Buhara gozgalaňy
XIX asyryň başlarynda Özbegistanyň ähli hanlyklarynda zähmetkeş halkyň ýagdaýy örän agyr bolupdyr. Olar salynýan salgytlardan we paçlardan, hanyň dolandyryjy toparlarynyň eden-etdiliklerinden, feodallaryň gutarnyksyz özara uruşlaryndan zyýan çekip halys bolupdyrlar. Bu bolsa öz gezeginde zähmetkeş halkyň öz ezijilerine garşy aç-açan çykyşlaryna getiripdir.
Şeýle uly hereketleriň biri 1821-nji ýylda Buhara hanlygynyň Miankal etrabynda başlanypdyr.Öz wagtynda salgydyny töläp bilmedik daýhanlar salgyt ýygnaýjylar tarapyndan agyr sütemlere sezewar edilipdir we olaryň hususy emläklerini ellerinden alypdyrlar. Daýhanlaryň arza-şikaýatlary hökümdarlaryň hiç biri tarapyndan diňlenilmändir. Tersine, arz edenler rehimsizlik bilen yzarlanypdyr we olara goçmaça agyr jezalar ýüklenipdir.
Bu bolsa, olary gutarnykly tozdurupdyr. 1821-nji ýylyň Buhara gozgalaňynyň sebäbi Miankal etrabynyň ýaşaýjylaryndan Merwde gulluk etmek üçin goşuna adamlaryň alynmagy bolupdyr. Munuň üstesine şol bir wagtda Ketdekurgan hökümdary Aýazbi tarapyndan ilatdan ýene-de salgyt ýygnamak barada buýruk bermegi halkyň nägileligini has hem artdyrypdyr. Tiz wagtda gozgalaň aç-açan ýagdaýa geçipdir. Netijede gozgalaň has güýçlenipdir.
Gozgalaňçylar emiriň ähli çinowniklerini urup-ýenjipdirler we olary kowup, Ketdekurgan, Çilek, Ýangykurgan we beýleki käbir iri şäherleri basyp alypdyrlar. Ketdekurgan şäherinde gozgalaňçylara senetçi Safar aksakalyň ýolbaşçylygynda şäheriň aşaky gatlaklary hem goşulypdyr. Mundan soňra gozgalaňçylar Samarkant şäherine süýşüpdirler.
Gozgalaňçylaryň garşysyna emir uly goşun birikmelerini iberipdir we Ketdekurgany eýeläpdir. Olar gozgalaňçylardan rehimsizlik bilen öç alypdyrlar. Jezalandyrylanlaryň umumy sany ýedi ýüz adama ýetipdir. Gozgalaňçylaryň serkerdeleriniň biri Safar aksakal hem wepat bolupdyr. Muňa garamazdan gozgalaňçylaryň bir bölegine gaçyp, Ýangykurganda gizlenmek başardypdyr.
Emir Haýdar Ketdekurganyň alnandygy baradaky habary eşidip top atyjy goşuny bilen şähere gelipdir. Ýöne, şäherdäki ýagdaý gaty dartgynly bolupdyr. Şoňa görä hem Emir Haýdar şäher ilatynyň garşysyna aýgytly hereketleri edip bilmändir. Emir gozgalaňçylar bilen gepleşikler geçirmek üçin ruhanylaryň abraýly wekillerini iki gezek iberipdir. Emma bu hiç hili netije bermändir. Gozgalaň has giňelip, tutuş Miankal etrabyny basyp alypdyr. Emir Haýdar gozgalaň tuzuran halkyň garşylygyny ýatyryp bilmän mejbury ýagdaýda Buhara gaýdypdyr.
1822-nji ýylda hem Emiriň goşunynyň gozgalaňçylaryň eýelän galasyny basyp almak ugrundaky göreşi şowsuzlyk bilen gutarypdyr. Gozgalaňçylar bilen hökümet goşunynyň göreşi gandöküşikli we dartgynly häsiýete geçipdir. Emir Miankaldaky gozgalaňçylaryň garşysyna alyp baran söweşi bilen birlikde hanlygyň demirgazyk we demirgazyk-gündogar ýerlerine çozuş eden Hywa hanlygynyň garşysyna hem göreşmeli bolupdyr.
Gozgalaňçylar şol bir wagtyň özünde Kokant hanyndan we emiriň garşysyna durýan beýleki hökümdarlardan kömek sorap ýüz tutupdyrlar. Bu bolsa emir Haýdaryň ýagdaýyny has hem kynlaşdyrypdyr. Gozgalaňçylar birleşen güýç bilen Samarkandy basyp almaga synanyşypdyrlar. Emma olaryň ýaranlarynyň arasynda agzybirlik bolmandyr. Tersine, özara dawalar başlanypdyr. Netijede, gozgalaňçylar Samarkandy basyp almak umydyndan el çekip gabawy aýryp, hersi öz ugruna gidipdirler.
