Hulagu
Özünden öň: Suýlihu
Özünden soň: Huýandi
Hanedany: Suýlihu hun hanedanlygy
Kakasy: Suýlihu
Ejesi: (Ýançži)
Aýaly: çžunsýuý-Ýançži 1 (titul)
Çagasy: Ady näbelli ogul, gyzlary
Aýaly: Li Guanli
Höküm sürdi: b.e.öň 96 — b.e.öň. 85
Umumy maglumat
[düzet | çeşmäni düzet]Hulagu ýa-da Huluku şanýuý一miladydan öň 96-njy ýylda atasynyň ýerine tagta geçipdir. Häkimýete geçen wagtlary ady meşhur bolmadyk jigisini tagt mirasdüşeri edip taýyn etse-de ol tiz wagtdan soňra wepat boldy. Häkimýetiniň ilkinji 6 ýyly asuda geçen Hulagu miladydan öňki 90-njy ýylda köne duşmanlary bolan goňşylary Wanku we Wuhuanlardan çynlylara garşy uly goşun toplamakda ýardam bermegi üçin esger isledi. Wuhuanlardan 70.000 esger geldi. Hun şazadasy Çýueçen 30.000 esger bilen, Mantun bolsa 40.000 esger bilen geldi. Şanýuý Altaý daglaryna çekilip söweşe taýynlanmaga başlady. Çyn goşuny Hun döwletiniň içerilerine hereket etdi we ilat garasyny görmän soň yzyna gaýdyp gelýärkä Hun serkerdesi Li Liniň hüjümine sezewar bolup yza çekildi. Hulagu Çyn goşunyny heläk edip Çyn-maçyndan 600 litr şerap, 2 million litr içgi azygy we 100.000 top, ýüpek talap etdi. Imperator oňa jogap bermedi. Hulagunyň ýesiri bolan Li Kuanklinin Hulagunyň gyzy bilen öýlenmegi bilen Şanýunyň ejesiniň hassalygynyň sebäbiniň Li Kuankli bolandygyny oňa aýtdylar. Rowaýata görä şanýuý Hulagu bilen Li Kuankliniň arasyndaky bolup geçen wakalarda Li Kuankli bütin milleti näletläpdir. Hakykatdan-da soňky ýyllar hunlarda her hili mergi keseller köpelip başlapdyr. Şanýuý Hulagu bolsa Li Kuanklinyň mukaddesleşdirilmegini we oňa sežde edilmegini emr etdi. Imperatoyň ölmegi we tagta täze geçen Imperator Çaodiniň döwründe syrkawlan Hulagu oglunyň öleni üçin garyndaşlarynyň we egindeşleriniň teklibi boýunça ýerine jigsiniň ogly Huýandini taýyn etdi.