Babbit

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Babbit —esasy galaýy ýa-da gurşun bolan antifriksion splaw. Babbit podşipnikleriň wkladyşlaryny guýmak üçin ulanylýar. Babbitleriň käbirleri surmadan, misden, nikelden, myşýakdan, kadmiden, tellurdan, kalsiden, natriden, magniden we ş. m-lerden ybarat bolýar. Babbiti 1839-nji ýylda I. Babbit (ABŞ) oýlap tapýar. Babbitiň ýokary antifriksion häsiýete eýe bolmagynyň sebäbi onuň gurluşynyň aýratynlygy bilen düşündirilýär, ýagny splawyň ýumşak çeýe esasynda gaty bölejikleri bolýar. Babbit aşak temperaturada (300—440 °C) ereýänligi we gowy işleýänligi bilen tapawutlanýar. Galaýy esasly babbit has berk podşipnikleri ýasamakda ulanylýar. Galaýyly babbit gurşunly babbite görä korroziýa çydamlylygy, durnuklylygy, ýylylyk geçirijiligi hem-de sürtülme koeffisientiniň azlygy bilen tapawutlanýar. Gurşunly babbit galaýyly babbite garanda podşipnigiň ýokary temperaturasynda hem işläp bilýär. Gurşunly babbit awtomobilleriň, traktorlaryň we ş. m-leriň podşipniklerini guýmak üçin ulanylýar. Gurşunly-kalsili babbit demirýol trapsportynyň podşipniklerini guýmakda ulanylýar.