Bazarow Batyr Aganazarowiç
| Bazarow Batyr Aganazarowiç | |
| Doglan wagty we ýeri | 1976 Lebap welaýaty, Saýat şäherçesi |
|---|---|
| Käri | Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri |
| Milleti | Türkmen |
Bazarow Batyr Aganazarowiç - Türkmenistanyň döwlet işgäri.
Doglan senesi we ýeri
[düzet | çeşmäni düzet]1976-njy ýylda Lebap welaýatynyň Saýat şäherçesinde doguldy. Milleti turkmen.
Bilimi we hünäri
[düzet | çeşmäni düzet]Ýokary bilimli. 1997-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny, 2002-nji ýylda Moskwanyň kommersiýa institutyny, 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyny tamamlady. Hünäri boýunça matematik, informatika we hasaplaýjy tehnikasynyň mugallymy, maliýe we karz işi boýunça ykdysatçy.
Zähmet ýoly
[düzet | çeşmäni düzet]Zähmet ýoluna 1997-nji ýylda Türkmenistanyň «Türkmenistan» Döwlet täjirçilik bankynyň Lebap welaýat dolandyrmasynyň uly hasapçysy bolup başlady. 1998-1999-njy ýyllarda harby gullukda boldy. 1999-2000-nji ýyllarda hasap amallary bölüminiň hasapçysy, soňra 2001-nji ýyla çenli Türkmenistanyň «Türkmenistan» Döwlet täjirçilik bankynyň Lebap welaýat dolandyrmasynyň «Amul» şahamçasynyň uly hasapçysy. 2002-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň kopugurly hassahanasynyň ykdysadyýetçisi, meýilnama we maliýye bölüminiň başlygy bolup işledi. 2010-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň häkimliginde baş hasapçy, hasaplaşyk bölüminiň başlygy-baş hasapçy, hasaplaşyk bölümçesiniň başlygy-baş hasapçy bolup işledi. 2010-2014-nji ýyla çenii Lebap welaýatynyň Baş ykdysadyýyet we ösüş müdirliginiň başlygy. 2014-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň başlygy wezipesinde işledi. 04.2016-05.10.2017-nji ýyllar Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri. 05.10.2017-nji ýylda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine bellendi.
Döwlet sylaglary we atlary
[düzet | çeşmäni düzet]- «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Çeşmeler
[düzet | çeşmäni düzet]- Türkmenistanyň Prezidenti wezipelere bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi[permanent dead link] //www.turkmenistan.gov.tm
Edebiýat
[düzet | çeşmäni düzet]- "Türkmenistan" gazeti, №271 (28855) 2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 6-sy, S.1.
| botyň ady |
| {{{bot}}} |
| Programmirleme dili |
| [[{{{programmirleme dili}}}]] |
| operatoryň ady |
| [[{{{operator}}}]] |
| çäreler |
| {{{çäreler}}} |
| aragatnaşyk sahypasy |
| {{{aragatnaşyk sahypasy}}} |
| Gyssagly ýagdaýda botyň ýapylma düwmesi |
| • |
| Administratorlar: Bot dogry işlemese, düwmäni ulanyň. |