Mazmuna geçiň

Awiasiýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Awiasiýa (latyn dilinde avis - guş) - Ýeriň töweregindäki howa giňişliginde howadan agyr enjamlarda uçuş. 20 asyryň 60 ýyllarynda awiasiýada uçarlar, dikuçarlar we planerlar ulanylýar. Awiasiýa raýat awiasiýa hem-de harby awiasiýa bölünýär. Raýat awiasiýasyna transport, sanitar, türgenleşik - sport awiasiýasy hem-de ýörite niýetlenen ( oba hojalyk awiasiýasy, aerofotosýomka, aragatnaşyk, geologiki aňtow, balyk promyselleriniň aňtowlary we ş.m.) awiasiýa girýär. Howa ýollary boýunça ýük daşamak we ýolagçylary regulýar gatnatmagy üpjün etmek üçin raýat awiasiýasynyň ygtyýarynda: turboreaktiw, tubowintli we wintomotorly uçarlaryň, dikuçarlaryň parky, uçuşlary üpjün edýän dolandyryş hyzmatlary hem-de radiotehnik, meteorologik, ýagtylyk tehniki serişdeleri; aerodromlar we aeroportlar bolýar.
Rus alymy M. W. Lomonosow 1754 ýylda pružin bilen tow berilýän dikuçaryň modelini gurupdyr we şeýle enjamyň uçup biljekdigini praktikada subut edipdir. 1881 ýylda Russiýada deňiz ofiseri A. F. Možaýskiniň howada uçýan snarýad diýip atlandyran enjamy üçin patent berlipdir. 19 asyryň ahyrlarynda we 20 asyryň başynda öňde barýan döwletleriň alymlary awiasiýa barada köp sanly teoretiki hem eksperimental gözlegler geçirip başlaýarlar. Rus alymy prof. N. Ýe. Žukowskiý we onuň okuwçysy akad. S. A. :aplygin aerodinamika ylmynyň ösmegine aýgytly goşant goşýarlar. 1902 ýylda Moskwa döwlet uniwersitedinde Žukowskiniň inisiatiwasy boýunça Russiýada ilkinji gezek aerodinamik turba gurulýar. Amerikan mehanikleri doganlar U. we O. Raýt ilkinji bolup, uçara içinden ýandyrylýan dwigatel goýdular. 1903 ýylyň Bitaraplyk aýynyň 17-sine olaryň kerosin bilen işleýän dwigatelli uçarynyň ilkinji uçuşy üstünlikli geçdi. 1904 ýylda Moskwanyň eteginde - Kuçinoda aerodinamik institut döredildi.
1914 ýylda başlanan I jahan urşy awiasiýanyň ösmegine ýardam etdi. Awiasiýany harby maksatlar üçin giň ulanyp boljakdygy belli boldy. Agyr uçarlary gurmak boýunça Russiýa birinji orny eýeledi. Sikorskiniň 1913 ýylda gurlan 4 motorly "Ilýa Muromes" uçary 800 kg çenli bomba, 3-7 pulemet we 8 adamdan ybarat bolan ekipažy göterip bilýärdi. 1918 ýylda Howa flotynyň kollegiýasy döredildi. Şol ýyl Merkezi aerogidrodinamik institut döredildi we oňa N. Ýe. Žukowskiý ýolbaşçylyk etdi. 1930 ýylda Sergo Orjonikidze adyndaky Moskwa awiasiýa inistitudy döredildi. 20 ýyllarda uçar gurluşygy boýunça A. N. Tupolewiň, N. N. Polikarpowyň, D. P. Grigorowiçiň konstruktorlar býurosy döredildi. Ilkinji gurlan sowet uçarlarynda uzak aralyklara birnäçe uçuşlar amala aşyryldy, meselem: Moskwa-Pekin (1925), Moskwa-Tokio-Moskwa (1927), Moskwa- Nýu-Ýork (1929). 20 asyryň 30 ýyllarynyň ortasyna çenli SSSR-de kuwwatly awiasiýa senagaty döredildi. Tizlikleri 450–525 km/s çenli bolan I-15, I-16 (1933) we I-153 (1938) uçarlary we ýük göterijiligi uly bolan birnäçe bombalaýjy uçarlar guruldy. Beýik Watançylyk urşunyň başlanan wagtyna çenli istrebitel uçarlaryň tizligi 600–650 km/s ýetdi we olar 11–12 km beýiklige uçup bilýärdiler.
Awiasiýa Beýik Watançylyk urşy döwründe hem ösdi. Bu döwürde dürli tipli harby uçarlar döredildi. Meselem: La-5, Ýak-1, MiG-3, Pe-2, Il-4, Tu-2 we başgalary. Wintsiz işleýän, kuwwatly we ýeňil reaktiw dwigateliň döredilmegi Awiasiýada tehniki öwrülişigiň başlangyjy boldy. Eýýäm 30 ýyllaryň II ýarymynda SSSR-de, Angliýada, Germaniýada, Italiýada we ABŞ-da reaktiw dwigatelleri döretmegiň üstünde uly işler geçirildi. 1940 ýylyň Baýdak aýynda kosmos gämilerini dörediji S. P. Korolýowyň (serediň) konstruksiýasy boýunça ýasalan SK-9 raketoplanynda lýotçik W. P. Fýodorow SSSR-de ilkinji reaktiw uçuşy amala aşyrdy. Beýik Watançylyk urşundan soňky döwürde SSSR-de awiasiýa has güýçli ösüp başlady. 60 ýyllaryň ortalarynda uçarlaryň uçuş tizligi 3000–5000 km/s ýetdi.
