Google Play
Google Play (ozal Android Market) – Google tarapyndan işlenip taýýarlanan we ulanylýan goşundylardan, oýunlardan, filmlerden, telewizion programmalaryndan sanly dellalçylyk hyzmaty bolup durýan Android platformasy üçin goşundylaryň resmi dükany.[1]
Taryhy[düzet | çeşmäni düzet]
2012-nji ýylyň 6-njy martynda Google Play Android Market portalynyň rebrendinginiň netijesi boldy we Android Market, Google Music we Google eBooks ýaly brendleri özünde jemleýär.[2][3] Şeýle hem, 2012-nji ýylyň martynda goşundynyň iň ýokary elýeter bolan ölçegi ýokarlandyryldy, bu hem, goşundyny işläp düzüjilere umumy agyrlykda 4 gigabaýt berdi.[4]
2013-nji ýylyň martynda Play Store-dan mahabatlandyrmany bekleýän goşundy bilen göreş başlandy.[5]
2014-nji ýylyň maýynda PayPal kömegi bilen tölemek mümkin boldy.[6]
2015-nji ýylda Google zyýan göteriji goşundylaryna degişlilikde her günde 6 milliard sargytlary skanerläp başlady.[7]
2016-njy ýylyň martynda Google Play Games bölüminde oýun bilen tanyşmak funksiýasy elýeter boldy. Islendik ulanyjy goşundyny goýberip we brauzeriň üsti bilen 10 minut oýnap bilýär. Synag nusgasyny ýüklemek we gurnamak talap edilmeýär.[8]
2017-nji ýylyň iýulynda Google Play Protect antiwirusy döredildi.[9]
2018-nji ýylyň iýulynda Google Play maýning kriptowalýuta üçin goşundylary ýerleşdirmegi gadagan etdi. Bu ýagdaýda kriptogapjyklaryna rugsat berildi.[10]
2020-nji ýylda Google Play “Mugallymlara rugsat berildi” atly täze çagalar üçin bölümi goşdy. Bu ýere has ýokary standartlara laýyk gelýän we mugallymlar tarapyndan makullanylan goşundylar girýär.[11]
Goşundylar[düzet | çeşmäni düzet]
2020-nji ýylyň oktýabrynda Google Play 3,026,104 goşundylary, şol sanda oýunlar ýerleşdirildi.[12] Google Plaý-de goşundylaryň jemi 34 topary bar. Google TV heniz diňe ABŞ elýeter.
Türkmenistanda Google Play Movies topary elýeter.[13]
Android üçin goşundylar gurluşa bolan kesgitli rugsatlary, şol sanda beden datçigine, senenama, kamera, aragatnaşyklara, ýerleşýän ýerine, mikrofona, telefona, SMS habarlaryna, maglumat binýadyna, WI-FI bolan ygtyýarlygy we Google hasaba alyş ýazgylaryna bolan ygtyýarlygy sorap we talap edip bilýär.[14]
Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]
- ↑ "Find the Google Play Store app". Support Google.
- ↑ "Google adds music and books to Android Market". Financial Times.
- ↑ "Google announces Android Market for phone apps". C Net.
- ↑ "Google Increases App Size Limit on Android Market to 4GB". Android Authority.
- ↑ "Google Has Started Removing Ad Blockers from the Play Store". Lifehacker.
- ↑ "Программа Google Play Protect сделает безопаснее устройства Android". Fan Android.
- ↑ "Malware watchdog: Here’s what Google does to keep Android devices uninfected". Digital Trends.
- ↑ "Google Play позволит опробовать игры без загрузки". Android Lime.
- ↑ "Программа Google Play Protect сделает безопаснее устройства Android". Fan Android.
- ↑ "В Google Play произвели масштабную зачистку сомнительных приложений". Актуальные Новости.
- ↑ "Google Play adds a new Teacher Approved section". AndroidOut.
- ↑ "Number of Android apps on Google Play". AppBrain.
- ↑ "Country availability for Google Play apps & digital content". Support Google.
- ↑ "Control your app permissions on Android 6.0 & up". Support Google.
Daşary çykgytlar[düzet | çeşmäni düzet]
![]() |
Wikimedia Commonsda Google Play bilen bagly medýa faýllary tapyp bilersiňiz. |