Amangül Berdiýewa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search
Amangül Berdiýewa, 2016-njy ýylda dünýä çempionlygyny yzyna almagyndan soňra.

Amangül BerdiýewaTürkmenistanly halkara grossmeýster we iňlis-amerikan şaşkasy boýunça dünýäniň absolýut çempiony.[1] Amangül Berdiýewa şaşkanyň "isleýşiňçe başla" görnüşiniň 2005-nji ýylda Praga şäherinde geçirilen zenanlar üçin ilkinji dünýä çempionaty saýlama tapgyrynda Täze Zelandiýaly Ýan Mortimeriň öňünde gelip birinji orny eýeledi[2] we Ýan Mortimer dünýä çempionlygy üçin 2006-njy ýylda gurnaljak duşuşykdan çekilmegi netijesinde "isleýşiňçe oýna" görnüşiniň dünýä zenanlar çempiony yglan edildi.[3]

Amangül Berdiýewa 2007-nji ýylda Irlandiýanyň Bunkrana şäherinde şaşkanyň 3-göçüm görnüşinde dünýä çempiony Patrisia Brine erişdi we ony ýeňdi we dünýä çempiony täjini ele aldy.[3][4] 2011-nji ýylda Türkmenistanly Hurma Toýewa oňa dünýä çempionlygy üçin erişdi we Amangül Berdiýewa öz täjini üstünlikli gorady.[5]

2012-nji ýylda Amangül Berdiýewa 2012 World Mind Sports Games bäsleşiginde iňlis şaşkasy ýaryşynda 2-nji orny eýeledi, 1-nji orny Ukrainaly Nadiýa Çyžewska eýeledi.[6] Amangül Berdiýewa "isleýşiňçe oýna" şaşka dünýä çempionaty 2013-de" çempionlyk duşuşygyna çykmady we netijede dünýä çempionlygy täji Ukrainaly Nadiýa Çyžewaska geçdi.[7] 2016-njy ýylda Amangül Berdiýewa Rimde geçirilen dünýä çempionatynda çempionlyk täjini gazandy[1][8][9]

Salgylanmalar[üýtget | edit source]

  1. 1.0 1.1 "Amangül Berdiýewa - iňlis-amerikan şaşkasy boýunça dünýäniň absolýut çempiony! Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi  /   14.06.2016r"
  2. "Jim Morrison wins World Qualifier!". The American Checker Federation. October 17, 2005. Retrieved 2014-08-21. 
  3. 3.0 3.1 Women's World Championship (3 Move) Match 2007. Patricia Breen Vs Amangul Durdyeva" (PDF). World Checkers & Draughts Federation. Retrieved 2014-08-21.
  4. State News Agency of Turkmenistan
  5. "Congratulations to Amangul". The American Checker Federation. August 8, 2011. Retrieved 2014-08-21. 
  6. "Achievement of the Turkmen checkers players at the World Mind Sports Games" (Rus dilinde). Türkmen döwlet habarlar gullugy (TDH).2012-08-26. Ulaşylan senesi 2013-09-06
  7. Results of the 2013 World GAYP Championship in the ChessArbiter data base
  8. World Championships Women in Checkers (3-move). chessarbiter.com.
  9. "Dama, è calato il sipario sui Mondiali romani con due "azzurrini" sul podio". lazio.coni.it (in Italian). 2016-06-13. Retrieved 2018-08-02.