Ilkidurmuş jemgyýeti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Lasko gowagynda gaýanyň ýüzündäki žiwopis, Fransiýa, takmynan b.e. öň 14-nji müňýyllyk, ýokarky paleolit

Ilkidurmuş jemgyýeti (şeýle hem taryhdan ozalky jemgyýet) — adamzat taryhynda ýazuw oýlanyp tapylýança geçen döwür, ýazuw döränden soň ýazuw çeşmelerini öwrenmeklige esaslanýan taryhy gözlegleri geçirmek mümkinçiligi ýüze çykýar. Taryhdan ozalky diýen termin 19-njy asyrda ulanylyşa girýär. Sözüň giň manysynda, "taryhdan ozalky" diýen söz Älemiň dörän pursadyndan (14 mlrd çemesi ýyl ozal) başlap, tä ýazuw oýlanyp tapylýança bolup geçen islendik döwür üçin, ýöne dar manyda — diňe adamyň taryhdan ozalky geçmişi üçin ulanylýar. Belli bir döwür hakynda döwürdeşler tarapyndan galdyrylan ýazuw çeşmeleri ýokdugy sebäpli, ol hakyndaky maglumatlar arheologiýa, etnologiýa, paleontologiýa, biologiýa, geologiýa, antropologiýa, arheoastronomiýa, palinologiýa ýaly ylymlar arkaly alynýar.