Mazmuna geçiň

Gomer

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Gomer (William Bouguereau, 1874)

Gomer

Gomeriň hakykatdan-da ýaşap geçen şahs bolandygy barada biziň döwrümize anyk maglumat gelip ýetmändir. Şonda-da onuň gadymy döwürde ýazylan birnäçe terjimehaly bar. Olardan Gerodotyň, Plutarhyň, Pawsaniniň we beýleki taryhçylaryň ýazanlary biziň zamanymyza çenli saklanyp galypdyr, ýöne olar hem köplenç rowaýata çalym edýär.

Gadymyýetde Gomer miladydan öňki XII (Troýa urşy döwri) ― VII asyrlar aralykda ýaşapdyr diýlip hasaplanypdyr. Alymlaryň soňky döwürde geçiren dürli seljermeleri «Gomer miladydan öňki VIII asyrda ýaşan bolmaly» diýip çaklamaga esas berýär.

Şol döwürde ýedi şäher ― Smirna, Hios, Kolofon, Salamin, Rodos, Argos we Afiny Gomeriň dogduk mekany diýen hormatly ady götermek ugrunda öz arasynda bäsdeşlik edipdir. Gerodot bilen Pawsaniniň ýazmagyna görä, Gomer Ios adasynda dünýäden ötüpdir.

Has irki döwürlerde Gomeri kör hasap edipdirler. Emma bu maglumat şübheli hasaplanýar. Şu ýerde adamzadyň ýene-de bir geň aýratynlygy barada aýdyp geçmäge esas bar, ýagny antik döwürde dana, akyldar, şahyr adamlar, köplenç, kör edilip şekillendiriler eken.

«Gomer» sözüniň manysyny käbir alym «gul», käsi «kör», käbiri-de «şahyr» diýip terjime edýär. Ýöne ioniýa şiwesinde «Omirus» görnüşde aýdylýan bu sözüň adaty adam ady hökmünde ulanylan bolmagy-da ähtimal. Gadymy grekleriň özleri-de ýazyjynyň adyny birinji bogna, ýagny, «o» harpyna bat berip ulansalar-da, biziň döwrümizde bu at bütin dünýäde latyn dilinde bolşy ýaly, ikinji bogna bat berlip aýdylýan «Gome:r» görnüşinde bellidir.

Eposlaryň döreýşi babatda edebiýat dünýäsinde birnäçe asyr bäri jedel dowam edýär. Nemes alymy Fridrih Wolfuň pikirine görä, bular ýaly uly eserleriň heniz ýazuwyň oýlanyp tapylmadyk döwründe ýüze çykmagy mümkin däl. Olar dürli döwürlerde dürli şahyrlar tarapyndan döredilip, dilden-dile geçip, Pisistrat döwründe, ýagny miladydan öňki VII asyrda bitewi eser görnüşde jemlenilip ýazylyp alnan aýry-aýry eserlerden ybarat bolmaly. Bu alymyň tarapdarlaryna «analitikler» (grekçe «analysis» ― parçalara bölmek) diýilýär. Olaryň garşydaşlary, «unitariler» (latynça «unitas» ― bitewülik) bolsa, eposlaryň diňe ýeke-täk ýazarynyň bolandygyny subut etmek üçin, eserleriň bir bitewüligine, beýan ediş aýratynlygyna salgylanýar. Unitarileriň arasynda Gýote, Foss, Şiller, Gegel, Puşkin, Žukowskiý, Gnediç we beýleki beýik ýazyjy-şahyrlar we alymlar bar.

«Iliada» we «Odisseýa» epiki poemalar gekzametr şygyr usulynda ýazylan we her biri ýigrimi dört aýdymdan (bölümden) ybarat eserdir.

«Iliadada» Troýanyň gabawynyň, Troýa urşunyň iň soňky, onunjy ýylynda bolup geçen wakalar barada gürrüň berilýär. Şondan öň bolup geçen wakalar, ýagny Parisiň Ýelenany alyp gaçmagy, grekleriň Agamemnonyň baştutanlygynda Troýa goşun çekip gelmegi, şäheriň basylyp alynmagy, eposda ady geçýän Agamemnon, Menelaý, Ahilles, Aýaks, Odisseý, Idomeneý, Diomed, Nestor ýaly serdarlar, Troýanyň hökümdary Priam, onuň ogullary Gektor we Paris eserde okyja eýýäm belli wakalar we tanyş şahslar edilip görkezilýär.

