Mazmuna geçiň

Ак öý

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Ак öý

Ак öý - ýeňiljek, ýygnamagy aňsat we islendik howa şertlerine laýyk gelýän ak öýler Gündogar Ýewropanyň we Aziýanyň çarwa halkynyň arasynda biziň eýýamymyzyň birinji müň ýyllygyndan bäry meşhurdyr. Iki-üç müň ýylyň dowamynda döredilen ak öýler Gündogar Aziýadan Ýewropa çenli çarwa halkyň ajaýyp ýaşaýyş öýüdir. Ol häzirki wagtda Türkmenistanda ýaşamak üçin seýrek ulanylsa-da, ak öýler ilatyň köp böleginiň bu adaty däl öýlere wepaly bolup galýan Mongoliýa ýaly beýleki ýurtlarda heniz hem meşhurdyr. Ak öýler bu tegelek gurluşda bolup, onuň üçegi gümmez şekilindedir we islendik landşaft üçin amatlydyr. Bu ýygnama gurluş öňünden taýýarlanylýar we taýýarlamagy hem-de abatlamagy ýeňil bolan aýratyn böleklerden ybaratdyr. Ак öýleri çalt söküp-ýygnap bolýar we ony düýede ýa-da atlarda göçürip bolýar. Bu bolsa çopanlar mallaryny öri meýdanlara goýberenlerinde örän amatlydyr. Ak öýler gurluşynyň çeýeligi sebäpli seýsmiki nukdaýnazardan howpsuzdyr. Bu öýler howanyň we temperaturanyň üýtgäp durmagyna oňaýlydyr. Yssy howada öýleriň keçe tutulan diwarlary salkyn şemal çalar ýaly 50 sm ýokary galdyrylýar. Yssy howada diwarlardaky keçeleriň ýerine örülen gamyş tutýarlar. Bu bolsa howa akymynyň öýüň içinden geçip gitmegine şert döredýär we gyzgyndan hem-de tozandan goraýar. Şeýle hem tomsuna öýüň tüýnügi goşmaça howa akymynyň geçmegi üçin açyk goýulýar. Ak öýüň tüýnüginiň ýene-de bir aýratynlygy ondan öýüň içine ýagtylygyň düşmegidir. Ýagtylyk öýüň içine düşmek bilen, ol gün sagady ýaly öýüň içi boýunça geçýär. Bu ýagtylygyň kömegi bilen namaz okamagyň we naharlanmagyň wagtyny kesgitläpdirler. Sowuk howada esasy daşky keçeler öýüň aşagy bilen ýyly howany daşaryk goýbermezlik maksady bilen, aşak goýberilipdir: ojak ýyly saklanypdyr; onda nahar bişirilipdir; adaty günler nahar daşarda açyk howada taýýarlanylypdyr. Ak öýler, esasan, üç topara bölünýär: myhmanlary kabul etmek üçin niýetlenen esasy öýler - ölçegi boýunça uly bolupdyr hem-de owadan edilip bezelipdir. Ýaşamak üçin niýetlenen ak öýler - maşgala agzalarynyň 15-si ýerleşse-de, adatça, kiçiräk bolupdyr. Kiçi ölçegdäki öýler - wagtlaýyn öýler gerek bolanda, olary atda göçürmek üçin, meselem, çopanlar öz mallarynyň ýanyna ugranlarynda, oňaýly bolupdyr. Bu kiçi ölçegdäki öýler ammar hökmünde hem ulanylypdyr we esasy ak öýleriň ýanynda dikilipdir. Şeýle hem öýler ak öý ýa-da gara öý hökmünde bellidir. Öý täze keçe bilen örtülende ol ak reňkde bolýar, ýöne wagtyň geçmegi bilen ol tüsseden we gurumdan ýaňa ýa-da howanyň täsir etmegi netijesinde başdaky reňkini üýtgedýär. Ak öýleriň gurluşynyň esasy iki görnüşi - türk we mongol görnüşi bolýar. Bu iki görnüşiň esasy aýratynlygy üçekde ulanylýan direglerdir. Türk ak öýlerinde üçegi berkitmek üçin egreldilen agaçlar ulanylypdyr. Oňa bu görnüşi buguň kömegi bilen beripdirler, soňra bolsa gümmez görnüşine getiripdirler. Mongol ak öýlerinde göni agaçlar ulanylypdyr. Bu bolsa üçege ýapgyt eňňidi beripdir. Gümmez görnüşindäki üçek ak öýüň içine ginişlik beripdir. Türk görnüşindaki ak öýleri türkmenler, gyrgyzlar, gazaklar we garagalpaklar ulanypdyrlar. Mongol ak öýleri Mongoliýanyň, Burýatiýanyň we Tibetiň çarwa halklarynyň arasynda meşhurlyga eýe bolupdyr.