Miankalyň gozgalaň turuzan ilaty öz taraplaryna Buhara hanlygynyň beýleki etraplarynyň daýhanlaryny çekmek ugrunda çalşypdyrlar. Olar şol maksat bilen ýurduň jümmişine süýşip başlapdyrlar. Emma olaryň hereketi Miankal ýerlerinde gabalypdyr. Netijede, gozgalaň pese gaçyp başlapdyr. Dört ýylyň dowamynda etrabyň hojalygy gutarnykly dargapdyr. 1825-nji ýylyň ýazynda emir Haýdar gozgalaňçylaryň garşysyna goşun sürüp, olary aýgytly ýeňlişe sezewar edipdir.
Emma emiriň goşuny gaty ýadaw bolupdyr we şoňa görä hem ol gozgalaňçylaryň harby hereketi bes etmek we gozgalaňa gatnaşanlaryň günäsini geçmek baradaky talaplaryny berjaý etmäge mejbur bolupdyr. Şondan soňra Çilek we Ýangykurgan galalaryny beripdirler. Gozgalaňyň esasy hereketlendiriji güýji daýhanlar bolupdyr. Emma gozgalaňyň eke-täk ýolbaşçysynyň bolmanlygy oňa üstünlik getirmändir.
1821-1825-nji ýyllaryň gozgalaňy Buhara hanlygynyň syýasy durmuşyna özüniň uly täsirini ýetiripdir. Gozgalaň Buhara hanlygynyň syýasy güýjini gowşadyp, onuň syýasy durmuşyna ullakan täsirini ýetiripdir.
Medeniýet we ylym
[düzet | çeşmäni düzet]XVI asyrda Mawerannahrda edebiýat, ylym, binagärçilik we şekillendiriş sungaty mundan beýläk-de ösüpdir. Şygryýet bu döwürde uly ösüşlere eýe bolupdyr. Hasan Buhary Nisarynyň “Muzakkir al-ahbap” (1566) we Mutribiniň “Tazkiraty Şuara” (1604-1605) atly antologiýalary muňa doly şaýatlyk edýär. Olaryň işlerinde Samarkandyň, Buharanyň, Daşkendiň we Merkezi Aziýanyň beýleki şäherlerinde ýaşap geçen ýüzlerçe edebiýat we ylym işgärleriniň atlaryny görmek bolýar.
XVI asyrda hünärmentçiligiň we söwdanyň ösmegi ýazyjylaryň we şahyrlaryň sanynyň artmagyna öz täsirini ýetiripdir. Zeýniddin Wasifi özüniň memuarlarynda (ýatlamalarynda) Samarkantda geçirilen ýygnanşyklara şahyrlaryň, hünärmenleriň, täjirleriň we ýönekeý şäher ilatynyň gatnaşandygyny belleýär. XVI asyryň birinji ýarymynda özbek dilinde edebi we taryhy eserler peýda bolup başlaýar. Olaryň hatarynda ýazary näbelli bolan “Tawarih-i guzida Nusrat-name” eserini we Muhammet Salyhyň “Şeýbany-name” eserini görkezmek bolar.
Bu eserleriň ikisinde hem Merkezi Aziýanyň halklarynyň taryhy, etnografiýasy barada takyk, gyzykly maglumatlar berlendir. Bu döwürde ýazylan taryhy we edebi ýadygärlikleriň ýene-de biri “Baburnamadyr”. Onuň ýazary Zahyritdin Baburdyr. Ol eserde Watanyndan jyda düşen adamynyň öz Watanyna bolan söýgüsi beýan edilýär.
XVI asyrda ylym has uly ösüşlere eýe bolupdyr. 1593-nji ýylda Amin Ahmet Razy “Haft iklim” diýen geografiki görkeziji sözlügini düzýär. Şol döwürde Mutribi özüniň “Tazkiraty Şuara” atly dünýä kartasyny çap edipdir. Lukmançylyk ylmy hem ösüpdir. 1541-nji ýylda Muhammet Huseýin ibn al-Mireki as-Samarkandy özüniň “Lukmançylyk dermançylygy” boýunça traktatyny düzüpdir. Onuň bu işinde derman ösümliklerini taýýarlamagyň usullary, olary saklamakda gerek bolan gap-gaçlar hem-de dermanlaryň häsiýetli aýratynlyklary şekillendirilipdir.
Saz sungaty hem belli bir ösüşlere eýe bolupdyr. XVI asyryň birinji ýarymynda Buharaly Mulawy Kaukaby atly sazanda saz eserlerini döredipdir. Bu döwürde hatdatlyk sungaty hem özüniň ösüşinde ýokary derejelere ýetipdir. XVI asyrda soltan Aly Meşhedi, Mir Aly Faraby, Mahmut ibn Ishak aş-Şyhaby we beýlekiler hatdatçylyk sunagtynda uly meşhurlyga eýe bolupdyrlar. Derwüş Muhammet ibn Dust Muhammet Buhary hatdatlyk sunagtynyň nazaryýeti barada eser döredipdir.
