Mazmuna geçiň

Gyzlar dünýäsi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa


GYZLAR DÜNÝÄSI ”GYZLAR DÜNÝÄSI” ilkinji gezek 1927-nji ýylda ”Türkmenistan” gazetinde çap edilýär. Şondan bir ýyl soñ özbaşdak kitap bolup çykýar. Poemanyñ teksti Nurmuhammet Aşyrpuryñ 1980-nji ýylda Eýranyñ Kümmet-Kowus şäherinde çap edilen kitabyndan alyndy.

Arap-pars elipbiýinden latyn elipbiýine geçiren:
Alieh Şamdan

GYZLAR DÜNÝÄSI

Öñ zamanlar bardy şeýle bir wagyr:
”Añsadyna bakan aýal gyz dogyr”

Bu pikir gelýärdi örän uzakdan,
Aýal-gyzy hiç çykarman duzakdan.

Diýseñ: ”Gyzy boldy planyñ, äheý!”
”Ola bolmandyr-ow – diýerler – päheý!”

Gyz kişiniñ maşgalasy ahyry,
Adam hasap etmezler ol pahyry.

Gyz ýurt goramaz, busar oturar,
Abraý däl, käte ysnat getirer.

Gyzdan yurt eýesi ýa nesil bolmaz
Gyzly uzak gülmez, ogully ölmez!

Oguldyr atanyñ arka daýanjy,
Gyz dörän gününden alada, ynjy…

Şeýle wagyzlardan gulak ganansoñ,
Erbet nysak hakykata dönensoñ,

Eşidende atasy ”göbek kes” sözün
Igenç bilen aýdar: kesiñ bogazyn.

yzyny oka>> http://www.turkmens.com/sairler/Berdi_KERBABAEV.html Archived 2006-12-31 at the Wayback Machine