Graždan Awiasiýasy SSSR-iň bitewi transport sistemasyna girýär. Aeroflotyň döredilmegi W. I. Leniniň ady bilen baglanyşyklydyr. 1923 ýylyň Baýdak aýynyň 9-na Graždan Awiasiýasynyň dörän güni hasaplanýar, çünki şol gün W. I Leniniň inisiatiwasy boýunça ýurdumyzda graždan howa flotunyň - Graždan awiasiýasynyň soweti döredildi. Tiz wagtdan Moskwa we Nižniý Nowgorod aralygyna ilkinji kadaly howa ýoly açylýar. 1933 ýylda şol ýol boýunça 229 ýolagçy gatnadyldy. Ondan bäri takmynan ýarym asyr geçdi. Şol döwür içinde ýurdumyz kuwwatly awiasiýaly döwlete öwrüldi. Häzir h. h-nyň pudaklarynda graždan awiasiýasynyň hyzmatlaryndan peýdalanylýar. Beýik Watançylyk urşundan soňky döwürde harby awiasiýa bilen bir hatarda bütin dünýäde graždan awiasiýasy hem güýçli ösüp başlady. 30 ýyllaryň ortasynda 24 orunly Li-2 samolýotyň (Duglas DS-3 firmasynyň amerikan lisenziýasy boýunça) gurulmagy SSSR-de graždan awiasiýasynyň ösmegine ýardam etdi. Ilýuşiniň iki motorly Il-12, soňra kämilleşdirilen Il-14 samolýotlarynyň döredilmegi bilen SSSR-de graždan awiasiýasynyň uruşdan soňky ösüşi başlandy. Reaktiw tizlikli ýolagçy samolýotlarynyň ilkinji uçuşlary iňlisleriň "Kometa" samolýotynda 1949 ýylda, sowet Tu-104 samolýotynda bolsa 1955 ýylda amala aşyryldy. 1957-1959 ýyllarda Il-18, Tu-114, şonuň ýalyda O. K. Antonowyň konstruktorlar býurosynyň kollektiwi tarapyndan An-10, An-24 ýolagçy samolýotlary döredildi.
Fransiýada gurlan turboreaktiw ýolagçy samolýoty "Karawella" iki konturly dwigateli fýuzelýažyň guýruk böleginde ýerleşdirilýän samolýotlary döretmegiň başlangyjy boldy. 1965 ýylda SSSR-de Antonowyň konstruksiýasy boýunça dünýäde iň uly An-22 ("Anteý") transport samolýoty guruldy. "Anteýde" her biriniň kuwwaty 15 müň at g. deň bolan 4 sany turbowintli dwigatel ýerleşdirildi. Ol 80 t. peýdaly ýüki 5 müň km. aralyga 740 km/s tizlik bilen äkidip bilýär. 1967 ýylyň 26 oktýabrynda bu samolýotda 100,4446 T. ýüki 7800 m. ýokary götermek boýunça rekord goýuldy. 1968 ýylda üç reaktiw dwigatelli Tu-154 samolýoty ilkinji uçuşy amala aşyrdy. Bu samolýot 164 ýolagçyny 1000 km/s tizlik bilen 6 müň km çenli aralyga äkitmäge niýetlenendir.
60 ýyllaryň ahyrynda birnäçe ýurtlarda ses tizliginden hem ýokary tizlikli ýolagçy samolýotlary döretmek barada işler dowam etdirildi (SSSR-de Tu-144, Angliýada we Fransiýada "Konkord", ABŞ-da "Boing-2707"). Şeýle samolýotlaryň ilkinjisiniň (Tu-144) uçuşy 1968 ýylyň 31 dekabrynda boldy.
TSSR-de ilkinji howa ýoly 1928 ýylda Türkmenabat - Daşoguz aralygynda açyldy. Aşgabatda birinji gezek 1934 ýylda samolýotlardan 6njy transport otrýady düzüldi. 1935 ýylda "ANT-3" samolýotynda pilot N. S. Mineýew, bortmehanik K. I. Krukowskiý bilen bilelikde Garagumyň üstünden 460 km uzaklygy gonman uçmaklygy başardy. 1934 ýylda Balaşow şäherindäki lýotçikler taýýarlaýan mekdebi gutaran türkmen ýigidi Anjan Amanow howa korabllaryny sürüp başlaýar. Ondan bäri köp ýyl geçdi we samolýotyň şturwalyna ençeme ýaş türkmen ýigitleri geldiler: K. M. Garajaýew, Myrat Aşyrow, Beki Meňliýew, Annaguly Nowruzow we başgalary indi birinji klasly howa laýnerlerini sürýärler. Häzirki döwürde howa ýoly TSSR boýunça ýolagçylary gatnatmakda köp ulanylýan ýollaryň biri hasaplanýar. 1934 ýyldan TSSR-de ýörite ulanylýan kiçi awiasiýa ösüp başlaýar. Respulikada howa transporty çalt depginler bilen ösýär. 1956 ýylda howa transporty boýunça 79 müňe golaý ýolagçy gatnadylan bolsa, 1969 ýylda gatnadylan ýolagçylaryň sany mln-dan hem geçýär. Howa ýolynyň seti ep-esli giňeldi. Täze howa ýollary: Aşgabat-Kiýew, Aşgabat-Leningrad, Aşgabat-Almaata, Aşgabat-Nowosibirsk we beýleki ýollar döredi. Awiasiýa respublikanyň h. h-nyň pudaklaryna giňden ornaşyp, oba hojalygynda, geologlaryň gözleg işlerinde, täze nebitli, gazly ýerleri özleşdirmekde, ilatyň jan saglygyny goramakda we ş.m. giňden ulanylýar. Awiatorlar Uralyň sebagatyny gaz bilen üpjün edýän Ojak gaz çeşmesini özleşdirmekde hem uly goşant goşdular.