Ak öýleriň gurluşy

[düzet | çeşmäni düzet]

Ak öýleri birnäçe tapgyrda ýygnapdyrlar. Ak öýi gurmak üçin amatly ýer saýlanyp alnandan soňra, öýüň içki bölegi boljak ýere maşgalanyň goşlary goýlupdyr. Ak öý gurlanda ýeliň, esasan, öwüsýän ugry göz öňünde tutulypdyr. Ak öýüň günorta tarapyndan gapynyň çarçuwasy goýlupdyr. Ýerli söwüt agajyndan taýýarlanylan aýratyn gözenek-gözenek ýasy agaçlary düýe ýa-da goýnuň ýüňünden örülen ýüp bilen daňypdyrlar. Ak öýüň diwarlaryna uly bolmadyk halyçalary (keçeleri) belli-bir tertipde günorta-günbatardan günorta- gündogara ýerleşdiripdirler. Iň gowy halyçalary ak öýüň hormatly ýerine - tore düşäpdirler. Ak öýlere mahsus bolan gümmez görnüşindäki üçekler egri agaçlardan ýasapdyrlar. Olar gözenek-gözenek görnüşde bolupdyr hem-de üçegiň merkezinde agaçdan ýasalan "tigir" bilen saklanypdyr. Şeýle hem bu ak öýüň ýokarsynda tomsuň yssy günlerinde tüssäniň çykmagyny we howanyň çalyşmagyny üpjün edýän deşigi, ýagny tüýnügi goýmaga mümkinçilik beripdir. Gyş aýlarynda tüýnügi galyň keçe bilen ýapypdyrlar. Gerek bolan mahalynda bu keçe serpilipdir. Ак öýleri daş ýüzünden ýasy zolak görnüşinde dokalan "öý ýüp" diýip atlandyrylýan mata bilen bezäpdirler. Şeýle hem ol keçe örtügini saklamak üçin ulanylypdyr, öý ýüpiň uzynlygy 10 metrden 15 metre çenli we ini 20 sm-den 40 santimetre çenli bolupdyr. Olar о diýen bezelmedik bolsalar-da, ak öýe owadan görnüşi beripdir. Şeýle hem bu ýüp durmuşy alamatlandyrypdyr. Aк öýleriň biline çekilýän birnäçe öý ýüpler, aýratyn hem, olary toý ak öýlerini bezemek üçin ulananlarynda, örän owadan edip bezäpdirler; köplenç, ýüň bilen bir hatarda, olara ýüpek sapagyny garyp dokapdyrlar. Şeýle-de olara halylaryň nagşy dokalypdyr we açyk reňkler ulanylypdyr. Käwagtlar öý ýüpler ak öýleriň içki bezegi üçin hem ulanylypdyr.

