Döwlet gurlyşy barada düşünje we onuñ görnüşleri
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Bu makala Türkmen dili ýazuw kadalaryna görä düzeldilmeli. Makalany üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa okyjylaryna ýardam edip bilersiňiz. |
Bu makala Wikipediýa ülňilerine laýyk däl. Makalany üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa okyjylaryna ýardam edip bilersiňiz. |
Döwlet gurluşynyň görnüşi – bu dowletiň düzüm bölekleriniň merkezi we ýerli döwlet dolandyryş hakimyet edaralaryn arasyndaky gatnasyklaryn hasiyetini acyp gorkezyan milli, we dolandyrys-cak gurlusydyr.
Hazirki dowurde dowlet gurlysynyn gornusi boyunca dowletler esasy uc topara bolunyarler:
1. Unitar dowlet – ýurduň bütin çägi ýerli dolandyryş edaralarynyň(jaý dolandyryş,etrap häkimi) kömegi bilen merkezi häkimýet dolandyryş edarasy tarapyndan dolandyrylýan, dolandyryş çäk birliklerine bölünen, berk merkezleşdirilen, bir bitewi döwlet gurluşydyr. Unitar döwletiň anyk mysaly hökmünde Türkmenistan, Belarussiýa, Ermenistan, Gazagystan ýaly döwletleri görkezmek bolar. Unitar döwletiň esasy alamatlary şu aşakdakylardyr:
-Ýerine ýetiriji, wekilçilikli hem kazyýet edaralary tutuş ýurt üçin bir we umumy bolup durýarlar.
-Bütin ýurduň çäginde ýeke-täk konstitusiýa, bir bitewi kanunçylyk, salgyt ulgamy we raýatlyk hereket edýär.
-Döwletiň düzüm birlikleriniň özygtyýarlylygy ýok
-Ähli döwletara gatnaşyklar ýurda halkara gatnaşyklar ulgamynda wekilçilik edýän merkezi döwlet häkimýet dolandyryş edaralary tarpyndan amala aşyrylýar.
-Ýeke-täk ýaragly güýçleri bolýar.
Federasiýa adalgasy, “federatio- birleşik, bileleşik “ diýen latyn sözünden emele gelip, özbaşdak döwletleri ya-da döwlete çalymdaş gurluşlary, ýagny dürli döwletlerde respublikalar, ştatlar, ýerler, ülkeler diýlip dürli atlar bilen atlandyrylýar hem-de çäklendirilen syýasy özbaşdaklyk hukugyndan peýdalanýan, emma suweriniteti, ýagny özygtyýarlygy bolmadyk federasiýanyň subýektlerini öz düzüminde jemleýän, çylsyrymly bileleşik-döwlet aňladýar. Federasiýanyň mysaly hökmünde ABŞ, Russiýa Federasiýany, GFR, Kanadany görkezmek bolar.
Konfederasiya- umumy bahbitleri goramak we upjin etmek maksady bilen doredilen ozygtyyarly hem garassyz dowletlerin hukuk taydan wagtlayyn birlesmesidir. Konfederasiyanyn mysaly hokmunde duzumine 29 sany dowlet giryan Yewropa Bilelesigini we Swesariyany gorkezmek bolar.