Atmosfera

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Ýer togalagynyñ daş töweregini gurşap alan howa guşaklygydyr. Onuñ galyñlygy (ýer üstünden beýikligi) 20 müñ km-e ýetýär. Atmosferanyñ massasynyñ 9/10 bölegi aşaky 20 km-de (troposfera gatlagynda) ýerleşip, adamzat jemgyýetiniñ hojalyk işlerine gös-göni täsirini ýetirýär. Ýer üstündäki gury howanyň düzümi. Howa dürli gazlaryň mehaniki garyndysy bolup, göwrüm birligi boýunça ony şu himiki elementler düzỷärler: azot – 78,08 %, kislorod – 20,95 %, argon – 0,93 %, kömürturşy gazy – 0,03 %. Az mukdarda neon, geliý, kripton, wodorod, ksenon, we ozon bardyr. Bulardan başga-da howanyň düzüminde himiki elementleriň gaz halyndaky birleşmeleri – metan, ugar gazy, kükürt angidridi, azodyň zakisi, azodyň ikili turşusy we radon girýärler. Howanyň düzümindäki himiki elementler gün radiasiýasynyň täsiri, sebitiň landşaft ýagdaýy we adamyň hojalyk işleri netijesinde üýtgäp durýarlar. Meselem, ýyldyrym çakmaklygyndan azot birleşmeleri, ýurtda senagat kärhanalarynyň köpelmegi bilen kömürturşy gazy döreýär. Ýokardaky agzalan himiki elementleriň birleşmelerinden başga-da, howada suw buglary we tozanlar bardyr. Olar umumylykda aerozollar diýip hem atlandyrylýar. Suw buglarynyň atmosferadaky göwrümi 12,9 müň kub. km möçberinde hasaplanylýar (Lwowiç 1971 ý). Howada agdyklyk edýän azot gazy terjime edilende “zoo – ýaşaýyş, a – ýok” ýagny, ýaşaỷşy goldamaýaryn diýen manyny berýär. Emma şeýle-de bolsa, janly organizmleriñ düzüminde azot birleşmeleri duşýar. Olar mineral dökünleri (nitratlar) görnüşinde oba hojalyk önümçiliginde giñden ulanylýar. Kislorod janly-jandarlaryñ ýaşaýşynda (gaz we suwuk halynda), organiki däl jisimleriň ýanmaklygynda we çüýremekliginde uly orun eýeleýär. Ol ähli himiki elementler bilen birleşmeklige ukyplydyr. Azot we kislorod gazlarynyň mukdary atmosferanyň ýokary belentliklerinde üýtgeýär. Olar molekulýar ýagdaýdan atom görnüşine geçýärler. Olaryň üýtgeýiş ýagdaýyny meteoraketalaryň maglumatlaryndan görmek bolýar (1-nji tablisa). 1-nji tablisa. Azot, kislorod we argon gazlarynyň ýokary belentliklerdäki ýagdaýy, %. Beýiklik, km N2 O2 Ar Beýiklik, km N2 O2 Ar 65 80 19 0,91 82-85 74 24,5 0,77 75-80 78 21 0,93 85 78 21 0,86 80 78 21,5 - 95 77 21,5 0,76

 Atmosfera himiki düzümi boýunça gomosfera we geterosfera bölünýär. Gomosfera – Ýer üstünden 80-100 km beýiklige çenli bolan atmosfera gatlagy bolup, onda howanyň esasy himiki düzümi (suw buguny, kömürturşy gazyny we ozony hasaba almasak) üýtgemeýär. Geterosfera - 100 km beýiklikden ýokardaky atmosfera gatlagy bolup, onda howanyň himiki düzümi we molekulýar agramy beýiklik boýunça üýtgeýär. Geterosferada atmosferany düzüji gazlar atomlar ýagdaýnda bolýarlar. 120 km beýiklikde bütinleý diýen ýaly ähli kislorod, 220 km-den başlap ýokarlygyna ähli azot dissosirlenýär. Has ýokary belentliklerde wodorodyň atomy agdyklyk edýär. 

Ozon (O3) gazy azlygyna garamazdan (3,2 • 109 t.) stratosferada we mezosferada döreýän hadysalarda uly orun eýeleýär. Ol 0-70 km beýiklik aralygynda duşup, massasynyñ esasy bölegi 25-35 km beýik aralygynda ýerleşýär. Ozon kislorodyñ molekulasyna ultramelewşe şöhleleriñ täsir etmeginden, aşaky gatlaklarda bolsa ýyldyrym razrýadlarynyñ täsirinden döreýär. Bu gaz gün radiasiýasynyñ 4-%-ni özüne siñdirýär we ýer üstündäki janly-jandarlary günüñ korpuskulýar we ultramelewşe şöhlelerinden goraýar. Atmosferadaky durnuksyz elementleriň biri hem kömürturşy gazydyr. Ol agaçlaryň gury agramynyň 45-50 %-ni tutýar. Howada kömürturşy gazynyň döremekligi organiki däl jisimleriň ýanmagynyň we organiki maddalaryň çüýremeginiň, janly jandarlaryň ulanan (işlän) howasynyň hasabyna bolỷar. Şeýle hem bu gaz hereket edýän wulkanlar, tokaý agaçlarynyň ot almagy, tebigy gazly çeşmeler zerarly köpelip biler. Muña mysal edip 1883-nji ýylda atylan Karakatau, 1912-nji ýylda atylan Katmaý wulkanlaryny we Tunguskiý meteoritini almak bolar. Kömürturşy gazy (CO2) organiki birleşmeleriň turşulyk önümi bolup, olaryň çüỷremeginden we ýanmagyndan (şol sanda ýangyçlar hem ýananda), haýwanlaryň dem almagyndan bölünip çykýar. CO2 mukdary köplenç halatda hemişelik ýagdaýda bolýar, ýöne howanyň ýere galtaşýan gatlagynda ýerli şertleriň aýratynlygyna hem bagly bolýar. Iri senagatly şäherlerde ol has duýarlyklydyr. Senagatly sebitlerde kömürturşy gazynyň mukdary 0,05 % çenli ýokarlanyp biler, şäherlerden uzakda 0,03 % köp bolmaýar. Polýar guşaklykda bu görkeziji has-da azdyr, meselem, Antarktikada bary-ýogy 0,0205 %. Bu gaz atmosfera howasynyň beýleki gazlary bilen täsirleşme (reaksiýa) geçirmeýär. Atmosferanyň turbulentliligi zerarly CO2 mukdary beýiklik boýunça az üýtgeýär. Ýöne bu gazyň mukdary has ýokary beýiklikde azalmagy mümkin. Bu gazyň saklanýan araçägi 70-100 km beýiklikden geçmeýär. Soñky 100 ýylyñ içinde onuñ mukdary Ýer togalagy boýunça 0,029 %-den 0,032 %-e, iri şäherlerde bolsa 0,05 %-den 0,07 %-e çenli artypdyr. Elbetde, bu ýer ýüzünde kömrüñ, nebitiñ, gazyñ, magdanly we magdan däl jynslaryň işlenilmeginiñ hasabyna bolup geçýär.