Gubaseňňir burny

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Gubaseňňir burny, taryhy ýadygärliklere ýer eýeçiligi etmek bilen tanalan bir sebitdir. Ol ýadygärlikleriň esasylarynyň biri hem 《zergärçilik》ussahanasydyr. Bu ussahana Gubaseňňir burnunyň gaýaly belentliginiň düýbünden tapyldy. Gubaseňňir burnundan tapylan monjuklar ýüzlerçe km. uzaklykdan, Jeýtunyň ýanyndaky gadymy oturymly ýerlerden hem tapyldy. Şolar ýaly monjuklar Uzboýda, Sarygamyş ýakasyndaky gadymy mekanlarda hem bar eken. Bu meňzeş tapyndylar şol döwürde taýpalaryň arasynda belli bir derejede aragatnaşyklaryň bolandygyna güwä geçýär. Şeýlelikde, bu döwürde özara taýpa gatnaşyklary bir urugyň çäginden çykyp, uzakdaky taýpalary hem öz içine alypdyr. Eneolit döwrüne degişli dürli görnüşdäki monjuklar we asyklar, şaý-sepler gadymy mazarlardan hem tapylypdyr.