Ahmed bin Hanbel

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search
Ahmed bin Hanbel
Dogulan wagty we ýeri780-nji ýyl
Bagdat
Aradan çykan wagty we ýeri855-nji ýyl
Bagdat

Ahmed ibn Hanbal, (Arapça: ‏‎‎‎‎‎‎‎‎أحمد بن حنبل‏‎‎‎‏‎‎‎ ‎‎‎‎‎‎‎) (dogluşy: 780-nji ýyl - ýogalyşy 855-nji ýyl) Yslam hukugy boýunça alym we 4 sany mezhebden biri bolan Hanbali mezhebiniň ymamydyr

Hijri 164-nji ýylda Bagdatda doguldy, 241-nji ýylda bolsa, şol ýerde ýogaldy. Ymam Şafiniň okuwçysydyr. "El Musned" atly hadys kitabynda 30 müň hadys bardyr. Yslam döwletiniň serhetleriniň giňemegi we Yslam hukugy meselesinde köpelen soraglar we pikir aýrylyklarynyň ýüze çykmagy bilen, käbir ýerlerde Mukaddes Kurandan daşarda aklyň hem ulanylmagnyň tarapdarlary bolan Mutazilalara garşy çykandyr. Abbasy halyfalary Memun, Mutasym we Wasykyň ynanýan pikirleri we zorluk bilen kabul etdirmäge çalyşýan Kuranyň mahlukdygy (ýaradylandygy) hakyndaky ynanja garşy çykandyr. Şol sebäpli hem birnäçe ýyl zyndanda galandyr. Ynanç meseleleri hakynda “er Red Alez zenadyka wel Jehmiýýa” atly eseri bardyr.