhediniň gapdalynda Alp daglarynyň Allgäu sebtindäki Oberstdorfyň golaýjygyndan alyp gaýdýar. Iller derýasy şol ýerden demirgazyk tarapa akyp Sonthofen, Immenstadt hem-de Kempten şäherleriniň içinden geçýär. Ol Memmingeniň golaýyndaky Lautrach bilen Ulmuň aralygynda 50 km çemesi nemes federal ştatlary bolan Bavaria bilen Baden-Württemberg serhedini emele getirýär. Iller derýasy Ulm şäherinde Dunaý derýasyna gelip guýýar.