Mazmuna geçiň

Hajy Ysmaýylow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Hajy Ysmaýylow (1913, Bagyr6 oktýabr, 1948, Aşgabat) — türkmen ýazyjysy we terjimeçisi.


Hajy Ysmaýylow


Ýazyjynyň ady we familiýasy: Hajy Ysmaýylow


Doglan ýeri: Aşgabat şäheriniň Bagyr obasy


Doglan senesi: 1913


Aradan çykan senesi: 1948


Bilimi: Moskwada Türkmen magaryfy instituty


Gysgaça maglumat

[düzet | çeşmäni düzet]

1929-njy ýylda Aşgabada gelip, okuwyny Komintern adyndaky 1-nji rus orta mekdebinde dowam etdirýär. Hajy dürli gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda terjimeçi bolup işleýär. Hajy Ysmaýylow 1941-nji ýylyň ahyrynda fronrta gidip, faşistik basybalyjylara garşy söweşip, 1943-nji ýylyň başlarynda agyr ýaralanýar hem-de çep goluny aldyryp, Aşgabada dolanyp gelýär. Ol Türkmen döwlet neşirýatynda işleýär, edebi döredijilik işine başlaýar. Rus hem daşary ýurt ýazyjylarynyň eserleriniň birnäçesini türkmen diline terjime edýär. Hajy Ysmaýylow çagalar hem ýetginjekler prozasyny esaslandyrjylaryň biri. Onuň “iki atanyň bir ogly” (1946), “Bäsdeşler”, “Mugallymyň gyzy” (1947) powestleri özüniň çeperçilik gymmatyny henize çenli ýitirenok. Hajy Ysmaýylow 1948-nji ýylda Aşgabat ýer titremesinde wepat bolýar.

Terjimehaly

[düzet | çeşmäni düzet]

Hajy Ysmaýylow 1913-nji ýylda Aşgabat saherinin Bagyr obasynda din wekiliniň maşgalasynda dogulýar. Ol köne mekdepde ýedi ýyl okaýar. 1926-njy ýylda Moskwa gidip, türkmenler üçin ýöriteleşdirilen «Dompros» («Magaryf öýi») diýen okuw jaýynda 1929-njy ýyla çenli okaýar. 1930-njy ýylda Aşgabatdaky Komintern adyndaky mekdebe girip, ony 1931-nji ýylda tamamlaýar. 1930-njy ýyldan başlap suw edarasynda terjimeçi bolup işläp başlaýar.

Ýazyjynyň öz eli bilen ýazan terjimehalynda şeýle ýazgylar bar:

«Meniň ilkinji goşgularym we kiçijik hekaýalarym 1929―1931-nji ýyllarda gazetlerde çap edildi. Mekdebi tamamlalym bäri dürli edaralarda terjimeçi bolup yzygiderli işledim. 1935-nji ýyldan «Kolhoznyý aktiwist» žurnalynda, «Sowet Türkmenistany» gazetinde, Dil we Edebiýat institutynda işledim. Häzirki döwürde Türkmen döwlet neşirýatynda zähmet çekýärin. Meniň ilkinji terjimäm M. Pawlenkonyň «Çöl» diýen eseridir. Şondan soň birnäçe okuw kitaplaryny hem hrestomatiýalary terjime etdim. Soň Turgenýewiň «Awçynyň hatlary», L. Tolstoýyň «Kazaklar», W. Gýugonyň «93-nji ýyl», P. Skosyrewiň «Siziň sadyk guluňyz» diýen eserlerini türkmençä geçirdim.

1936-njy ýyldan bäri seýregrägem bolsa kiçijik hekaýalar we terjime barada makalalar ýazýaryn.

26. X. 40 ý».

1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabat ýertitremesinde wepat boldy.

Zehinli ýazyjy, ezber terjimeçi Hajy Ysmaýylowa türkmen edebiýatynyň öňünde bitiren hyzmatlary, ýokary hünär ussatlygy üçin, aradan çykandan soň, Garaşsyzlyk ýyllarynda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at dakyldy.

Käbir eserleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Çeşme: Edebiýat. umumy orta bilim berýän mekdepleriň 7-nji synpy üçin okuw kitaby.-A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016 sahypa-203-204

Taýýarlan: Aýlar Nurmuhammedowa

Çeşmesi: https://www.atavatan-turkmenistan.com/hajy-ysmayylow-2/. 19.05.2022ý.