Ibabekir Bekdurdyyev
Ibabekir Bekdurdyýew | |
Doglan senesi we ýeri | Ibabekir Bekdurdyýew 1989-njy ýylyň 7-nji iýuny Aşgabat, Türkmenistan |
---|---|
Käri | Sportsmen |
Dili | Türkmen |
Milleti | Türkmen |
Raýatlygy | Türkmenistan |
Bilimi | Türkmen politehniki institutynyň Nebit we gaz fakulteti |
Ibabekir Annadurdiýewiç Bekdurdyýew (RUS dilinde: Ибабекир Аннадурдыевич Бекдурдыев, IŇLIS dilinde: Ibabekir Bekdurdyyev) 1989-njy ýylda 7-nji iýunynda Aşgabat şäherinde doguldy. Bekdurdyýew orta bilimi Gurbansoltan eje adyndaky 33-nji orta mekdepde alýar. Ol orta mekdebi tamamlap, Türkmen politehniki institutynyň Nebit we gaz fakultetine okuwa girýär. Ol talyp ýyllarynda sportuň dürli görnüşlerine, ylaýtada erkin göreşe we bilýarda uly gyzyklanma bildirýär. Onuň boýy 178sm, agramy 90kg. Ibabekir Bekdurdyýew “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” adynyň hormatly eyesi.
Döwlet sylagy
[düzet | çeşmäni düzet]Döwlet sylaglary
[düzet | çeşmäni düzet]«Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» «Watana bolan söýgüsi üçin medaly»
Kariýerasy
[düzet | çeşmäni düzet]Erkin göreş (2002-2012)
[düzet | çeşmäni düzet]Ibabekir Bekdurdyýew 2002-2012-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan milli çempiony, Master sport toparynda, sportuň erkin göreş ugrunda ýaryşlara gatnaşýar. Ol bu ugurda 2009-2010-2011 ýyllarda has işjeň hereket edýär. Bekdurdyýew bu ugurda Türkmenistan çempionatynyň birinjisi bolup, uly üstünlik gazandy.
Bilýard/Billiard (2002-häzirki wagta çenli)
[düzet | çeşmäni düzet]Ibabekir Bekdurdyýew 2002-2003-nji ýyllarda sportuň bilýard ugruna gyzyklanma bildirip, Türkmenistanyň milli ýygyndysyna agza bolýar. Ol Gruziýada 2017-nji ýylda Ajara Open 2017 ýaryşdy we 3-nji ýere mynasyp boldy. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilen Aziada 2017 ýapyk binalar we söweş sungaty çempionatynda bolsa 1-nji we 3-nji ýerlere mynasyp boldy. Onuň şu wagta çenli sportuň bilýard ugrunda gazanan medallary; erkin piramida-da altyn medal, dinamik piramida-da bürünç medal.
Utuşlary
[düzet | çeşmäni düzet]Netije | Ýyl | Turnament | Soňky garşydaş | Netije |
---|---|---|---|---|
Ýeňiji | 2016/2 | Turkmenische Meisterschaft (Fr. Pyr.) | Türkmenistan Batyr Aşirow | 5:3 |
Ýeňiji | 2017 | Asian IMA Games – Fr. Pyr. | Gazagystan Jernar Tschimbajew | 5:1 |
Ýeňiji | 2020 | Turkmenistan Open | Türkmenistan Begenç Jumagylyjow | 5:2 |
Çeşmeler
[düzet | çeşmäni düzet]- Rus Dilindäki turnamentleriň resultatlary In: tournamentservice.net. Accessed on 20. February 2021 ( Russian ).
- Ibabekir Bekdurdyýew barada rus dilinde In: llb.su. Accessed on 20. February 2021 ( Russian )
- Türkmen topary V Aziýa oýunlarynda umumy sanawda öňdeligi eýeläp gelýärler In: tdh.gov.tm. 2017, archived by original on 22. January 2021; accessed on 20. February 2021 (Turkmen)
- 5th Asian Indoor and Martial Arts Games 2017 – Russian Pyramid Free Style. In: cuesportsindia.com. 2017, accessed on 20. February 2021 ( English ).
- 5th Asian Indoor and Martial Arts Games 2017 – Russian Pyramid Combined Style. In: cuesportsindia.com. 2017, accessed on 20. February 2021 ( English ).