Gurbangeldi Ahunber
Gurbangeldi Ahunber Eýran Türkmenleriniň at gazanan şahyrlaryndan biridir.
1946-njy ýylda garyplykda Kümmet Gowuzda eneden doglan we garyplykda da aradan çykan şahyr Türkmensähra şahyrlarynyn arasynda iň duýguly şahyrlardan biridir.
2005-nji ýylyň fevral aýynyň 26-synda aradan çykan şahyr Kümmet Gowuzda jaýlanar.
Şahyryň bir şygry: Goşgym
[düzet | çeşmäni düzet]Goşgym göz ýaşymdan ganyp joşmasa
Bagrymyň ýarasyna melhem goşmasa
Goşgym bir arassa yşga düşmese
Men o goşga goşgy diýebilmerin
Goşgym damar ganym bilen akmasa
Galbymyň heňine düşmän bakmasa
Ýa-da meňli şirin gyzy ýakmasa
Ýok ol goşga goşgy diýebilmerin
Şygrym ilim bilen deň ağlamasa
Şygrym gerek ýerde wagt çaglamasa
Gala dek ganyma ýol baglamasa
Men ol goşga goşgy diýe bilmerin
Gerek wagty Hyzyr dek ýetişmese
Zalyma garşylap ok atyşmasa
Ýetime garyba gol gatyşmasa
Men ol goşga goşgy diýebilmerin
Toýumda şat, ýasda gara giýmese
Garradyň diýip garrylygy söýmese
Ölime dirime gadyr goýmasa
Ýok ol goşga goşgy diýebilmerin
Mawy asmanyň ýyldyzyça bolmasa
Ýandak başy ýansa ýanyp solmasa
Durnalary asyl ýada salmasa
Men ol goşga goşgy diýebilmerin
Goşgym sen polatdan gaty bolmaly
Goşgym sen gylyçdan ýiti bolmaly
Bagrymyň gany hem eti bolmaly
Ýogsa saňa goşgy diýebilmerin