Abdyýewa Bahargül Gurbanmyradowna
Abdyýewa Bahargül Gurbanmyradowna | |
Doglan wagty we ýeri | 1974 Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Etrek şäherçesi |
---|---|
Milleti | Türkmen |
Bilimi | Ýokary |
Abdyýewa Bahargül Gurbanmyradowna - Türkmenistanyň öňki döwlet işgäri.
Doglan senesi we ýeri
[düzet | çeşmäni düzet]1974-nji ýylda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Etrek şäherçesinde doguldy. Milleti turkmen.
Bilimi we hünäri
[düzet | çeşmäni düzet]Ýokary bilimli. 1999-njy ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyny tamamlady. Hünäri boýunça dilçi we edebiyatçy, iňlis dili we edebiçaty mugallymy.
Zähmet ýoly
[düzet | çeşmäni düzet]Zähmet ýoluna 1991-nji ýylda «Başgaragumgurluşyk» trestiniň Abadan gurluşyk materiallary we konstruksiýalar kombinatynyň çagalar bagynda başlaýar.
1992-1994-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki «Abadan» halyçylyk kombinatynyň çagalar bagynyň terbiýeçisi bolup işleýär.
1994-1995-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň Abadan etrap häkimliginiň durmuş ykdysady üpjünçilik bölüminde dürli wezipelerde işledi.
1995-1999-njy ýyllarda Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili kafedrasynyň uly laboranty.
2007-2011-nji ýyllarda bu ýokary okuw mekdebiniň iňlis dili kafedrasynyň mugallymy.
2011-2014-nji ýyllarda Türkmen döwlet maliýe institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy, institutyň daşary ýurt dilleri kafedrasynyň uly mugallymy wezipelerinde işledi.
07.11.2014-01.12.2017-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary wezipesinde işledi.
01.12.2017-26.01.2018-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň medeniýet bölüminiň müdiri.
26.01.2018-04.07.2020-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary.
Çeşmeler
[düzet | çeşmäni düzet]- Döwlet Baştutanymyz uç wise-premýeri wezipä belledi[permanent dead link] //www.turkmenistan.gov.tm
Edebiýat
[düzet | çeşmäni düzet]- "Türkmenistan" gazeti, №24-25 (28961) 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-si, S.2.