Aşyrberdi Kürt
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
AŞYRBERDI KÜRT (1930-1997)
Türkmeniň meşhur satirik ýazyjysy Aşyrberdi Kürt 1930-njy ýylyň 15-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Bamy obasynda eneden dogulýar. Onuň kakasy demirýol işgäri bolan, ejesi bolsa ir ýogalan. Iki aýal dogan, iki erkek dogan bolup ýetim galan Aşyrberdi Kürt Bamy obasynyň köne demirýol orta mekdebinde bilim alýar. Soňra ol Aşgabadyň mugallymçylyk institutynyň Türkmen dili we edebiýaty bölümini tamamlaýar. Institut Mary şäherine göçürilendigi sebäpli, Marynyň mugallymçylyk institutynda mugallym bolup işleýär. Ondan soňra Moskwa aspirantura okuwa gidýär. Aspiranturada dissertasiýa gorap bilmeýär. Ol şol ýerde teatr institutynda mugallym bolup işleýär. Mundan başga-da „Izwestiýa“ gazetiniň habarçysy, SSSR-iň ýokary sowetinde terjimeçi bolup işleýär. 1960-njy ýyllarda Aşgabada dolanyp gelýär, „Naýza“ satiriki žurnalynyň baş redaktory wezipesinde işleýär. Birnäçe ýyllap „Ýaş kommunist“ gazetinde işleýär. „Nesil“ gazetiniň bolsa düýbüni tutanlaryň biri. Ol özüniň ýiti ýumora ýugrulan hekaýalary, ýumareskalary, felýetonlary bilen dürli metbugatlarda çykyş edip özüne giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazandy. Onuň eserleriniň köpüsi wäşi artistleriň sahna eserlerine öwrüldi. Aşyrberdi Kürt „Bir köpük“, „Üç şert“, „Saňa ýalan, maňa çyn“, „Biler bolsaňyz“, „Gaharlanmak gadagan“ ýaly ajaýyp kitaplaryň ýazary. Ol 1997-nji ýylyň 22-nji awgustynda aradan çykdy.
Bu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |