Mazmuna geçiň

Fäjr

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Ertir namazy sahypasyndan gönükdirildi)

Fäjr (arap. فَجْر‎‎ — daň, säher, gün dogmaka bir sagatlyk wagt). Yslamda ertir namazyň ady, terjimesinde okamaly wagty goýlan.

Ertir namazynyň wagty – ikinji fejriň düşmeginden Günüň dogmagyna çenli aralykdyr. Fejr – daň agarmagy diýmekdir. Fejriň iki görnüşi bardyr. Ýalançy fejir (fejri kazip) – gündogar tarapda göz’etimiň aňry çäginde dikligine döreýän agarmakdyr. Munuň sähelçe wagt yzyndan ýene garaňky düşer. Şonuň üçin muňa ýalançy fejir diýilýär. Bu ertir namazynyň wagty däldir. Oraza tutýanlar bu wagt aralygynda nahar iýip bilerler. Hakyky fejir (fejri sadyk) – gündogar tarapdan daş-töwerege ýaýrap gidýän agarmakdyr. Munda ertir namazynyň wagty başlaýar. Bu wagt aralygynda selällik edilmeýär. Muhammet Pygamberimiz (salallahu aleýhim we sellem) ertir namazynyň wagty bilen baglanyşykly şeýle aýdypdyr: «Ertir namazynyň wagty ikinji fejriň başlamagyndan Günüň dogmagyna çenlidir», (Buhary, Ebu Dawud, Ibni Maje, Nesaýy).

Ertir namazynyň düzgüni

[düzet | çeşmäni düzet]

Ertir namazy iki rekagat sünnet we iki rekagat farz bolup jemi dört rekagatdan ybaratdyr. Ilki sünnet okalýar. Munuň okalyşy şeýledir:

  1. Niýet. Namazyň şertleriniň hemmesi doly berjaý edilenden soň, kybla bakyp ertir namazynyň sünnetini okamaga kalpdan niýet edilýär. Içiňden: «Allahyň ryzalygy üçin şu günki ertir namazynyň sünnetini okamaga niýet etdim» diýmek bolar.
  2. Tekbir. Mundan soň elleriň gulaklaryň deňine çenli galdyrylyp başam barmaklar gulagyň ýumşak ýerine degirilýär. Eliň aýasy kybla bakdyrylyp barmaklaryň açyk ýagdaýynda «Allahu Ekber» diýip, iftitah tekbiri aýdylýar. Aýallar bolsa ellerini eginleriniň deňine çenli galdyryp tekbir edýär. Tekbirden soň, erkek kişiler göbekleriniň aşagynda aýallar bolsa göwüsleriniň üstünde gol gowşurýar.
  3. Sänä. Mundan soň «Sänä» okalýar, ýagny «Subhäneke». Onuň yzyndan «Ä’uzu, besmele» aýdyp,
  4. Fatiha süresi. «Fatiha» okalyp, «Ä:mi:n» diýilýär.
  5. Zammy süre. Fatihanyň yzyndan zammy sure okalýar (mysal üçin: Kewser süresi). Şeýlelikde, namazyň kyýam we kyraet ruknlary tamam bolýar.
  6. Ruku. Kyraet gutarandan soň eller aşak goýberilip, «Allahu äkbär» diýlip, ruku’a egnilýär. Ruku’da üç gezek «Subhäne Robbiýel-azym» diýilýär.
  7. Ruku’dan «Semi-Allahu limen hämide» diýlip dogrulynýar.
  8. Dik durup «Robbenä lekel hämd» diýilýär. Soňra «Allahu äkbär» diýlip sejdä gidilýär.
  9. Sejde. Sejdede üç gezek «Subhäne Robbiýel a’lä» diýilýär. «Allahu äkbär» diýip sejdeden dikelip, «Subhänallah» diýer salym oturylýar (2 sekund). Soňra ýene «Allahu äkbär» diýlip ikinji sejde edilýär. Ikinji sejdäniň tesbihleri aýdylandan soň, «Allahu äkbär» diýip, dik durulýar.
  10. Şeýlelikde, birinji rekagat tamamlanyp, ikinji rekagata başlanylýar.
  11. Ikinji rekagatda diňe «besmele» aýdylyp, «Fatiha» we zammy sure okalýar (mysal üçin: Yhlas süresi). Ýokarda görkezilişi ýaly ruku’ we sejdeler edilýär, ikinji sejdeden soň oturylýar.
  12. Tahiýýat.
  13. Allahumme solli...
  14. Allahumme bärik...
  15. Robbena ätinä...
  16. Salam. Mundan soň sag we çep egniňe: «Äs-sälämu aleýkum we rohmetullah» diýip salam berilýär. Şeýlelik bilen ertir namazynyň sünneti tamam bolýar. Ertir namazynyň sünnetinde kyraet, tekbir we tesbihler içiňden okalýar.

Ertir namazynyň farzy hem edil sünneti ýaly okalýar. Ýöne ilki kamat getirilýär (aýallar kamat getirmezler), soň niýet edilende «Şu günki ertir namazynyň farzyny okamaga» diýip niýet edilýär. Ertir namazynyň farzynyň kyraetlerini jemagat bilen okanyň sesli okalýar. Ýeke bolanyňda hem sesli okasaň bolýar.

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]