Gýote Iogann Wolfgang
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
(28.8.1749, Maýn boýundaky Frankfurt — 22.3.1832, Weýmar) — nemes şahyry, akyldary, tebigaty öwreniji. Gýote Germaniýada magaryflandyryş döwri edebiýatynyň esasy wekili, täze zaman nemes edebiýatyny esaslandyryjylaryň biri. Ol ilki maşgalada gowy terbiýe alýar, soňra Leýpsigde (1765—68) we Strasburgda (1770—71) okap, hukuk ylymlary we başga ylymlar boýunça leksiýa diňleýär. Gýote “Faust” diýen eserinde, “Poeziýa we hakykat” atly ýatlamalar kitabynda aýratyn nygtaýşy ýaly, dünýäniň, durmuşyň hakyky manysyna düşünmäge çalyşýar. Gýote 1794 ýylda F. Şiller bilen tanyşýar we şondan soň onuň bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Her halda Gýoteniň dünýä we durmuşa garaýşy örän gapma-garşylykly häsiýetdedir. Gýoteniň irki poeziýasy (1767—69) anakreontik lirikanyň däplerine eýerilip ýazylan eserlerdir. Onuň döredijiliginiň täze, kämil döwri Strasburgdan başlanýar. Gýoteniň ilkinji goşgular ýygyndysy Leýpsigde (1769) çap edilýär. Onuň “Tupanlar we okgunly zarbalar” döwründe ýazan goşgulary nemes poeziýasynyň taryhynda iň ajaýyp sahypalary düzýär. Ol meşhur “Faust” dramasyny döredýär. Faustyň esasy problematikasy döwrüň feodal düzgünlerini dargatmaga we şol döwür üçin täze progressiw bolan buržuaz gatnaşyklary ornaşdyrmaga bolan ymtylyşlary görkezmäge bagyşlanandyr. Gýote döwrüniň tematikasyna ýüzlenip, “Klawigo” (1774), “Stella” (1775) ýaly pýesalary hem ýazýar. “Egmont” (1788), “Torkwato Tasso” (1780—89), “Korinfsk gelinligi” (1797), “Graždanin-general” (1793) ýaly eserleri, “Wilgelm Meýsteriň okuw ýyllary” (1793—96), “Wilgelm Meýsteriň jahankeşdelik ýyllary” (1821—29) romanlary hem Gýoteniň döredijilik biografiýasynyň bezegi hasaplanýar. Gýote gündogar poeziýasy bilen hem gyzygypdyr. Onuň “Günbatar-gündogaryň diwany” (1814—19) kitabyndaky goşgular siklinde Züleýhanyň obrazynyň üsti bilen gündogaryň ajap tebigatyny suratlandyrýar.