Alek­sandr Graýam Bell

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Alek­sandr Graýam Bell
AdyAlek­sandr Graýam Bell
Doglan wagty 3,Mart, 1847
Şotlandiýa
Ölen wagty 2 Awgust, 1922
Käri In­že­ner - elekt­rik hem fi­zik, Alym
Goşantlary Te­le­fo­ny oý­lap ta­pdy

Alek­sandr Gre­ýam Bell te­le­fo­ny oý­lap ta­pyp­dyr. Ol Şot­lan­di­ýa­nyň Edin­burg şä­he­rin­de do­gul­ýar. Soň­lu­gy bi­len Bel­liň maş­ga­la­sy Ka­na­da, soň­ra hem ABŞ gö­çüp gel­ýär. Bell bi­li­mi bo­ýun­ça in­že­ner - elekt­rik hem fi­zik hem bol­man­dyr. Ol aý­dym – saz we su­han­wer­lik sun­ga­ty mu­gal­ly­my­ bo­lup iş­läp­dir.

Alek­sandr Bell 1893-nji ýyl­da gep­le­ýiş sy­na­sy­nyň fi­zio­lo­gi­ýa­sy bo­ýun­ça Bos­ton uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry bol­ýar. Ol akus­ti­ka­ny, ada­myň gür­leý­şi­niň fi­zi­ka­sy­ny dyk­gat­ly öw­ren­ýär, on­dan soň ses yr­gyl­dy­la­ry­ny ug­rad­ýan en­jam­da tej­ri­be ge­çip baş­la­ýar. Şeý­le­lik­de, ol kem-kem­den te­le­fo­ny dö­ret­mek tag­ly­my­na ýa­kyn­la­şyp baş­la­ýar. Ol eger-­de elekt­rik to­gu­nyň yr­gyl­dy­la­ry­ny dö­re­dip bol­sa, dür­li ses­le­ri ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­jek­di­gi­ne yna­nyp­dyr.

Ba­sym Bell öz iş ug­ru­ny üýt­ged­ýär we bir wag­tyň özün­de bir­nä­çe tekst ug­ra­dyp bol­jak te­leg­raf dö­ret­me­giň üs­tün­de iş­läp baş­la­ýar. Te­leg­raf dö­ret­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­rin­de ýü­ze çy­kan tö­tän­lik ony ýe­ne-de te­le­fo­ny oý­lap tap­ma­ga alyp ba­ran ha­dy­sa­nyň üs­tü­ni aç­ma­ga kö­mek ed­ýär.

Bir ge­zek Bel­liň kö­mek­çi­si ge­çi­ri­ji en­jam­dan plas­tin­ka­ny çy­ka­ryp­dyr. Şon­da ka­bul edi­ji en­jam­da Bell şy­gyr­dy eşi­dip­dir. Bel­li bol­şu­na gö­rä, plas­tin­ka elekt­rik zyn­jy­ry­na ut­ga­şyp so­ňam açy­lan eken. Bell bu ýag­da­ýa örän üns­li çe­me­le­şip­dir. Bir­nä­çe gün­den soň­ra se­si ga­talt­mak üçin sig­nal ber­ýän buý­nuz­dan, dep­rek de­ri­den we uly bol­ma­dyk memb­ra­na­dan yba­rat il­kin­ji te­le­fon en­ja­my dö­re­di­lip­dir. Bu en­jam äh­li te­le­fon en­jam­la­ry­nyň baş­lan­gy­jy bo­lup­dyr. Şeý­le­lik­de, 1876-njy ýy­lyň 10-njy mar­tyn­da Bos­ton­da (ABŞ) il­kin­ji te­le­fon gep­le­şi­gi Alek­sandr Gre­ýam Bell we onuň kö­mek­çi­si To­mas Uot­so­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­lip­dir. Il­kin­ji öý te­le­fo­ny ine şu­nuň ýa­ly oý­la­nyp ta­py­lyp­dyr.

Mu­ňa ga­ra­maz­dan A.G. Bel­le we dür­li ýurt­lar­da­ky in­že­ner­le­re, te­le­fon ara­gat­na­şy­gy hä­zir­ki gör­nü­şi­ne eýe bol­ýan­ça, onuň üs­tün­de ýe­ne-de köp iş­le­me­li bo­lup­dyr­lar.