Awiasiýa psihologiýasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Awiasiýa Psihologiýasy - psihologiýa ylmynyň uçuş işleriniň psihologiki meselelerini öwrenýän pudagy. Ol uçuş şertlerine baglylykda uçuş işiniň dürli görnüşleriniň psihol. aýratynlyklaryny, şahsyýetiň, awiasiýa tehnikasynyň psihol. hal-häsiýetini we okadylyş metodlaryny öwrenýär. Uçujynyň howa giňişliginde bolan wagtyndaky psihik prosesleriniň geçişi beýleki adamlaryňkydan tapawutlanýar. Bu ylym uçuş döwründe uçujynyň nerw sistemalarynyň, esasan hem kelle beýnisiniň uly ýarym şar bardasynyň iş ukybynyň, ünsüni çalt we dogry peýdalanmagyň, daşky täsirleri kabul ediş tizliginiň, priborlaryň işleýşine yzygiderli gözegçilik edişiniň psihol. aýratynlygyna gözegçilik edip, şony öwrenýär. Awiasiýa psihologiýasynyň geçirýän synaglarynyň netijeleri awiasiýada zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, howpsyzlygy saklamak, uçujylaryň samolýotda uçmaga bolan ukybyny kesgitlemek üçin peýdalanylýar.