Eposyň başy gadymy greklerde Ylham ylahysy hasaplanan Muza mynajat etmek we Ahillesiň gazaby beýan edilýän sözler bilen başlanyp, Gektoryň jaýlanmagy bilen tamamlanýar. Bu ikarada ýyldyrym tizliginde birentek dartgynly waka bolup geçýär, Gomer olaryň ählisini ýokary çeperçilik we taýsyz ussatlyk bilen beýan edýär.

XIX asyryň ortalaryna çenli Troýa baradaky ähli maglumatlar rowaýat hasaplanýardy. Emma arheolog Genrih Şlimanyň Türkiýede, Gyssarlyk atly baýyrlykda geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bu gadymy şäheriň haraba galyndylary tapyldy. Gomeriň «Iliadasyny» karta hökmünde peýdalanmagy Şlimanyň tagallalarynyň rowaç almagyna köp ýardam edipdir.

«Odisseýa» epiki poemasynda bolsa «Iliadanyň» esasy gahrymanlarynyň biri, Itakanyň hökümdary, mekirligi, ugurtapyjylygy we gaýduwsyzlygy bilen özüni tanadan Odisseýiň Troýa urşundan soň watanyna dolanyp barýarka başyndan geçirýän wakalary hem-de onuň Itakada garaşýan aýaly Penelopanyň gören hupbatlary suratlandyrylýar. Eseriň esasy wakalary Odisseýiň öz adyndan gürrüň berilýar. «Odisseýa» eposy-da gekzametr ölçegi bilen ýazylan.

Tanymal rus kinorežissýory A. Mihalkow ― Konçalowskiniň 1997-nji ýylda surata düşüren çeper telewizion filmi örän köp adama «Odisseýanyň» özüne çekiji wakalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. «Iliada» eposy esasynda bolsa «Troýa» atly belli film surata düşürildi we dünýäniň ähli künjeklerinde ýaşlaryň söýgüsini gazandy. Gomeriň beýik eserleri bu gün bütin dünýäde dürli derejeli mekdepleriň okuw meýilnamalaryna goşuldy, ýöne okuwçylaryň we talyplaryň köpüsi 15700 setirden ybarat «Iliadany» we ondan sähelçe gysga «Odisseýany» okamaga ýaltanyp, agzalan filmleri görüp oňaýýar. Ýöne «Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýlişi ýaly, olar bu ajaýyp eserleri okanlara miýesser bolan ýatdan çykmajak lezzetden özleriniň mahrum bolýandygyny bilmeýän bolsalar gerek. Bu poemalardan başga Gomer birnäçe gimniň we «Margit» poemasynyň hem ýazary hasaplanýardy. Emma alymlaryň köpüsi bu eserler has soň döräpdir diýen takyk netijä gelenden soň, bu mesele öz çözgüdini tapdy.

Gomeriň täsirini tutuş dünýä edebiýatynyň taryhynda görmek bolýar. Wergiliý öz «Eneida» poemasyny döredende, Gomeriň eserlerinden ugur alypdyr. Dante Aligýeri «Ylahy komediýasynda» Gomeri dowzahyň birinji aýlawynda, ýagny hristianlyk heniz ýaýylmanka ýaşan oňat adamlaryň arasynda görkezipdir. Mundan başga-da Owidiý, Katull, Gorasiý, Lýudowiko Ariosto, Torkwato Tasso, Milton, Lessing, Gýote, Şiller, Žukowskiý, Puşkin, Lew Tolstoý, «Uliss» romanyny ýazan Jeýms Joýs we ençeme beýleki ýazyjylaryň eserlerinde Gomeriň täsiri has äşgär duýulýar. Gýote hatda «Iliadanyň» wakalar ýordumyndan peýdalanyp, «Ahillaida» atly eposy ýazmak küýünde hem bolupdyr.


«Dünýä edebiýaty» žurnalyndan.