Alberto Morawia

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Alberto Morawia

(1907-1990)

XX asyr italýan edebiýatynyň iň tanymal ýazyjylarynyň biri Alberto Morawia 1907-nji ýylda Rimde dünýä inýär. Onuň hakyky familiýasy Pinkerle, Morawia bolsa ýazyjynyň edebi lakamydyr. 9 ýaşyndaka Morawia erbet keselläpdir, diňe 17 ýaşynda düzelipdir. Geljekki ýazyjy şol ýarawsyz wagty örän köp kitap okapdyr. Has hem XVII, XVIII asyr ýazyjylaryny (Goldoni, Şekspir, Molýer ýaly ýazyjylary) ürç edip okapdyr. Dilleri hem öwrenipdir: italýan, fransuz, nemes, iňlis dilini suwara bilýär eken. Ol 17 ýaşyndaka ýazyjylyk senedine baş goşupdyr. Hassahanadan çykarylandan soň, Morawia Bressanon atly şäherçede ýaşap, şol ýerde “Biperwaýlar” atly ilkinji romanyny ýazmaga girişipdir. Bu eser 1929-nji ýylda çap edilip, döwrüň syýasy gapma-garşylyklaryna garamazdan, ýazaryna derrew şöhrat getirýär. Mundan soň ýazyjy özüniň pikirdeş italýan ýazyjylary Korrado Alwaro we Massimo Bontempelli bilen dostlaşýar, “XX asyr” žurnalyna işe girip, ol ýerde “Ýadan Kortijiana” atly nowellasyny çap edýär. Ol wagtky Italiýada häkimýetlik eden faşistler “Biperwaýlar” romanynda özlerine garşy pikirleri tapyp, ýazyja garşy göreşip başlaýarlar. Şonuň üçin ýazyjy uzak wagtlap syýahat edýär, ýol ýazgylarydyr makalalaryny “La Stampa” gazetinde çap etdirýär. Morawia Gresiýada, Hytaýda, ABŞ-da, Fransiýada, Meksikada bolýar, ol ýerleriň ýokary okuw jaýlarynda I.Niewo, A.Mandzoni, J.Werga ýaly ýazyjylar baradaky leksiýalar bilen çykyş edýär.

1937-nji ýylda Italiýa gaýdyp baranyndan soň, ýazyjy “Bompiani” žurnalynda “Ýalan” atly hekaýalar ýygyndysyny çap etdirýär. 1941-nji ýylda Morawianyň “Maskarad” atly antifaşistik romany kitap bolup çykýar. Bu romandan soň ýazyja eserlerini çap etmek gadagan edilýär, şonuň üçin ýazyjy makalalaryny “Pseudo” lakamy bilen çykartmaga mejbur bolýar. Uruş döwri Morawia Kapride ýaşap, ol ýerde “Agostino”(1944) romanyny tamamlaýar. Şol döwürlerde hem “Epidemiýa” ýygyndysyna girizilen hekaýalary çap edilýär. Uruş döwri gören zatlarynyň täsirinde Morawia “Çoçara”(1957) atly iň belli romanlarynyň birini döredýär. Italiýa, Rima gaýdyp baranyndan soň ýazyjy has hem öndümli işleýär, “Karriere della sera” gazetinde ömrüniň ahyryna çenli makalalary bilen çykyş edýär, döwrüň her bir wajyp hadysalaryna seslenýär.

Alberto Morawianyň uruşdan soňky döwürlerde ýazan eserlerinden “Rimli”(1947), “Konformist”(1951), “Ýigrenç”(1854), “Gam-gussa”(1960), “Üns”(1965), “Men we ol”(1971), “Içki durmuş”(1978) romanlary, “Boýunegmezlik”(1948), “Är-aýalyň durmuşyndan”(1949) powestleri, “Rim hekaýalary”(1954), “Täze Rim hekaýalary”(1959), “Atom”(1962), “Jennet”(1970), “Başga durmuş”(1873), “Bäh”(1976), “Zat”(1983) atly hekaýalar ýygyndylary bütin dünýäde meşhurlyk gazanyp, okyjylar tarapyndan söýülip okalýan eserlere öwrülýär. Morawia “Täze deliller” atly žurnal açýar, onda Sartr, Wittorini, Italo kalwino ýaly ýazyjylar öz eserlerini çap etdirýärler. 1958-nji ýylda ýazyjyny Nobel baýragyna dalaşgär saýlaýarlar. Ol iň mynasyby hasaplansa-da, baýrak döwrüň ýagdaýy sebäpli Pasternaga gowşurylýar.

Morawia 1990-njy ýylda aradan çykýar. Ol dünýeden öteninden soň hem täze hekaýalar ýygyndylary çap edilýär.