Hanbali mezhebi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ymam Ahmet ibn Hanbalyň dini-hukuk mekdebine eyerijiler. Halyfatda agalyk süren Mutazililer taglymaty inkär edilensoň aralaşan ideya reaksiyasy Hanbalylar mezhebiniň yayramagyna yardam etdi. Tä 14-nji asyra çenli hanbalylar tutuş musulman dünyäsine giňden ýaýrady we jemgiyetçilik durmuşda uly rol oynadylar. 10-njy asyrda hanbalylar Eyranda köpdi. 10-njy asyrdan 15-nji asyra çenli Sibirde we Palestinada hanbalylar mezhebiniň tarapdarlary agdyklyk edipdir. Osmanlylaryň häkimiyete gelmegi bilen hanbalylar mezhebi pese düşyär. Häzirki wagtda olar diňe hyjaz we nejd towereklerde yayrapdyrlar. Ahlu sunned wel jemagat uly imamlaryndan bolan Ahmad ibnu Hanbal esaslandyrýar. Ahlu sunnedin gowy görkezijileriniñ biri we esasy Allah tagala tarapyndan Muhammed sallallahu aleýhi we selleme gelenler bilen hereket etmek, Pygamberimiziñ aýdan ähli zadyna iman etmek, gaýtaran zatlaryndan gaýtmak, bidgatlardan daşda durmagy görkezip bolar.