Gorag statusy
Jump to navigation
Jump to search
Planetalar[çeşmäni düzet]
- Ýer — ru:Земля
- Ýupiter — ru:Юпитер
- Mars — ru:Марс
- Merkuriý — ru:Меркурий
- Neptun — ru:Нептун
- Saturn — ru:Сатурн
- Uran (planeta) — ru:Уран (планета)
- Wenera — ru:Венера
Biologik görnüşiň gorag statusy — görnüşiň häzirki wagtdaky saklanyşynyň we geljekde saklanyp galmak ähtimallygynyň görkezijisi. Gorag statusyna baha berlende köp faktorlara üns berilýär: görnüşiň diňe bir galan sanyna däl-de, eýsem wagtyň geçmegi bilen populýasiýanyň sanynyň jemi köpelmegi ýa-da azalmagy, seleksiýanyň üstünlikli bolmagy, mälim howplar we ş.m. göz öňünde tutulýar.
Global ulgamlar[düzet | çeşmäni düzet]
Gorag statuslarynyň reýtingli iň meşhur sanawy Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň (TGHB) Gyzyl kitaby bolup durýar. Ol sanawda, hem ýokaryda görkezilen ýörelgeleriň esasynda, hem-de her bir görnüşiň öz aýratynlyklary göz öňünde tutulyp kesgitlenen dokuz sany gorag kategoriýasy bar:
- Ýitip gidenler (iňl. Extinct, EX)
- Ýabany tebigatda ýitip gidenler (iňl. Extinct in the Wild, EW)
- Ýiti howp astyndakylar (iňl. Critically Endangered, CR)
- Howp astyndakylar (iňl. Endangered, EN)
- Ynjyk ýagdaýdakylar (iňl. Vulnerable, VU)
- Goramak boýunça tagallalara baglylar (iňl. Conservation Dependent, CD)
- Ynjyk ýagdaýa ýakynlar (iňl. Near Threatened, NT)
- Iň pes howp astyndakylar (iňl. Least Concern, LC)
- Ýeterlik maglumaty ýok (iňl. Data Deficient, DD)
- Howpuna baha berilmedikler (iňl. Not Evaluated, NE)