Mazmuna geçiň

Aziýanyñ karib adalary

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Aziýanyň Karib adalary

[düzet | çeşmäni düzet]

Kenarýakasynyň umumy uzynlygy 1000 mile ýetýän müňlerçe adalar, san-sajaksyz arassa suwa düşülýän ýerler, dürüň däneleri ýaly arassa suw hem-de suw astyndaky ajaýyp merjen gaýalary – ynha, bularyň hemmesi daýwing, ýagny, suw asty ýüzüşler üçin iň amatly künjegi emele getirýär.
Ta-le-Taý ady bilen tanalýan Tailandyň deňizleri 402,000 inedördül kilometrlik kenarýaka ýalpaklygy we Hindi – Ýuwaş umman sebitindäki 500-den gowrak adalary öz içine alýar. Bu giňişlik dünýädäki iň uly suw howuzy hasaplanýan Ýuwaş ummany bilen Hindi ummanynyň aralygyny eýeleýär. Bu ýerde suw jandarlaryna örän baý derýalar we tropiki jeňňellere, iki ummanyň haýwanat dünýäsiniň wekillerine duş gelmek bolýar. Şeýle amatly tebigy şertler Hindi – Ýuwaş umman sebitinde deňiz jandarlarynyň iň köp görnüşleriniň ýaşamagyny üpjün edýär. Ta-le-Taý – bu ýeke bir Tailandyň tebigy baýlygy däldir, ol bütin dünýäniň egsilmez hazynasydyr. Şonuň üçin hem bu özboluşly ekoulgamy gorap saklamak Hindi hem-de Ýuwaş umman sebitleriniň ikisi üçin hem örän wajyp weziperdir. Şol wezipelere 250-den gowrak görnüşli merjen gaýalaryny, balyklaryň 800-den gowrak tohumlarynyň we beýleki deňiz jandarlarynyň müňlerçe görnüşleriniň şol sanda akulalaryň, deňiz pyşdyllarynyň, skatlaryň – ýyrtyjy deňiz balyklarynyň ýaşaýan gurşawyny goramak degişlidir. Ta-le-Taýdaky suw asty ýüzüşlere amatly ýerleriň tas hemmesi diýen ýaly goraghanalarda ýerleşýär we bu täsin ekoulgamlaryň goragyny üpjün etmek üçin bu ýerde berk düzgüne eýerilýär. Ta-le-Taýyň daş-töweriginde suw asty ýüzüşler-daýwing bilen gyzyklanýanlaryň ünsüni çekjek künjekler sanardan köpdür. Eger-de siz Bankoga uçarda gelseňiz, onda şäheriň golaýynda suw asty ýüzüş bilen meşgullanmagyň birnäçe mümkinçilikleri bar. Bu ýerde halkara derejesinde ykrar edilen guramalara degişli kompaniýalar işleýär we olar suw asty ýüzüşleriň usullaryny öwredýärler. Dürli kompaniýalar dürli-dürli tejribeleri teklip edýärler, şol sebäpden, hyzmat edijiler öz islegiňize görä saýlap-seçip bilersiňiz.

Pattaýýa indi kyrk ýyl bäri dünýäde iň meşhur deňiz şypahanasy hökmünde giňden tanalýar. Jahankeşdeler öz mümkinçiliklerinden ugur alyp, hödürlenýän hyzmatlardan, nygmatlardan, myhman jaýlardan özüne has amatlylaryny saýlap bilerler. Pattaýýa suw asty ýüzüşleriň bahalarynyň iň arzan künjegi hasaplanýar we olary kesgitlemegiň esasy üç hili amatlyklary bar: Ko Lan we Ko Sak ýaly kenara has golaý ýerleşýän adalar, olaryň suwy örän arassa. Ýöne, bu ýerde, beýleki adalara garaňda, dürli gönüşli merjen gaýalary ýokdyr. Ýöne, deňiziň çäge basan düýbünden ýüzüp geçeniňizde ençeme suw jandarlaryna duş gelersiňiz. Ko Rin ýaly kenardan has içgin ýerleşýän adalarda bu sebitde iň gowy hyzmatlar hödürlenilýär, ýöne olaryň bahasy beýlekileriňkiden gymmatrakdyr. Bu künjekde üç sany suwuň düýbine çöken gämiler bolup, olar gyzykly suw asty ýüzüşler üçin peýdalanylýar. Olaryň içinde iň meşhury «Hardeep» gämisidir. Ikinji jahan uruşy ýyllarynda bu gäminiň üstüne bomba taşlanypdyr we heläkçilik zerarly, ol deňziň düýbüne çöküpdir. Gämileriň beýlekisi «H.M.S Kramdyr», ol Tailandyň Sontanlyk harby-deňiz flotunyň harby gämisi bolup, janly ekoulgamy döretmek we daýwinge täze ýer açmak maksady bilen ýörite gark edilipdir. Bu künjekde deňziň çuňlugy 6-30 metre ýetýär we ýerine baglylykda suwuň aşagynda 5-20 metre çenli aralygy arkaýyn saýgarmak bolýar. Siziň sapara ugraýan wagtyňyza we howa şertlerine görä, daýwing boýunça hünärmenler size has baý maglumatlary aýdyp bilerler. Siz bu ýerde ýyl boýu suw asty ýüzüşler bilen meşgullanyp bilersiňiz. Ýöne ýüzüşleriň iň amatly wagty Mart-Sentýabr aýlarynyň araygydyr. Maşynda gidilende Pattaýýa Bankokdan bary-ýogy iki sagatlyk daşlykdadyr; şeýlede bu aralyga jemgyýetçilik ulaglary hem gatnaýarlar.

Ta-le-Taýda dynç-alyşlar barada maglumatlary bilerin diýseňiz http://www.tourismtailand.org Archived 2011-09-26 at the Wayback Machine ýa-da http://www.talaythai.com saýtlaryna ýüz tutuň.