Mazmuna geçiň

Bäşim Çaryýarow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

ÇARYÝAROW BÄŞIM – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor. Ol 1922-nji ýylda şol döwürdäki Aşgabat raýonynyň Herrikgala obasynda garyp daýhan maşgalasynda dogulýar. Ilki öz obalaryndaky başlangyç mekdebi, soňra Büzmeýin stansiýasyndaky ýaşlar mekdebini gutaryp, Daşkentdäki Türkmen Döwlet pedtehnikumyna girýär we 1938-nji ýylda ony tamamlansoň, Aşgabat raýonynyň Herrikgala obasyndaky ýediýyllyk mekdepde mugallym bolup işleýär.

B.Çaryýarow 1941-nji ýylda mugallymçylyk institutyny gutarýar we Gazanjyk şäherindäki 1-nji orta mekdepde mugallym, okuw bölüminiň müdiri, soňra şol mekdebiň direktory wezipesinde işleýär. 1943-1945-nji ýyllarda Sowet goşunynyň hatarynda gulluk edýär we Beýik Watançylyk urşuna gatnaşýar. Ol 1946-njy ýylda demobilizlenip, ýene-de mugallymçylyk işine başlaýar. 1946-1950-nji ýyllarda Çärjew oblastynyň Farap raýonyndaky 1-nji orta mekdepde ene dili we edebiýat sapaklaryny okadýar hem-de okuw bölüminiň müdiri bolup işleýär. Şol ýyllarda ol Aşgabadyň döwlet pedagogik institutynyň dil we edebiýat fakultetini gaýybana tamamlaýar.

1950-nji ýyldan ol TSSR YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda ilki kiçi ylmy işgär, uly ylmy işgär, soňra bolsa häzirki zaman türkmen dili sektorynyň müdiri, direktoryň ylmy işler baradaky orunbasary wezipelerinde işledi, 1970-nji ýyldan bäri bolsa şol institutyň direktory bolup işleýär.

Ol 1956-njy ýylda SSSR YA-nyň Dil bilimi institutynyň alymlar Sowetinde filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin dissertasiýa goraýar. Onuň bu işi «Häzirki zaman türkmen dilinde işligiň derejeleri» diýen at bilen 1957-nji ýylda aýratyn monografiýa görnüşinde neşir edilýär.

Türki dilleri deňeşdirme planda öwrenmeklik A.P.Poseluewskiý tarapyndan başlanan hem bolsa, türkmen dil biliminde bu ugur ýeterlikli ösup bilmedi. B.Çaryýarowyň «Günorta-günbatar türki dillerde işlik zamanlary» diýen monografiýasy (1969) türki dilleriň birtopary bolan oguz dillerini özara deňeşdirip öwrenmeklige bagyşlanyp edilen ilkinji düýpli işdir. Awtor 1970-nji ýylda şol temadan dissertasiýa gorady we oňa filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk dersjesi berildi. 1972-nji ýylda oňa SSSR halklarynyň dil hünäri boýunça professor diýen at berilýär, 1975-nji ýylda TSSR YA-nyň habarçy-agzalygyna saýlanýar.

Alym «Türkmen diliniň grammatikasy, I bölüm, fonetika, morfologiýa» («Ylym» neşirýaty, 1970 ý.) diýen rus dilinde neşir edilen işiň «Sanlar», «Posleloglar», «Kömekçi atlar», «Işlikleriň ýasalyşy», «Işlik derejeleri», «Geçirýän we geçirmeýän işlikler» ýaly bölümlerini ýazdy, ony redaktirledi. «Rusça-türkmençe sözlügi.» (Moskwa, 1956) düzmeklige hem gatnaşdy.

Türkmen diliniň aýry-aýry meselelerine degişli ýazan makalalary durli ýygyndylarda, žurnallarda we gazetlerde çap edildi. B.Çaryýarowyň gatnaşmagynda awtorlar kollektiwi tarapyndan ýazylan 1-nji klas üçin türkmen dili kitaby 1954-nji ýyldan bäri neşir edilip gelýär.

Ol regional, bütinsoýuz we halkara konferensiýalarda, ýygnaklarda dil biliminiň dürli meseleleri boýunça ylmy dokladlar bilen çykyş edip durýar. Alym ylmy kadrlary taýýarlamak işine önjeýli goşant goşup gelýär.

Türkmen dil bilimi boýunça alnyp barylýan işleri guramakda we ony ösdürmekde, ýokary hünärli ylmy kadrlary taýýarlamakda we mekdepler üçin okuw kitaplaryny döretmekde bitiren hyzmatlary üçin professor medallar, TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglanýar. 1986-njy ýylda bolsa B.Çaryýarowa TSSR-iň ylymda at gazanan işgäri diýlen hormatly at dakylýar.

“Türkmen dilçileri”, H.Muhyýew, S.Kürenow, “Magaryf” neşirýaty, 1988 ý