Medeni alma

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Medeni alma Türkmenistanda köp ekilýän ösümlikdir.

Medeni alma ýabany alma aga jyndan gelip çykandyr. Ýabany almalar Ýewropanyň, Aziýanyň we Demirgazyk Amerikanyň aram howa şertinde ösüpdir. Ol Merkezi Aziýanyň daglarynda hem duş gelýär. Alma boýy 610 m bolan agaçdyr. Ol 50–60 ýyla çenli ösüp bilýär. Almanyň galyň gabykly agaç sütünin den köp sanly gapdal şahajyklar aýrylyp gidýär. Gap dal şahajyklaryň hemmesi bilelikde agajyň gabarasyny emele getirýär. Almanyň iri, gyrasy dişelen, köplenç, daşy tüýjagazlar bilen örtülen sada ýapraklary bolýar. Almanyň her bir güli bäş sany ýaşyl okara ýaprak laryndan we bäş sany içi ak, daşy bolsa gyzgylt gül ýap raklaryndan ybaratdyr. Gülüniň içinde 15–20 sany tyçinka we bir miwelik bardyr. Almanyň gülleri mörmöjekleriň, esasanda, bala rylarynyň kömegi bilen garşylykly tozanlanýar. Almanyň güllerinde tozanlanyşyň gowy geçmegi üçin bagyň içinde balaryly gapyrjaklaryň goýulmagynyň uly ähmiýeti bardyr. Tozanlanma we tohumlanma geçip gutarandan soň, güllerden miweler emele gelýär. Almanyň miwesi diňe bir düwünçekden emele gelmän, oňa gül ýatagy hem gatnaşýar. Düwünçek we gül ýata gy özara birleşip miwäni emele getirýär. Düwünçekden miwäniň tohumly özeni, gül ýatagyndan bolsa almanyň şireli ýumşak eti emele gelýär. Gülüň okara ýapragy bolsa almanyň depesinde saklanyp galýar. Almanyň kökleri topragyň 6 m-e çenli çuňlugyna, 10–11 me çenli gapdala ýaýrap gidýär. Almanyň iýmit hemde derman üçin uly ähmiýeti bardyr.