Geldinyýazow Mämmetmyrat

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Geldinyýazow Mämmetmyrat
Doglan wagty we ýeri1971
Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesi
KäriTürkmenistanyň bilim ministri
MilletiTürkmen

Geldinyýazow Mämmetmyrat — Türkmenistanyň döwlet işgäri.

Doglan senesi we ýeri[düzet | çeşmäni düzet]

1971-nji ýylda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde doguldy. Milleti turkmen.

Bilimi we hünäri[düzet | çeşmäni düzet]

Ýokary bilimli. 1993-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady. Hünäri boýunça himiýa mugallymy.

Zähmet ýoly[düzet | çeşmäni düzet]

Zähmet ýoluna 1993-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy wezipesinde başlady.
1999-2010-njy ýyllarda bu ýokary okuw mekdebiniň himiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
2010-2011-nji ýyllarda himiýa-biologiýa fakultetiniň organiki we fizkolloid himiýa kafedrasynyň uly mugallymy wezipelerinde işledi.
2011- 2014-nji ýyllarda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktory wezipesinde işledi.
01.2014-26.01.2018-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.
26.01.2018-nji ýylda Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine bellendi.

Döwlet sylaglary we atlary[düzet | çeşmäni düzet]

  • «Magtymguly Pyragy» medaly,
  • «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly,
  • «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medaly,
  • «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly.

Çeşmeler[düzet | çeşmäni düzet]

Edebiýat[düzet | çeşmäni düzet]

  • "Türkmenistan" gazeti, №24-25 (28961) 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-si, S.3.