Enermyradow Öwezmyrat Yslamowiç

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search
Enermyradow Öwezmyrat Yslamowiç
Dogulan wagty we ýeri1981
Aşgabat şäheri
KäriTürkmenistanyň oba we suw hojalyk ministri
MilletiTürkmen

Enermyradow Öwezmyrat Yslamowiç - Türkmenistanyň döwlet işgäri.

Doglan senesi we ýeri[üýtget | edit source]

1981-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy.

Bilimi we hünäri[üýtget | edit source]

Ýokary bilimli. 2005-nji ýylda Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlady. Hünäri boyunça agronom.

Zähmet ýoly[üýtget | edit source]

Zähmet ýoluna 2006-njy ýylda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenýertaslama» institutynyň Aşgabat ýer gurluşyk gözleg ekspedisiýasynda gurluşykçy inzeneri wezipesinde başlady.
2007-2012-nji yyllarda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ruhabat etrap geneşiniň jogapkär işgäri, Ruhabat etrap geneşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri, etrap geňeşiniň başlygy, Ahal welaýat geneşiniň başlygynyň orunbasary, başlygy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işleýär.
2012-nji yylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine saýlanyldy.
2016-njy ýylyň aprel aýyndan maý aýyna çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ylym we tehnologiýa bölüminiň esasy hünärmeni. Şol ýylyň maý aýyndan iýul aýyna çenii Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň daşary ykdysady aragatnaşyk we marketing müdirliginiň başlygy.
07.2016-26.01.2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinde işleýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň IV we V çagyrylyşynyň deputaty.
2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministri wezipesine bellendi.

Döwlet sylaglary we atlary[üýtget | edit source]

  • «Magtymguly Pyragy» medaly,
  • «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly,
  • «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» ýubileý medaly,
  • «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medaly.

Çeşmeler[üýtget | edit source]

Edebiýat[üýtget | edit source]

  • "Türkmenistan" gazeti, №24-25 (28961) 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-si, S.4.