Klimatologiýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýer togalagynyñ klimatlary hakyndaky ylymdyr. Aýratyn ýurtlaryñ klimatyna häsiỷetnama berlende meteorologiýanyñ kanunlaryndan we maglumatlaryndan peýdalanylýar. KLIMAT – howa düzgüniniñ köp ýyllyk gaýtalanyp gelýän kanunalaýyk gatnaşygydyr. Ol grek dilinde “gyşarmak”, ýagny gün şöhleleriniñ Ýer togalagy boýunça deñ düşmezligini añladýar. Klimat türki dil toparynda “yklym” diýlip atlandyrylýar. Klimatyñ döremekliginde, klimaty emele getiriji hadysalar we şertler uly orun eýeleýärler, klimaty emele getirii hadysalara ýylylyk we çyg aýlanyşygy, atmosferanyñ umumy sirkulýasiýasy degişli. Klimatyñ dürli bolmaklygynda geografik giñligiň, gury ýeriñ we suwuñ paýlanyşynyň, orografiýanyň we belentlikleriň, toprak we ösümlik örtüginiň, gar örtügi we buzluklaryň, umman hem-de deñiz akymlarynyň, şeỷle hem adamyň täsiri uludyr. Olar klimaty dörediji şertler hasaplanylỷar. Ýer togalagynyñ klimatlary – geografik zolaklaryň , materikleriñ we deñizleriñ, agdyklyk edýän ýelleriñ we ýurduñ (sebitiñ) ýerli aýratynlyklary göz öñüne tutulyp añladylýar. Meselem, Türmenistan çürt-kesik kontinental klimaty, Baltikaýaka ýurtlary deñiz klimaty bilen tapawutlanýarlar. Bulardan tapawutlylykda Uzak Gündogaryñ klimaty musson görnüşlidir. Bu ýerde ỷeller köplenç möwsümleýin öwusýärler. Klimatyñ döremekligine orografiýa uly täsir edýär. Sumbar we Çendir jülgeleri, Zakawkaziýa, Krymyñ günorta bölegi subtropik klimatly sebitlerdir. Olaryñ demirgazyk bölegi dag gerişleri bilen goralan bolup, olar sowuk howa massalarynyñ çäge aralaşmaklygyna mümkinçilik bermeýärler. Meteorologiýa ylmynyñ esasy usuly howa elementlerine we atmosfera hadysalaryna gözegçilik geçirmeklikdir. Ol ýörite gurnalan meteorologik beketlerde we gözegçilik nokatlarynda alnyp barylýar. Ýurduñ howa şertleri şeýle hem aktinometrik, aerologik we agrometeorologik beketleriñ kömegi bilen hem öwrenilýär. Aktinometrik beketlerde radiasiýa balansyna degişli elementler ölçense, aerologik beketlerde troposferanyñ ýokary gatlaklarynyñ howa şertleri öwrenilýär. Agrometeorologik beketlerde meteorologik elementleriñ we hadysalaryñ oba hojalyk ekinlerine we maladarçylyga täsiri öwrenilýär. Sdandart meteorologik meýdança 26 x 26 inedördül metr möçberinde kabul edilendir. Olarda gözegçilikler adatça ýerli wagt boýunça sagat 0, 3, 6, 9, 12, 15, 18 we 21-de geçirilýär. Atmosferanyñ howa ýagdaýlaryny öwrenmeklik işi şeýle hem meteorograf berkidilen zond şarlarynyñ, aerostatlaryñ, radiozondlaryñ, şeýle hem meteorologik we geofiziki raketalaryñ, howa hemralarynyñ üsti bilen amala aşyrylýar. Howa hemralarynyñ uçurylmagy howa çaklamasynyñ takyklygyny 85-90 %-e çenli ýokarlandyrdy. Olardan alynýan maglumatlar elektron hasaplaýjy maşynlarda (EHM) işlenilýär we atmosfera hadysalarynyñ ýagdaýy gysga wagtda awtomatik gurallar arkaly modelleşdirilýär. Gözegçilik usulyndan başga meteorologiýada tejribe barlaglary (eksperiment) hem ulanylýar. Muña ýer üstüne ýakyn ýerleşen bulutlary we ümürleri pytratmak, doly saklanýan bulutlary ýagşa öwürmek, suwarymly ýerlerde emeli bulutlary we ýagynlary döretmek hem-de ýagdyrmak mysal bolup biler. Tejribe barlaglary howa ulaglary we ekerançylyk üçin peýdalydyr. Howa çaklamasynyñ hilini gowulandyrmak maksady bilen, BMG-niñ tagallasy bilen 1951-nji ýylda Bütindünýa meteorologiýa guramasy döredilýär. Onuñ işine 154-den gowrak döwlet gatnaşýar we ol 5 çäkde 4 ugur boýunça gidrometeorologiýa işlerini alyp barýar: 1) Bütindünýä meteorologiýa gullugy. 2) Bütindünýä meteorologiýa guramasynyñ ylmy-barlag maksatnamasy. 3) Bütindünýä meteorologiýa guramasynyñ daşky gurşaw we onuñ adama täsir edişini öwrenmek maksatnamasy. 4) Bütindünýä meteorologiýa guramasynyñ tehniki bileleşiginiñ maksatnamasy. Olaryñ operatiw ýolbaşçylygy Moskwada, Waşingtonda we Melburnda ýerleşip, bütindünýä howa merkezleri häzirki döwrüñ EHM kompỷuter enjamlary we sinoptiki kartalary düzýän we derñew berýän ýörite maşynlar bilen üpjün edilendir. 1974-nji ýylda Bütindünýä meteorologiýa guramasynyñ maksatnamsyna atmosfera hadysalaryny jümle-jahan möçberde öwrenmeklik, atmosferanyñ hapalanmagynyñ öñüni almaklyk ýaly meseleler hem goşuldy.