Demet Akalyn

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Demet Akalyn (türk. Demet Akalın) Türk aýdymçy we manken. 1972 ýylyñ 23-nji Aprelinde Türkiýäniň Kojaeli welaýatynyň Gölcük etrabynda dünýä indi. 2000-nji ýyllaryň ortalaryndan häzire çenli çykaran Pop aýdymlary bilen Türk Pop aýdymynda Kraliçe (türkm. Şa Aýal) adyny aldy.

İlkibaşda mankençilik kursuna gatnady we 1990-njy ýyllaryň seriallarynda ýer aldy. Mankendenlikden daşary hem Casinolarda konsert berýärdi. 1996-njy ýylda birinji "Sebebim" albomyny Elenor müzik Kompaniýasynyň üsti bilen aýdym marketlerinde öz yerini aldy. Albom 110 müň kopýa satyldy.Ondan soňra "Aşkın açamadığı kapı" bilen Kral TV Video ve Aýdym ödülüni aldy. "Banane" (türkmençe:Maňa näme) 2004-nji ýylyň iň gowy aýdymy kategoriýasynda MÜ-YAP'dan altyn plakat aldy."Kusursuz 19","Dans Et" ýaly albomlary bilen Demet Akalyn Türkiýede uly söýgä eýe boldy.2015-nji ýylda çykaran "Pırlanta" albomy Türkiýede "iň köp satylan" adyny aldy.Akalyn "Pırlanta" albomyndan soňra Türk POP aýdymynyň Kraliçesi (türkmençe:Şa Aýal) adyny aldy.

Akalynyň şu wagta çenli üç Altın Kelebek ödülü we onlarça ödülleri bar.

Akalyn 2016-njy ýylda Türkiýe Mehmetçik Wakpynyň hasabyna 50müň Türk Lirasy,2017-nji ýylda 10müň Türk Lirasy geçirdi.

Albomlary[düzet | çeşmäni düzet]

  • Sebebim (1996)
  • Unuttum (2003)
  • Banane (2004)
  • Kusursuz 19 (2006)
  • Dans Et (2008)
  • Zirve (2010)
  • Giderli 16 (2012)
  • Rekor (2014)
  • Pırlanta (2015)
  • Rakipsiz (2016)
  • Ateş (2019)

Filmografiýa[düzet | çeşmäni düzet]

  • Günlerden Pazar (1992)
  • Tele Anahtar (1994)
  • Osman Pazarlama (2016)