Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasaty

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Mowzuk : Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasaty.

M E Ý I L N A M A :

1.Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary.

2. Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy.

3. Sebitara hyzmatdaşlyk.

“Watanyň duzy-da ene süýdi mysalydyr. Şonuň üçin Watany söýmek – Käbäň eneňi söýmekdir, Käbäň eneňi söýmek – ata Watanyňy söýmekdir.”

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy.


1991-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-de dünýäniň kartasynda täze garaşsyz Türkmenistan döwleti peýda boldy. Şondan bäri milletleriň dünýä bileleşigi Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady bilen aýrylmaz bagly bolan özboluşly syýasy ugry şy ýurduň ady bilen baglanyşdyrar. Türkmenistanyň we onuň baştutanynyň üsti bilen XX asyryň ahyrynyň we XXI asyryň başynyň iň täze taryhy düýpli täze taryhy şertlerde döwleti we jemgyýeti ösdürmegiň baş ugrunyň meselelerini täzeçe çemeleşmegiň mysalyna eýe boldy.

Şu babatda Türkmenistanyň daşary syýasat taglymaty milletiň ykbaly we kabul edilýän çözgütleriniň dogrulygy üçin öz üstüne jogapkärçiligi dolulygyna alan Prezidentiň syýasatynyň esasyny goýujy ýagdaý hökmünde alynky hatara çykarylýar.

Taryhy pursat daşary syýasatyň çelgilerini haýal etmän we birkemsiz aňlatmagy talap etdi. Olaryň emele getirilmegine çemeleşmeginde ýek-täk dogry çözgüdiň we ýalňyşmaga hukugyň bolmazlygynyň nykdaýnazaryndan öz hyzmatyny duýýan Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň awtorlyk, döredijilikli çemeleşmeleri aýdyň görünýär.

Saparmyrat Türkmenbaşynyň sesi iň uly halkara guramalarynyň mümmerlerinden ýaňlandy. Türkmenistanyň baştutany parahatçylykly ösüşiň we oňyn arkalaşmagyň ilerleýän taglymatyna daýanyp, globallaşdyrmak we özbaşdaklyk ýagdaýlaryny şulara Türkmenistanyň gatnaşmagy arkaly ylmy taýdan esaslandyrýar. Türkmenbaşy öz ýurdunyň hemişelik bitaraplyk taglymatyny öňe sürýär, öz syýasatyny dünýäniň syýasy toparlaryna düşündirmek boýunça ägirt uly işleri geçirýär.

Onuň 1992-nji ýylyň Oguz aýynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk baradaky Maslahatda eden çykyşy täsiri boldy. EKO-nyň agzalary bolan döwletleriň baştutanlary özleriniň 1995-nji ýylyň Nowruz aýynda Yslamabatda bolup geçen duşuşygynda Türkmenistanyň baştutanynyň pikirini gyzgyn goldaýarlar. Türkmenbaşynyň garaýyşyny bileleşiklere Goşulmazlyk hereketi bu abraýly halkara guramasynyň 1995-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 22-nde Nýu-Ýorkda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň ýübileý mejlisiniň mümberinden eden çykyşy has hem täsirli boldy. BMG-nyň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” kararnamasyny biragyzdan girizýär.

Halkara wakalaryna duýgur bolan Birleşen Milletler Guramasy bu başlangyja mynasyp baha bermän bilmedi, onda tejribeli bilermenler ägirtt uly meselelere täsir etmegiň hem-de berk usulynyň bardygyna düşündiler.

Ilkinji gezek dünýäde iş ýüzünde amala aşyrylan bitaraplygyň Aziýa ölçeglerinde dünýä filosofiýasynyň özboluşly aýratynlygy bar, ony işläp taýýarlamagy bolsa hakyky durmuşyň we hakyky syýasatyň baş şertlerine düşünmekden ugur alyp, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy öz üstüne aldy. “Türkmen Bitaraplygy tutuş sebitiň, tutuş dünýä bileleşiginiň baýlygy” – diýip Beýik Serdarymyz belleýär. Bu ýer togalagynda güýjüň gapma-garşy durmagynyň öz ornuny syyasy prosesiň umumy ýagdaýynda dünýä möçberindäki aragatnaşyklaryň köpmerkezli ulgamynda deňeçerlik ýagdaýyny kesgitleýän halkara gatnaşyklarynyň sebitleşmeginiň häzirki zaman ýagdaýyna beren häzirki döwründe has uly ähmiýete eýe bolýar.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy dünýäniň ykbalyna deňhukukly gatnaşmak we şol ykbal üçin deň jogapkärçilik çekmek hökmünde öňe süren uly we kiçi ýurtlaryň deňligi hakyndaky taglymaty bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmekde iş ýüzünde ösdürildi. Türkmenistanyň baştutanyna ýiti meselelere düýpli goşulmazlyk we olardan çetleşmek usuly hökmünde bitaraplyk hakyndaky adaty düşünjeleriň tersine ony anyk we täsirli mazmun bilen baýlaşdyrmak başartdy.

