Anonymous
Anonymous (grupba) Anonymous aktiwistlerden we häktiwistlerden düzülen grupbadyr. Bu grupba “Internet mejlisi” we “ düşünjä görä däl-de gönükdürmelere görä hereket etýän we bir merkeze bagly bolmadyk desga” diýip kesgitlenýär. Bu grupba hökümet, dini we firma websaýtlaryna eden hyzmatyň köpçülikleýin durdurylmasy (DDOS) hüjümi we halka açyk stantlary bilen tanaldy. Anonymous 2003-nji ýylda 4chan websaýtynda guruldy. Bu grupba onlaýn we offlaýn anarhik jemgyýetiň wekilçiligini etýär. Anonymous agzalary (“Anonlar” diýip tanalýarlar) Guy Fawkes maskalaryny geýýändikleri bilen tanalýarlar. Başlarda bu grupba bir merkeze bagly bolmadyk we anonim şekilde etýän keýpi-sapalaryna görä etýän şady-horramlyklary bilen tanaldy. 2008-nji ýyldan soň “Çanologiýa proýekti” bilen Saýentologiýa serkowlaryna garşy halkara derejede protestolar we häklemeler etdiler. Özlerini Anonymous agzalary hökmünde tanatýan kişiler dijital (sifrowoý) garakçylyga garşy göreşýän firmalara garşy protestolar we başga hereketler hem gurnadylar. Mundan soňra Anonymous Amerika, Izrail, Tunus, Uganda we.ş.m. döwletleriň agenstwalaryna, YŞYD-a, çaga pornografiýa saýtlaryna, awtor hukuklaryny goraýan agenstwalara, Westboro Baptist Serhowyna we PayPal, MasterCard, Visa, Sony ýaly korporasiýalara garşy haktiwisim hereketlerini amala aşyrdylar. Anonlar WikiLeaks we The Occupy hereketini açyk şekilde goldadylar. Anonymous-a meňzeş LulzSec we Operation AntiSec grupbalary kanuny goraýyjy edaralaryň ünsüni özüne çeken Amerikanyň döwlet agenstwalaryna, telewizor ýaýlymalaryna, wideo oýun kompaniýalaryna, armiýa işgärlerine we polisiýa işgärlerine garşy kiber atakalaryny gurnadylar. Bu grupba anti-Zionist hereketleri bilen tanalýar. Anonymous Israili Internetden pozjakdygyny aýdyp haýbat atypdyr we Ýom HaŞoah (Ýewreýleriň matam güni,) gününde Israil websaýtlaryna garşy #OpIsrael ady bilen kiber hüjümlerini amala aşyrypdyrlar. Amerika, Beýik Britaniýa, Awstraliýa, Nederlandiýa, Ispaniýa we Türkiýeden Anonymousyň eden kiber hüjümlerinde ýer alan onlarça kişi tussag edildi. Anonymousy goldaýanlar olary “sifrowoý Robin Gudlar” ýa-da “erkinlik söweşçileri” diýip atlandyrypdyrlar emma olary tankytlaýanlar bolsa olary “kiber galtamanlar” ýa-da “kiber terroristler” diýip atlandyrypdyrlar. 2012-nji ýylda Time žurnaly Anonymousy dünýäniň iň täsirli 100 adamynyň arasynda belläp geçipdir. Filosofiýasy Anonymousyň hiçhili kesgitlenen bir filosofiýasy ýok we olaryň özara düşünişmezlikleri köp duş gelinýän hereket. Bu grupba bagly bolan bir websaýt Anonymousy “Internet mejlisi” we “ düşünjä görä däl-de gönükdürmelere görä hereket etýän we bir merkeze bagly bolmadyk desga” diýip düşündiripdir. Müňlerçe agzasy bolan grupbany bir gönükdirmä görä hereket etdirmek kyn ýaly görünse-de Anonymous agzalarynyň aglabasy öz düşünjelerini, pikirlerini we reaksiýalyryny beýan etmeýärler, emma gönükdirmeleri berýän azlyk topar hereketleriň başlanmasynda uly rol oýnaýar. Muny has giňişleýin ele alsak Anonymousyň internet sensurasyna (censorship) we dolandyryjylygyna garşydygyny we hereketleriniň aglabasynyň sensurlaýan kompaniýalara, agenstwalara, we organizasiýalara gönükdirilendigini görýäris. Anonlar ilkibaşdan Occupy hereketini we Arap baharyny goldapdylar. 2008 ýylyndan bäri Anonlaryň arasynda oýunlara dowam etmelidikleri ýa-da has çynlakaý işlere çemeleşmelidikleri bara düşünişmezlikler bolup gelýär. “Biz [Anonymous] adaty jemgyýetde edip bilmejek zatlarymyzy Internetde başarýarys. Anonymousyň asyl sebäbi şol. Aramyzda şeýle söz bar: ‘Biz muny lulz (gülmek) üçin etýäris.’ ” Anonymousyň hiç hili lideri ýoklugy sebäpli etýän hereketlerini ähli agzalaryna ýükläp bolmaýar. Parmy Olson we başgalary Anonymousy gowy organizasiýaly we ideýaly görkezýän teleýaýlymlary tankytlapdyrlar. Olson şeýle diýýär: “Hereketleri başlatýan belli bir lider ýok emma planlamaga ukyply kişiler toplanyp bu hereketleri başlatýarlar. Anonlaryň käbirleri kanuny şekilde çözüm tapmaga çalyşýarlar, käbirleri bolsa DDOS we häklemek ýaly illegal ýollara baş urýarlar. Anonymousa goşulmak herkime açyk. Eger özüňi Anonymousyň bir agzasy hökmünde görseň, sen Anonymousyň agzasy. Herkim bu grupba agza bolup bilýänligi sebäpli Anonymousyň müňlerçe agzasy we müňlerçe goldawçysy bar. Agzalaryň şahsy maglumatlaryny paýlaşmazlyk, grupba hakynda gürlemezlik we teleýaýlymlara hüjüm etmezlik Anonymousyň esasy kadalary. Agzalar esasan “ Biz Anonymous. Biz legion. Biz bagyşlamzok we ýatdan çykarmaýarys. Bize garaşyň. (We are Anonymous. We are Legion. We do not forgive. We do not forget. Expect us.)” sloganyny ulanýarlar. Taryhy 4chan çozuşlary (2003-2007) Anonymous ady 4chan saýtyndaky agzalaryň anonim şekilde mowzuk paýlaşyp we teswir ýazyp bilýändiklerinden ylhamlanypdyr. Anonymous ady esasan 4chanyň anonim şekilde çemgelen zat ýazyp bolýan /b/ tagtasynda ulanylýardy(iň tanymaly). Myhmanlar hiçhili registrasiýa etmän gizlin şekilde maglumat paýlaşyp bilýärdiler. 2004-nji ýyldan soň 4chan admini hökmany anonlyk düzgünini ýükledi. 4chan has tanymal bolanyndan soňra Anonymous düşünjesi internet jary (meme) halyna geldi. 4chanyň /b/ tagtasynyň agzalary häli-şindi toplanyşyp garagollyklara we çozuşlara sebäp bolýardylar. Meselem 2006-njy ýylyň Iýul aýynyň 12-sine, köp sanly 4chan ulanyjysy Fin sosial saýdy Habbo hotelini hüžžük saçly gara adam awatary bilen agza boldular. Soňra oteliň howuzyny beýleki agzalara ulanmaz ýaly edip basyp aldylar we “HIW wirusy sebäpli ýapyldy” ýazgysyny ýazdylar. LulzSec haker toparynyň agzasy Topiary anonlary Skype arkaly etýän oýunlaryna çagyrdy we köp ses getirdi. 4chanyň agzalary köpeleninden soňra anonlary IRC(Internet mejlis söhbetdeşligi) –ni ulanyp çozuşlary gurnamaga başladylar. Bu çozuşlar Anonymous hakynda ilkinji teleýaýlym habaryna sebäp boldy. Los Angelesda ýerleşýän Fox kanaly Anonymous hakynda habar çykardy we olary “steroidli hakerler”, “öý teroristleri” we “Internet ýigrenç maşynkasy” diýip atlandyrdylar. Dramatica ensiklopediýasy (2004-den şugüne) Dramatica ensiklopediýasy 2004-nji ýylda Şerrod DiGrippo tarabyndan guruldy. Bu saýtyň asyl maksady livejournala meňzeş gybat ýazýan saýt bolmakdy, emma açylanyndan köp wagt geçmänkä Anonymous saýta eýe çykdy we gülküli, ýazgaryjy we.ş.m zatlar ýazmak üçin ulanylmaga başlady. Çanologiýa proýekti (2008) 2008-nji ýylda Anonymous ilkinji gezek häktiwizme goşuldy we Çanologiýa ady bilen Saýantologiýa (bilimologiýa) serkowyna garşy hereketlere başlady. 2008-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-ine Gawker blogy Tom Kruzyň Saýantologiýa dinini öwýän wideosyny paýlaşdy. Serkow bu hereketiň awtor hukuklaryna garşydygyny belläp Gawker blogyna wideonyň pozulmasy üçin hat ugratdy. Anonymous bolsa Serkowa çozuşlar bilen jogap berdi. Serkowyň telefon nomerlerine oýun üçin jaň etmeler, Bilimologiýaň başlygynyň öýüne 200 sany pizza zakaz edilmesi, syýany tüketýän gap-gara faks ugratmak, websaýtlaryna DDOS hüjümini etmek ýaly birtopar hereketleri etdiler. DDOS hüjümini eden kişilerden käbirleri (tejribeli bolmadyk we IP-lerini gizlemedikler) tussag edildi. Elbetde muňa IRC (söhbetdeşlik gruby) kanalynda gurnaýjylaryň DDOS hüjüminiň howpsyz bir hereketdigini aýtmalary hem sebäp boldy.
- Anonymous International Archived 2022-03-28 at the Wayback Machine