Horhe Luis Borhes

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Horhe Luis Borhes

(1899-1986)

XX asyr dünýä edebiýatynyň iň beýik ýazyjylarynyň biri hasaplanýan argentin kyssaçy-şahyry Horhe Luis Borhes 1899-njy ýylyň 24-nji awgustynda, Buenos-Aýresde dünýä inýär. Özüniň aýtmagyna görä, ýazyjynyň damarynda ispan, irland, portugal, bask, andaluz, ýewreý, iňlis, norman ganlary aýlanýar. Borhesiň atasy-da ýazyjy eken, emma gözi gapylanyndan soň ol hiç zat döredip bilmändir. Şonuň üçin kiçijik Horhe onuň kesbini dowam etmek kararyna gelipdir.

Geljekki ýazyjy eýýäm alty ýaşynda goşgy ýazyp ugraýar. On ýaşyndaka Oskar Uaýldyň “Bagtly şazada” ertekisini terjime edýär(bu terjimesi “Pais” gazetinde çap edilipdir).

1914-nji ýylda Borhesiň maşgalasy Ýewropa dynç almaga gidýär, emma Birinji Jahan urşy sebäpli, olaryň Argentina gaýtmaklygy agyrlaşýar. 1919-njy ýylyň 31-nji dekabrynda ispan žurnaly “Gresiýada” Borhesiň ilkinji goşgusy çap edilýär. 1921-nji ýylda Argentina dolanyp baranyndan soň, goşgulary bilen häli-şindi çykyş edip ugraýar. Eýýäm şu irki eserlerinde ýazyjynyň hemmetaraplaýyn ylymly, pelsepeçi, söz ussady bolandygyna, awangardizme ýykgyn edendigine göz ýetirýärsiň. Bu döwrüň şygyrlarynyň aglabasy ultraizm akymynyň däbinde döredilipdir. Emma wagtyň geçmegi bilen Borhes şygryýeti goýup, “hyýaly” kyssalar döredip başlaýar.Onuň iň ajaýyp hekaýalarynyň köpüsi “Toslamalar” (1944), “Alef” (1949), “Labirintler” (1960) we “Broudiniň habary” (1971) ýygyndylaryna girizilendir.

1940-njy ýyllarda Borhes ýazyjylar A.B.Kasares hem Silwina Okampo bilen birlikde Fantastiki edebiýatyň antologiýasyny we Argentin şygryýetiniň antologiýasyny taýýarlaýar. Munuň daşyndan hem ussat ýazyjy ýaş zehinleri agtaryp tapmak üçin elinden baryny eden eken. Beýleki dünýä belli argentin ýazyjysy Hulio Kortasaryň ilkinji eseri hem Borhesiň redaktirleýän žurnalynda peýda bolupdyr. 1937-1946-njy ýyllar aralygy Borhes kitaphanaçy bolup işleýär. 1946-njy ýylda Huan Peron häkimlige geleninden soň, ýazyjyny bu wezipeden boşadýarlar, ýöne 1955-nji ýylda oňa Argentinanyň Milli kitaphanasynyň direktory ornuny berýärler, emma bu wagt ýazyjy eýýäm batyl eken. Borhes tä 1973-nji ýyla çenli kitaphana direktory bolup işleýär.

1950-nji ýyllarda Borhes ýene şygryýete dolanyp gelýär. Şahyryň soňky şygyrlary “Dörediji” (1960), “Tümlügiň waspy” (1969) we “Gaplaňlaryň altyny” (1972) ýygyndylarynda ýerleşdirildi. Onuň ömründe soňky çykaran kitaby “Atlas” atly şygyrlar, fantaziýalar hem ýol ýazgylary ýygyndysydyr. Horhe Luis Borhes dünýä edebiýatyna örän uly täsir etdi. Hulio Kortasar, Umberto Eko, Žoze Saramago, Orhan Pamuk ýaly ussat ýazyjylar Borhesi özleriniň halypasy hasap edýärler.

Ýazyjy 1986-njy ýylda, Ženewa şäherinde dünýeden ötdi.