Türkmenistan dünýäniň 114 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, halkara guramalarynyň 40-dan gowragynyň agzasy boldy. Oňyn bitaraplyk, beýleki döwletleriň içki işine gatyşmazlyk, harby bileleşiklere we birleşiklere goşulmazlyk, şeýle hem Türkmenistanyň konstitusiýasynda göz öňünde tutulan beýleki halkara borçnamalary Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň döwletleri bilen gatnaşyklarynyň esasy boldy.

Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy, onuň baştutanynyň oňyn we iş ýüzündäki göreldeleri sebit boýunça golaýyndaky goňşular bilen iň bir ýakyndan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam etdi. Türkmenistan ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitleýin taslamalaryna işjeň gatnaşýar, sebitiň ulaglar we kommunikasiýalar ulgamyny ösdürmek, iri transmilli kompaniýalary we maýa goýum toparlaryny köp görnüşli turba geçirijiler ulgamyny ösdürmäge hem-de öz ýurduň gaz pudagynyň durkuny täzelemäge çekmek boýunça uly taslamalar bilen çykyş edýär.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan geçiş döwründe ykdysady ösüşiň baş ugurly maksatnamalary Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen giň möçberli söwda ykdysady we medeni hyzmatdaşlygynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň esasy boldy.

Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiniň bu gysga taryhy döwründe Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy dünýäniň köp ýurtlaryna resmi saparlaryň ençemesini amala aşyrdy, BMG, YHG, YKG, Ýewropa Bileleşigi, NATO, YHHG we beýlekiler ýaly abraýly halkara guramalarynda geçirilen köp sanly duşuşyklara we maslahatlara gatnaşdy. Saparmyrat Türkmenbaşy ABŞ-a, Türkiýä, Eýrana, BAE-e, Müsüre, Awstriýa, Hytaýa, Hindistana, Päkistana, Fransiýa, Belgiýa, Germaniýa Federatiw Respublikasyna, Merkezi Aziýa sebitindäki goňşy döwletlere, Russiýa Federsiýasyna we Ukraina resmi saparlary amala aşyrdy.

“Kiçi ýurtlar diýip atlandyrmakdan dynan döwletler milletleriň bileleşigine öz oňyn täsirini näçe köp ýetirse, sebitleýin möçberde hem, giň möçberde hem parahatçylykly döredijilikli ýagdaýyň has çalt eýe boljakdygyna men çynlakaý ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy tassyklaýar.

Türkmenbaşynyň geçiren köp sanly duşuşyklary halkara möçberinde Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji göreldeleriniň öňe gitmegi üçin amatly mümkinçilikleri döretdi. Bu göreldeler sebitde parahatçylyk we durnuklylyk ýagdaýyny döretmäge, Owganystanda we Täjigistanda ýüze çykýan dawalary düzgünleşdirmäge, bitarap Türkmenistan we onuň daşary syýasatynyň halkara bileleşiginiň umumy bähbitlerine laýyk gelýändigine, hyzmatdaşlygyň derwaýys müşgülleri boýunça çözgütleri tapmaga, durnukly ösüşi hem-de gülläp ösmegi üpjün etmäge mümkinçilik berýändigine düşünmäge gönükdirilendir.

“Türkmenistanyň göreldesi giň möçberli syyasatda diňe bir ýurtlaryň geografiki möçberlerinde däl, eýsem, has ýokary ölçegleriň hem gymmatlyk ölçegine eýedigini äşgär görkezýär”. Türkmenistanyň baştutanynyň bu sözleriniň hakdygyny wagt subut edýär.

