Mazmuna geçiň

Himiki elementleriň periodik ulgamy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Himiki elementleriň periodik ulgamy (Mendeleýewiň tablisasy) — himiki elementleriň dürli häsiýetleriniň atom ýadrosynyň zarýadyna bolan garaşlylygyny kesgitleýän klassifikasiýa. Ol ulgam rus himigi D. I. Mendeleýew tarapyndan 1869-njy ýylda kesgitlenilen periodik kanunyň grafiki taýdan aňladylmagy bolup durýar. Onuň ilkinji warianty 1869—1871-nji ýyllarda D.I. Mendeleýew tarapyndan işlenilip düzülýär we elementleriň häsiýetleriniň olaryň atom agramyna (häzirki ýagdaýda, atom massasyna) bolan garaşlylygy kesgitlenilýär. Periodik ulgamy şekillendirmegiň ýüzlerçe warianty (analitiki egriler, tablisalar, geometrik figuralar we ş.m.) teklip edilipdir. Ulgamyň häzirkizaman wariantynda elementleriň maglumatlary iki ölçegli tablisada berilýär, onda her sütün (topar) esasy fiziki-himiki häsiýetleri kesgitleýär, setirler bolsa, belli bir derejede birek-birege meňzeşlikdäki periodlary görkezýär. Periodik sistemadaky elementleri 5 bölege bölsek, olaryň,takmynan, 4 bölegi metallardyr. Periodik sistemada Bordan Astada çenli dioganal çyzyk geçirenimizde aşakdakylaryň ählisi metal,çyzygyň ýokarsyndakylaryň hem goşmaça toparçasyndakylar metallardyr. Galany bosa metal dallerdir. Metallar periodyň başynda,toparyň bolsa ahyrynda ýerleşýarler, çünki metallar iň daşky elektron gatlagynda 3 ē-dan köp saklamaýar. Metallar gaýtaryjydyrlar. Özleri okislenýärler.Metallar tebigatda oksidler, esaslar, sulfatlar,fosfatlar görnüşinde duş gelýär. Arassa görnüşinde duş gelýän metallar aktiwligi pes metallardyr.

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]