Alma

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

ALMA

     Alymlar  dünýäde  iň peýdaly  miwäniň almadygyny ylmy barlaglaryň netijesinde subut etdiler. Elbetde,almada bar ýokumlar beyleki miwelerde-de bar. Ýöne  almanyň  düzümindäki ýokumlaryň birleşmesi has ygtybarly hasaplanýar. Halk içinde , esasanam gelin – gyzlaryň arasynda alma adamlary ýaşardýan miwe hökmünde  has hem gowy görlüpdir.
     Arheologlaryň tassyklamagyna görä, adamzat döräli bäri alma iň elýeterli miwe bolupdyr. Ilkidurmuş adamlarynyň  gowaklaryň diwarlarynda çeken suratlarynda ähli miweleriň içinden diňe almanyň suraty köp bolup,ony hatda  Müsür  faraonlarynyň gurup giden  piramidasynyň diwarynda hem görmek bolýar. Gadymy Rim alymy Pliniý  bolsa şol  döwür almanyň 23 görnüşini öz işinde sanap geçipdir. Öňler harby  gullugyna gidýän esgerleriň  azyk paýlaryna  alma hökman goşulypdyr. Şunuň bilen birlikde ,alymlaryň arasynda alma rim esgerleriniň  üsti bilen Ýewropa  ýurtlaryna ýaýrapdyr diýen çaklama hem bar.
    Almanyň düzümindäki C  ýokumy bedeniň keselden goraýjylyk ukyby pes bolanda ,kämahal ýokanç  hem-de  sowuklama  keselleriniň  üstünden eltýär. A ýokumy  - bedendäki  alyş-çalyş ýagdaýyny kadalaşdyrýar. Deriniň,süňküň,görüş ulgamynyň  sagdynlygyny üpjün edýar. G ýokumy iýmit  siňdirişiň kadaly  bolmagyna hem-de boýuň ösmegine gowy ýardam edýär. Onuň düzümindäki demir bolsa ganazlykdan  ejir çekýänler üçin peýdaly ýokumdyr.
   Alma flawanoidlere  hem baý  miwe bolup,olar  antioksidantlyk häsiýetine  hem eýedir. Bu bolsa  almanyň ýürek-damar keselleriniň öňüni almak ukybynyň bardygyny aňladýar. Bir almadaky  antioksidant üç pyrtykalyňka hem-de sekiz bananyňka garanyňda 1,5 esse köpdür. Almadaky  fenollar gandaky holesteriniň işini kadalaşdyrýar.
    Alma- kaloriýasy pes miwe bolansoň,ony kempuda  derek iýmegem bedeniň süýj bolan islegini kanagatlandyrmaga ukyply. Çünki  bir almanyň  düzüminde 70-100 kaloriý bar. Almanyň şiresi  agyz boşlugyndaky dişiň syrçasyny zaýalaýan bakteriýalary ýok edýär. Şonuň üçin  hem lukmanlar her nahardan  soň bir almany iýmegi  maslahat berýäler.