Şu günde biz ýurt baştutanymyz bolan, Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyna eýe bolmagyna mümkinçilik döreden Saparmyrat Ataýewiç Nyýazowy – Baky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Watanymyzyň garaşsyzlygynyň döredijisi diýip atlandyrýarys.

Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda hormat goýmaklyga, oňşuklylyga, ynsanperwerlige esaslanyşy ýaly, özüniň içerki durmuşynda-da şol ýörelgelerden ugur alýar. Döwletde we jemgyýetde etnikra we sebitara ylalaşygyň, geçirimliligiň, durmuş hyzmatdaşlygyň ykrar edilmegi biziň içerki syyasatymyzyň öňde tutulýan ugrudyr.

Türkmenistanda geçirilen düýpli çäreleriň netijesinde, garaşsyzlyk ýyllarynda, çaga ölümi azaldy, jenaýatçylyk kemeldi, ýurtda eneligi we çagalygy, ýaşlaryň, aýallaryň, garrylaryň hukugyny goramak boýunça güýçli kepillikler döredildi. Şu ugurda-da saglygy goramagyň Halkara guramasy (SGHG) BMG-ň ilat gaznasy, BMG-ň ýanyndaky SPID-e garşy göreşýän Merkez, ÝUNISEF diýen Halkara guramasy ýaly ýöriteleşdirilen Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk gitdigiçe giň gerim alýar.

Dünýäniň islendik döwletlerini alyp görseňde, şol döwletiň ykdysady, syýasy, medeni ösüşiniň aňyrsynda beýleki döwletler bilen hoşniýetli, dostluk, doganlyk gatnaşyklary ýatandyr. Elbetde, biziň döwletimiz hem asly Oguz handan gaýdýan bäş müň ýyllyk taryhymyzda biziň ata-babalarymyz müňlerçe döwletler bilen dostluk, doganlyk gatnaşyklaryny saklap ýetmişden gowrak döwletleri döredipdirler. Bu barada Beýik Serdarymyz özüniň Mukaddes Ruhnama kitabynyň 2-siniň 157-nji sahypasynda şeýle bellenýär : “Türkmenler goňşy ýurtlar bilen özara gatnaşyklaryň iki tarap üçin-de bähbitli bolmagyna hemişe uly ähmiýet berýärdi we berýär. Biziň ata-babalarymyz gaýry ýurtlaryň ilçilerini hiç haçan kemsiden, olaryň mertebesine şek ýetiren däldir. Iki döwletiň arasynda baglaşylan şertnamalary birkemsiz berjaý edendir. Bu däbiň gözbaşy gojaman gadymyýetden başlanýar”.

Beýle diýmeklik bilen hem Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen halkynyň şeýle agras myhman söýer, hyzmatdaşlygy iki tarap üçin hem bähbitli başarýan halkdygyny düşündirýär. Ata-babalarymyz gaýra ýurtlar bilen aragatnaşykda, olar bilen mydama deň agramlylygy, asudalygyň esasy öňde goýan wezipeleri hem olar mydama iki tarap üçin bähbitli agzybir ýagdaýda şertnamalary baglaşypdyrlar. Bu däbiň gözbaşy gojaman gadymyýetden hem başlanýar. Biziň parasatly Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hem ata-babalarymyzyň şeýle ýörelgesine buýsanyp, oňa hormat goýýar we şol bir wagtda şol ýörelgeden ugur alýar.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy halkara gatnaşyklarda ruhy jähtlerden ýörelge alýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň daşary syýasatynyň düýp özeninde-de halkalryň dostlugy birek-birege hyzmatdaşlygyndan, hormatyndan ybaratdyr. Biziň garaşsyz döwletimiz bilen parahatçylykda, agzybirlikde ýakyn goňşular hökmünde ýaşaşmak, oňat gatnaşyk etmek syýasatyny alyp barýar.

Umuman aýdanda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen halkynyň, raýatlarynyň abadan, parahatçylykly ýaşamagyny üpjün etmeklik üçin gijesini gündiz edip işleýär. Biz ýaşlar hem Beýik Serdarymyzyň 12 sargydyndan we pähim-paýhaslaryndan ugur alyp ynamyny ödemelidiris.

Biz goňşy halklar bilen iki taraplaýyn gatnaşyklarymyzy ýokarlandyrarys, kämilleşdireris. Goňşy üçin, goňşy döwlet üçin türkmeniň gapysy elmydama hem açykdyr.