Mazmuna geçiň

Arapmuhammet han

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Arapmuhammet han 1602-1621-nji ýyllarda Hywada hanlyk edipdir. Ol ilki Durunyň hökümdary, kakasy Hajymuhammet han ölenden soň, bütin Hywanyň hany bolýar. Onuň höküm süren döwründe Horezmde gazaply gandöküşikli feodalçylyk uruşlary bolupdyr. Şol uruşlara türkmen han-begleri we taýpalary köpçülikleýin gatnaşypdyrlar. Ol uruşlar Horezmi we bütin Orta Aziýany Rus döwleti bilen baglanyşdyrýan söwda ýollaryny, ýer-suwy, syýasy häkimiýeti eýelemek maksady bilen alnyp barlypdyr.

Arapmuhammet han halkyň suwa bolan mätäçligini ýeňilleşdirmek üçin 1602-nji ýylda Amyderýanyň aşak akymynda, Nöküsiň demirgazyk tarapynda uly kanal gurdurypdyr. Emma bu hem suw ugrundaky göreşi gowşadyp bilmändir, suw gytçylygyny kanagatlandyrmandyr.

Arapmuhammet han döwründe Horezmde ilki türkmen han-begleri agalyk ediji ýagdaýy eýeläpdirler, emma soňra birwagtlar bu ýerden göçüp giden goňratly, maňňytly özbek taýpalary we başgalar Horezme gaýdyp gelipdirler. Şol taýpalaryň han-begleri özleriniň ozalky agalyk ediji ýagdaýyny eýelemek ugrunda dawa edip başlapdyrlar. Arapmuhammet han olaryň talaplaryny kanagatlandyrmandyr. Şoňa görä-de, naýmanlar we uýgurlar Arapmuhammet hana garşy bolupdyr. Arapmuhammet hanyň ogullary Hebeş we Ilbars bolsa şolara daýanyp, öz kakasyna garşy çykypdyr, ony tagtyndan agdarypdyr hem-de gözüni oýupdyr.

Türkmen hanlary we serdarlary.A.:Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy “Ensiklopediýa” neşirýaty, 1992