Mazmuna geçiň

Gurbanmämmet Mollaniýazow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Terjimehaly

[düzet | çeşmäni düzet]

Gurbanmämmet Mollaniýazow 1947-nji ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde doguldy.

1963-nji ýylda Nebitdagyň nebitçilik tehnikumyna okuwa girdi we 1967-nji ýylda tehnik-gurallayjy hünäri boýunça okuwyny tamamlady. 1966-njy ýylda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň “Burnebitgaz” trestiniň buraw-agtaryş edarasynda burawlaýjynyň kömekçisi bolup zähmet ýoluna başlady.

1967-1969-njy ýyllarda harby gullukda boldy.

1969-1973-nji ýyllarda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň Gaz edarasynda gaz işleri boýunça abatlaýjy, “Türkmennebit” Döwlet konserniniň “Burnebitgaz” trestiniň elektrik bilen burawlamak eksperimental edarasynda burawlaýjynyň kömekçisi, “Nebitgazylmytaslama” institutynda nebitpromysel geologiýasy institutynyň laboratoriýasynyň uly tehnigi, “Türkmennebit” Döwlet konserniniň nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň maşinisti bolup işledi.

1973-1991-nji ýyllarda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň “Nebitdagnebit” nebitgaz çykaryş müdirliginde dürli wezipelerde, şol sanda guýulary ýerasty we düýpli abatlaýan sehiniň burawlaýjysy, guýulary düýpli abatlaýan sehiniň burawlaýjysy, ussasy, çylşyrymly işler boýunça ussasy, guýulary düýpli abatlaýan ussa bolup işledi.

1990-njy ýylda Türkmen politehniki institutynyň Balkanabatdaky bölümine okuwa girdi we ony 1995-nji ýylda “Nebit we gaz ýataklaryny işläp taýýarlamak hem-de ulanmak” hünäri boýunça tamamlady.

1991-2000-nji ýyllar aralygynda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň birliklerinde dürli wezipede, “Nebitdagnebit” nebitgaz çykaryş müdirliginde guýulary düýpli abatlaýyş sehiniň başlygy, soňra guýulary düýpli abatlaýan dolandyryş edarasynyň Barsagelmez sehiniň başlygy, 2000-2010-njy ýyllarda guýulary düýpli abatlaýan dolandyryş edarasynyň merkezi inžener-tehniki gullugynyň başlygy, baş inženeri, başlygyň wezipesini ýerine ýetiriji, “Nebitgazdüýpliabatlaýyş” trestiniň Barsagelmez guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji, başlygy wezipelerinde işledi.

2010-njy ýyldan bäri “Türkmennebit” Döwlet konserniniň “Nebitgazdüýpliabatlaýyş” trestiniň dolandyryjysy wezipesinde işleýär.

“Watana bolan söýgüsi üçin” medaly hem-de “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” ýubileý medaly bilen sylaglandy.

Maşgalaly, iki çagasy bar.