Ahmet Ýalçynkaýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

1963 ýylynyň Dekabr aýynda Giresunda dünýä indi. Başlangyç we orta mekdebi Federatiw Germaniýada, leseýi bolsa Stabulda gutardy. Bogaziçi Uniwersiteti, Stambul Tehniki Uniwersitesi, Anadoly Uniwersiteti we Rutgers Uniwersitetinde inźenerçilik, robotik, dolandyryş bilimi we işletme okady. Her dürli pudaklarda dolandyryjy bolup işledi. Özbegistandaky Namangan Inźenerçilik Mugallymçylyk Institutynda mugallym bolum zahmet çekdi. Gysgaja, Germaniỳada ulaldy, Türkiýede okady, Amerikada ýazdy we Özbegistanda işledi. Gysga bir wagt öň Türkiýä dolandy. Şu wagt tehniki pudakda dolandyryjy bolup işläp gelýär.

Iň başda “Mavera”, “Kırağı”, “Harman”, “Endülüs”, “Vahdet”, “Zaman”, “Al-Ahram Weekly”, “Impact”, “Das Licht” we “Yosh Kuch” ýaly, Türkiỳe, Germaniỳa, Angliỳa, Müsür we Özbegistanda çap edilen bir näçe gazet we źurnalda goşgy, makala, oçerk, hat, reportaź, terjime goşgy we terjime ýagzylary çap edildi. Dürli baýdaklara mynasyp boldy. Kırağı goşgy źurnalynyn Stambul wekilligini ýerine ýetirdi (1995-97). Endülüs źurnalynyň redaksiýon guramasynda ýer aldy (1997-98).

“Daglarda Yer Yok” (Osmaniye, 1997), “Yetim Galan Goşgular” (Stambul, 2001), “Yuragimning Ko'zyoshi” (Yüregimiň Göz ýaşy, Özbekçe saylanan goşgular, Daşkent, 2001) we “Özlem Sularında” (Saylanan goşgular, e-kitap, 2004, Morrisville, 2005) adly goşgy kitaplary, goşgy we terjime goşgularyndan ybarat bolan “Kanayan Coğrafyadan Damlayan” (Morrisville, 2006) we Richard Mildstone bilen bilälikde taýýarladygy “Poems of the Night” (Morrisville, 2005) adly goşgy antologiỳasy çap edildi. Munyň daşynda, tehniki pudakda taýýarlanan “Production and Utilization of Biogas” - "Biogaz Öndürilmegi we Ulanyşy ", (Taslama, Stambul, 1987, Morrisville, 2005) we “Dual Sanlaryn Robot Kinematiki we Dinamikasynda Ulanyşy” (dissertasiya, Stambul, 1991, Namangan, 2005) adly tehniki eserleri bardyr.

Daşary arabaglanşyk[düzet | çeşmäni düzet]