XVI asyrda binagärçilik sungaty hem uly ösüşlere eýe bolupdyr. Bu döwürde öz ajaýyp binalar gurlupdyr. Olaryň içinde Samarkantda gurlan Şeýbany hanyň medresesini, Abdyrahym Sadryň medresesini we beýleki binalary görkezmek bolar. Bu döwürde Kalon Metjidi, Miri Arap medresesi, iki sany uly Abdylla han medresesi, Gögeldaş, Kalobot we medreseleri bina edilipdir.
XVI asyrda dini mekdepler hem ösüşe eýe bolup, olarda gurply adamlaryň çagalary okapdyrlar. Hat-da gurply maşgalalaryň öýlerinde ýörite maşgala mugallymlary hem saklanypdyr. Çagalar alty ýaşdan başlap mekdeplerde okadylyp başlanypdyr. Olar arap elipbiýni öwrenipdirler. Soňra mekdepden medreselerde okuwlaryny dowam etdirip, ol ýerde yslam dininiň esaslaryny öwrenipdirler.
Aýry-aýry ugurlar mysal üçin hasabat ýöretmek, şeýle hem goşgy ýazmak we hatdatlyk sungaty medresäniň daşyndan öwredilipdir. Medreselerde dersler üç sany topara bölünip, ýagny olar başlangyç, orta we ýokary toparlardyr. Medreselerde okaýan talyplara öz toparlaryna görä talyp we azyk haklary bellenilipdir. Talyplar medreselerde sekiz ýyl okapdyr.
XVII-XVIII asyrlarda talyplar takyk we tebigy ylymlarlar bilen meşgullanypdyrlar. Olar ruhylar tarapyndan yzarlanylypdyr. Bu döwürde şahyr we filosof Ýusup Garabagy, belli hukukçy alym Nasreddin Buhary, suratkeş-hatdat Muhammet Amin we beýlekiler has tapawutlanypdyrlar. XVII asyrda Merkezi Aziýa halklarynyň durmuşynyň edebiýat meýdanynda görnükli orny eýelän şahyr Babarahym Maşrapdyr. Ol öz goşgularynda agalyk ediji synplaryň eden-etdiligini, ýaranjaňlygyny berk tankytlapdyr.
Halkyň içinde Mirza Abdulkadyr Bediliň (1644-1720) eserleri uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Onuň progressiw pikirleri Merkezi Aziýa halklarynda jemgyýetçilik filosofiki pikirleriň kemala gelmegine öz täsirini ýetiripdir. Bedil halkyň durmuşyny örän gowy bilipdir we öz döredijiliginde olaryň agalyk ediji topara garşy göreşini şöhlelendiripdir.
XVIII asyryň ikinji ýarymynda Buharada Abdyrahman Talynyň “Abul-faýz-hanyň taryhy” we Muhammet Wafaýi Kermanigiň “Tuhfai hani” diýen taryhy eserleri ýazylypdyr. Ol eserlerde XVIII asyrda Merkezi Azyýada bolup geçen synpy göreşler barada giňişleýin maglumatlar berilýär. XVIII asyrlaryň ahyrlarynda bolup geçen halk gozgalaňlary barada asyryň ahyrynda ýazylan Muhammet Şarifiniň “Tadž-at-tawarih” atly taryhy ýyl ýazgylarynda gymmatly maglumatlar berilýär.
XIX asyryň birinji ýarymynyň taryhy eser bolan Muhammet Mir Alyma Buharynyň “Faht-name-i sultani” diýen golýazmasynda şol döwrüň wakalary öz beýanyny tapýar. Bu eserde salgyt reformalary, 1821-1825-nji ýyllaryň halk gozgalaňlary we 1826-njy ýylyň syýasy wakalary barada gyzykly maglumatlar berilýär. XIX asyryň birinji ýarymynda hywa hanlygynyň taryhy döredilýär.
Onuň awtorlary Şirmuhammet Munis we Agehi bolupdyr. XIX asyryň başlarynda Kokantda zehinli, demokrat şahyr Mahmur ýaşapdyr we döredijilik işi bilen meşgullanypdyr. Ol özüniň satiriki eserleriniň üsti bilen halk köpçüliginiň adalatsyzlyga garşy nägileligini beýan edipdir.
Başga bir progressiw pikirli ýazyjy, demokrat, ferganaly Gulhany bolupdyr. Ol özüniň satiriki gürrüňlerinde we basnýalarynda ýönekeý halkyň bähbidini gorap, agalyk ediji toparyň wekilleriniň üstünden gülüpdir. Onuň döredijiligi halk köpçüliginiň içinde uly abraýdan peýdalanypdyr.
XVIII asyryň ahyrlarynda XIX asyryň başlarynda özbek poeziýasynyň görnükli wekili belli kokant şahyry Gazy bolupdyr. Ol özüniň liriki goşgularynda feodallaryň eden-etdiliklerini paş etmek bilen adama we adamzat mertebesine ýokary baha beripdir.
Salgylanma
[düzet | çeşmäni düzet]http://gollanma.com/1821-1825-nji-yyllardaky-buhara-gozgalany.html