Halat Nebi gubury we gonamçylygy
Halat Nebi gubury we gonamçylygy خالد نبی | |
---|---|
Türkmensähra sebitinde Halat Nebi gubury we gonamçylygy | |
Ýerleşýän ýeri | Marawadepe, Gülistan Welaýaty |
Heýkeltaraş | Näbelli |
Tamamlanan senesi | Näbelli |
Bagyşlanan şahsyýet | Halat Nebi |
Halat Nebi gubury we gonamçylygy — Eýranyň Türkmensähra sebitinde, Kümmet Gowuzyň 90 km. demirgazyk-gündogarynda, Kelala etrabyniň 55 km. demirgazyk-gündogarynda, Marawadepe etrabyna tabyn Geçisu obasynyň 6 km. golaýynda we Aýtemir obasyna ýakyn bir ýerde ýerleşiýär.
Halatnebiniň gubury we ziýaratgasi Gökçedagyň üstündedir we deňizden 700 m. Ýokaryda ýer aýlar. Bu dag Türkmenistanyň serhedindedir.
Ziýarata barmak üçin Kelala-Temirgaraguzi ýolundan gidiler. Halat Nebiniň ýoly daglyk bolany üçin bahar aýlarynda köp sanly Eýran türkmeni tarapyndan ziýarat ediler. Halat Peýgambaryň guburynyň aşagynda Alym baba we Çopan atanyň gubury bardyr. Ol ýakynlarda Hyzyr dişi atly bir çeşme de bardyr. Çeşmäniň ýanynda bir bag bardyr. Türkmen halky hezret Hydyryň o baga dişini sürtendigini aýdar we o bağy mukaddesi diýip dişi agyrýan adamlara onun agajyndan şipa üçin kesip berýär.
Türkmen halk röwaýatlaryna görä Halat Nebi bilen ýaranlary duşmanlarynyň elinden gaçyp bu daga gelerler we duşmanlary olara golaýlanda hemmesi taňrydan daş bolmaklaryny islär. Şeýlelik bilen olar ölüp daş bolar we duşmanlarynyň eline düşmez.
Halatnebi guburynyň golaýynda 600-e golaý gubyr daşy bardyr. Bu daşlar erkek adam we zenanlaryn namys organlaryna meňezşdir we Şamanizm döwründen galýändyr diýip arkeologlar tarapından nigtalar.
Erkeklik organyna meňzeýän birnaçe mazar daşynyň ulylygy 5 metre çenli ýetip barar.
Daşlaryn bir näçeside goç şeklindedir.
Halat Nebi
[düzet | çeşmäni düzet]Halat (Arapça: خالد) ömrü tükenmeýän magnasyndadyr. Nebi de Arapça peýgambar diýmekdir.
Halat Peýgambaryň asyl ady Halat Nebi Gaýt bin Sinan Ebesidir. Özüne değişli yörite dini bolmaýan bu Arap peýgambar hezret Isaniň dini bolan hrystyýanlygy teblig eder. Hezret Halat Nebinin peýgambar bolmagy bilen hezret Muhammediň dogmagynyň arasynda 40 ýyl ara bardyr.
Meskin Gylyç da goşgularynyň birinde Halat Nebini “Belent ýerde ýatan bir peýgambar” diýip ýatlar.
James Farser 1838-nji ýylda neşir eden kitabynda bu ýerde Göklen Türkmenleriniň aradan çykan atalaryny jaýlaýandygyny ýazýar.
Arkeolog David stronach bolsa 1981-nji ýylda iňlis dilinde çykan Iran atly jurnalda bu gonamçylyk barada “Etrek sebitinde dik duran daşlar” atly bir makala ýazar.
Çeşme
[düzet | çeşmäni düzet]- A’lam-i Zerkeli Kitaby, 1-nji J., 284-nji sayha
- Nasyh-ut tewaryh kitaby
- Halat Nebi Pazylatnama sy, Abdyljelil Ahun Japarbaý