Faýl:Işik.png
Işik

Işik ak öýleriň girelgesidir. Ol eňsi halysy bilen örtülipdir, bu ak öýleri tozandan, yssydan, sowukdan, ýelden we ýagyşdan gorapdyr. Şeýle hem bu haly howpdan we betbagtçylykdan goraýan doga-tumar hökmünde hem hyzmat edipdir. Türkmen halysyna mahsus bolan in çylşyrymly göller oňa mahsusdyr. Halynyň owadan dokalan ýüzi ak öýüň içine bakýar. Bu bolsa ynsanyň ýagşylygy we kämilligi gözleýändigini alamatlandyrypdyr. Eňsi halysy örän syk dokalýar. Onuň her bir inedördül metrinde 500-e çenli çitim bolýar. Merkezi gönüburçluk meýdany älemiň dört tarapyny beýan edýän dört bölege bölünendir. Şeýle hem onuň ýokarky we aşaky bölegi diametr boýunça bölünendir. Bu bolsa asman ulgamyny we Ýeri alamatlandyrýar. Eňsi halysyna dokalan gölleriň we şekilleriň köpüsi ömür daragtyny we günebakary goşmak bilen hasyllylyk düşünjesi bilen baglydyr. Onuň gyralary, köplenç, üzüm ýapragynyň şekili bilen bezelýär, gölleriň birnäçesi bolsa, ýaz ýagşynyň ýagmagyny dileýän we bol hasyl bolmagyna çagyrýan göller bolup hyzmat edýär. Eňsi halysynyň ýokary gyrasy metjitlerdäki namazlygyň duga görnüşli mährabyny alamatlandyrýar. Ak öý bilen bagly däp-dessurlaryň we dini ynançlaryň birnäçesi bar. Işik mukaddes hasaplanyp, onuň üstünde durmak ýa-da oturmak bolmaýar. Türkmenleriň gadymy ata-babalary "Meniň işigim - meniň mukaddesligim" diýipdirler; işige doga hökmünde, köplenç, atyň naly kakylypdyr.Adamlar ak öýlere girenlerinde onuň içinde adam bardygyna ýa-da ýokdugyna garamazdan, salam berip giripdirler. Şeýle hem gadymy yrymlara görä, ak öýüň ortasyndaky ojaga sežde edilipdir, gelin bolsa adamsynyň öýüne girende, ilki bilen ojaga salam beripdir.

Ak öýleriň içi

[düzet | çeşmäni düzet]
Faýl:Ak öýleriň içi.png
Ak öýleriň içi

Ak öýler gurlanda ynsan bilen tebigatyň arasyndaky aragatnaşyk beýan ediler ýaly gurlupdyr. Ak öýlere gireniňde, ol älemiň iki taraplydygyny alamatlandyrmak bilen, ikä bölünýär. Erkek adamlar öýüň günbatar tarapynda, zenanlar bolsa - gündogar tarapynda ýaşapdyrlar. Ojak ýerde - merkezde ýerleşipdir. Işigiň gabadyndaky ýer tor hökmünde meşhurdyr, bu ak öýdäki hormatly ýerdir. Ol ýerde maşgala başy, şeýle hem hormatly myhmanlar oturyp bilipdir. Halylar ak öýüň içinde dürli maksatlar üçin ulanylypdyr. Diwarlar, köplenç, goşmaça gorag üçin haly bilen örtülipdir, şeýle-de halylar ýere düşelipdir. Diwardan haly ýantorbalary asylypdyr; olaryň her biri aýratyn zada niýetlenilipdir. Uly ölçegdäki torbalarda geýim-gejim saklanypdyr, iýmitler we öý goşlary üçin hem torbalar bolupdyr. Olaryň birnäçesinde senetçilik üçin gurallary saklapdyrlar. Şeýle hem pul we gymmat bahaly şaý-sepleri saklamak üçin uly bolmadyk torbalar bolupdyr. Haly önümleriniň ýüzden gowrak görnüşi bolupdyr we olaryň her biri kesgitli görnüşde we suratda bolupdyr; her bir haly hökmany suratda reňkli seçek bilen tamamlanypdyr. "Çemçetorba" çemçeleri saklamak üçin ulanylypdyr. "Duztorbada" duz, "attorbada" bolsa, iým saklanypdyr, çopanlar "çopantorbany" ulanypdyrlar. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýaşamak üçin ulanylan ak öýler seýrek duş gelse-de, olary toy tutulanda, milli baýramçylyklar geçirilende görmek bolýar. Adatça, ak öýler howlynyň içinde jaýlaryň arkasynda ýa-da baglarda gurulýar. Maşgalalar häzire çenli onuň amatlyklaryndan lezzet alýarlar. Aşgabatdaky Turkmen halysynyň muzeýinde ajaýyp ak öýler we ak öýlerde ulanylýan dürli haly önümleri ýerleşdirilipdir. Aşgabatdaky Döwlet muzeýi hem ak öýlerdäki we onuň töweregindäki durmuş barada köp maglumatlara we artefaktlara eýedir.

  • Laçyn žurnaly, Türkmenhowayollary Bort bukleti, #4, 2013, 10-22sah.