Giýaseddin sähnä

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Eýranyň at gazanan woleýbolçylaryndan biri bolan Giýaseddin Sähnä 1963-nji ýylda Türkmensähranyň Akgala şäherinde dünýa geldi.

Eýranyň milli woleýbol topary ýygyndysynda oýnan Giýaseddin Bonýad Şehit atly topar bilen 1989-nji ýylda Asia woleýbol oýunlarynda iň gowy sportsmen hökmünde saýpanypdy.

Kümmet Gowuzyň Neopan atly topary bilen birlikde Bank Melli we Bargh toparynda da oýnan Giýaseddin sähnä Gülistan welaýatynyn woleýbol toparyniň tälimçisi hökmünde Gilan welaýatyndan öz ulagy bilen Türkmensähra gaýdyýarka ulagy ýandy.

Ulagyň içindäki Türkmensähranyň at gazanan tälimçisi Hoşgeldi sähnä bilen Eýranyň ýaşlar milli woleýbol topary ýygyndysynda oýanaýan Mekaýil Ýolma-da aradan çykdy.

Giýaseddin sähnä 2004-nji ýylyň maý aýynda aradan çykan mahaly 41 ýaşyndady.